«Türkmennebit» we «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygy 2035-nji ýyla çenli uzaltdylar

Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Nebit-gaz toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrmak bilen ýurdumyz dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr. Munuň şeýledigine 30-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda geçirilen «Türkmennebit» Döwlet konserniniň hem-de we «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygy 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak hakynda şertnama gol çekmek dabarasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Ozal «Dragonoil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasy bilen Önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşyga 2000-nji ýylyň 1-nji maýynda 25 ýyl möhlet bilen gol çekilipdi, onuň möhleti 2025-nji ýylyň 1-nji maýynda tamamlanýar. .
«Dragon oil» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Al Jarwanyň gol çekmek dabarasynyň barşynda belleýşi ýaly, täze Ylalaşyga laýyklykda kompaniýa 2025-2035-nji ýyllarda uly möçberde maýa goýmagy maksat edinýär, bu bolsa çig nebitiň goşmaça çykarylýan mukdaryny artdyrmaga ýardam eder.
«Türkmennebit» Döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak we gaýtadan işlemek, şeýle hem türkmen energiýa serişdeleriniň hem-de taýýar nebit we gazhimiýa önümleriniň eksportyny artdyrmak boýunça ýurdumyzyň ýanyç-energetika toplumynyň öňünde goýan wezipelerini çözmekde gol çekilen Ylalaşygyň ähniýetini belledi.
Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda geljek 10 ýylyň dowamynda Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyny, hususan-da “Çeleken” şertnamalaýyn çäkde ýataklary özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmak göz öňünde tutulýar. Häzir bu ÖPY-niň çäklerinde «Jeýtun» we «Jygalybeg» nebit-gaz ýataklaryny işläp taýýarlamak «Dragon oil» kompaniýasynyň esasy işi bolup durýar, bu ýerde kompaniýa 2000-nji ýylyň maýyndan bäri işleýär hem-de şu döwrüň içinde ABŞ-nyň 8 milliard dollaryndan gowrak maýa goýdy.
«Açyk gapylar» syýasaty netijesinde Türkmenistanda daşary ýurtly işewürler üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny üpjün edýän ykdysady we hukuk şertleri döredildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş görnüşinde we beýleki ýeňillikler berilýär.
Daşary ýurtly maýadarlaryň bähbitleri, öz nobatynda, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy serişdeleriniň, eksport we üstaşyr mümkinçilikleriniň bolmagy, onuň batly depginler bilen senagatlaşdyrylmagy we ösýän bazary bilen şertlendirilendir. Netijede türkmen ykdysadyýetine goýulýan daşary ýurt maýalarynyň paýy ýylsaýyn artýar.
Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň hem-de baş edara binasy Dubaý şäherinde ýerleşen «Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd.» (BAE) kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň baý tejribesini görkezmek bolar.
Kompaniýa Hazaryň türkmen böleginde eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär. 2000-nji ýylda degişli ygtyýarnamany almak bilen, kompaniýa «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde önümleri paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň (ÖPY) şertlerinde uglewodorod çig malyny gazyp almaga girişdi. Geçen döwrüň içinde «Jeýtun» we «Jygalybeg» nebit-gaz ýataklarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça işleriň uly möçberi ýerine ýetirildi.
Hususan-da, bu ýerde hereket edýän ulanyş deňiz stasionar platformalarynyň durky täzelenildi hem-de täzeleriniň 5-si, ulgamlaýyn platformalaryň 3-si we ýaşaýyş toplumlarynyň 2-si guruldy. Täze guýularyň onlarçasy ulanmaga berildi. Buraw işlerinde «ELIMA», «NEPTUNE» we «Caspian Driller» ýüküni özi göterýän desgalar, şeýle hem deňiz stasionar platformalarynda gurnalan «SAKSON» we «NIS» desgalary ulanylýar.
Bulardan başga-da, nebiti toplumlaýyn taýýarlaýan we akdyrýan bölüm, çig maly saklamak üçin umumy göwrümi 1,8 million barrele deň bolan çelekleriň 14-si, mehaniki ussahanalar gurlup, olarda awtoulaglar, traktorlar, ýük göteriji tehnikalar we nebit enjamlary abatlanýar. Deňiz suwuny süýjediji we beýleki desgalar bina edildi.
«Alaja» nebit guýulýan nokatda goşmaça nebit ammarlaryny we ýangyç geçirijileri gurmagyň hasabyna tankerleriň ikisine birwagtda ýük ýüklemek mümkinçiligi döredi, bu bolsa, kompaniýanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy.
Umuman, bularyň hemmesi ýataklaryň özleşdirilmegini ep-esli çaltlandyrmaga, uglewodorodlaryň gije-gündiziň dowamynda çykarylyşyny ortaça 10 esseden hem gowrak artdyrmaga — 2000-nji ýylda bir gije-gündizde 7 müň barrelden 80 müň barrele ýetirmäge mümkinçilik berdi. Bu guýularyň 17-siniň (Jygalybeg ýatagynda 5-siniň hem-de Jeýtun ýatagynda 12-siniň) burawlanmagy netijesinde gazanyldy. Şeýle hem guýularyň 6-sy düýpli abatlanyldy. Häzirki wagtda guýularyň ýene-de 3-si burawlanylýar. Kompaniýanyň Direktorlar geňeşi 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda nebit çykarmagyň durnukly derejesini bir gije-gündizde 100 000 barrel derejesinde üpjün etmegi maksat edip goýdy.
Durmuş taýdan jogapkär hyzmatdaş nukdaýnazaryndan iş alyp barmak «Dragon Oýl» kompaniýasynyň esasy wezipeleriniň biridir. Häzir onuň desgalarynda 2200-den gowrak adam zähmet çekip, olaryň 90 göterimden gowragy Türkmenistanyň raýatlarydyr. Kompaniýa ýerli işgärlere bilim bermek we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksatnamalaryna maýa goýmak bilen, hünär taýdan ösmegi, döwrebap bilimleri we tejribe almagy üçin türkmen hünärmenleriniň öňünde täze gözýetimleri açýar.
2005-nji ýyldan başlap, «Dragon Oýl» kompaniýasy bilimi, medeniýeti, sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen durmuş maksatnamalarynyň 250-den gowragyny goldady.
Bularyň hemmesi daşary ýurt işewürleriniň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini we oňa taýýardygyny aýdyň görkezýär, bu bolsa, ygtybarly, durnukly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde biziň ýurdumyza bildirilýän ynamy aňladýar. Nebit-gaz ulgamynda amala aşyrylýan halkara taslamalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilendir.
Ussa Ussaýew,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi
4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.

Aşgabatda Türkmenistanyň ýaş ekologiýaçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlendi
Aşgabadyň “Şamelek” toý mekanynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” DK-a uglewodorod serişdeleriniň gözlegini netijeli dowam etmegi tabşyrdy
23-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Hökümet mejlisinde gaz pudagynda sanlylaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy
17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Sagdyn jemgyýet — sagdyn durmuş
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň guramaçylygynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly maslahata toplumyň düzümlerinde zähmet çekýän işgärleridir hünärmenleri gatnaşdy.