Dünýä dillerini öwrenmek zehinli ýaşlarymyzy kämil hünärmenler bolmaklaryna oňyn täsir edýär
Pähimdar ata-babalarymyz ylym-bilime, ýaşlaryň terbiýesine aýratyn üns beripdirler. Bu babatda ene dilini kämil bilmeklerini hem-de dil öwrenmeklerini, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny gazanypdyrlar. Häzirki döwürde ylym-bilim döwrebap ösdürilýär, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şunda dil öwrenmek, dünýä edebiýatyndan habarly bolmak möhümdir. Şeýle bolansoň, zehinli ýaşlarymyz dünýä dillerindäki kitaplary okap, özleşdirýärler. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolmaklaryna oňyn täsir edýär.
Häzirki ýaşlarymyza dünýä dilleri bilen bir hatarda, ene dilimiziň söz baýlygyny ýazuw düzgünlerini öwredilýär. Pähimdar pederlerimiz hem «Edep başy — dil» diýip, parasatly belläpdirler. Diýmek, dil bilmek, ene diliň baýlyklaryndan ýerlikli peýdalanmak edepliligiň, medeniýetliligiň gözbaşy hasaplanýar. Şonuň üçin hem gadymdan gelýän dilimiziň baýlyklaryny, many-mazmunyny ýaş nesillere öwretmek mukaddes ýörelgeleriň biridir. Bu asylly işe her birimiz öz goşandymyzy goşmalydyrys.
Ösüp gelýän ýaşlarymyza ene dilimiz bilen birlikde daşary ýurt dilleri hem öwredilýär. Iňlis dili sapagynda häzirki döwrüň usulyýeti iň kämil derejede ulanylýar. Esasan hem, daşary ýurt dillerini öwretmekde ösen tehnologiýalar, kompýuter programmalary, audio we wideo ýazgylar işjeň ulanylýar.
Umumybilim edaralarynda okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmegiň hem birnäçe ugurlary bar. Şeýle ugurlar, usullar mugallymlar tarapyndan hem içgin öwrenilýär, açyk sapaklarda birek-birek bilen tejribe alşylýar. Munuň özi daşary ýurt dillerini okuwçylara öwretmekde täze mümkinçilikleri döredýär.
Eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimize aýratyn üns berilýär, olaryň sagdyn ösmegi, kämil bilim almagy baş alada bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda rus, iňlis, nemes, fransuz we beýleki dilleri öwrenmäge hem giň mümkinçilikler döredilýär. Her bir ene-ata öz islegine görä, çagasyna haýsy dili öwretjek bolsa, saýlap alýar. Netijede çaganyň dil taýýarlygy örän ir döwürden kämilleşip başlaýar, daşary ýurt dilleri barada oňat düşünjeler kemala gelýär. Ýaşlykda berlen bilim bolsa, edil daşa ýazylan ýaly, çaganyň aňynda berk ornaşýar. Şonuň üçin hem ene-atalar mugallymlar bilen maslahatlaşyp, çagalaryň bilimini ösdürmäge öz goşantlaryny goşýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bilim öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Şeýle ajaýyp şertlerde okap bilim aljak ýaşlarymyz ýurdumyzyň geljegidir.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.