Makalalar

Musulman dünýäsiniň mukaddes baýramy

https://ussatnews.com/storage/posts/3903/original-162cc3c7df2bf5.jpeg

Musulman dünýäsinde belli baýramlaryň içinde iki sany baýram iň uly baýramçylyk hasaplanýar. Olaryň biri “Оraza” baýramy, ikinjisi bolsa “Gurban” baýramydyr. Bu baýram Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň döwründen bäri dowam edip gelýän dessur bolup, Baýram aýynyň 10-12-si aralygynda geçirilýär. Bu baýramyň esasy ybadatlary baýram namazyny okamak hem-de gurbanlyk çalmakdyr.

Gurbanlykda çalynýan mal düýe ýa-da sygyr bolsa bir adamdan başlap ýedi adama çenli şärik bolmagy, goýun ýa-da geçi bolsa bir adamyň gurbanlygy üçin dürs hasaplanýar. Şeýle-de, çalynjak düýäniň bäş ýaşy, sygyryň iki ýaşy, goýun we geçiniň bolsa bir ýaşy dolan bolmagy şert edilýär. Gurbanlyga niýetlenen malyň sagdyn, hemme agzalary ýerinde bolmagy hem-de gaty hor bolmazlygy möhümdir.

Muhammet Pygamberimiz aleýhissalam köplenç öz gurbanlygyny özi çalar eken we gurbanlygyň etini üç bölege bölmekligi ündäpdir. Onuň birinji bölegini maşgala agzalaryň bilen iýmeli, ikinji bölegini dogan-garyndaşlaryňa paýlamaly hem-de üçünji bölegi zerur adamlara berilse sogap bolýar.

Gurban baýramynda esasy ybadatlaryň biri baýram namazydyr. Ol merkezi metjitlerde baş ymam bilen bilelikde okalýar. Şondan soňra bolsa ymam wagyz-nesihat edip gurbanlyk we onuň düzgünleri barada düşündiriş berýär. Bu baýramçylyk adamlary ynsanperwerlige, birek-biregi sylamaklyga, hoşniýetli gatnaşykda bolmaga, mätäje kömek etmäge ýakynlaşdyrýar.

Gurban aýy iň mertebeli, amallary has sogaply aýlaryň biridir. Onuň ilkinji on güni has-da haýyrly hasaplanýar. Bu hakda «Allatagala ybadat etmek üçin günleriň içinde iň sogaplysy Gurban aýynyň (Zülhijjäniň) ilkinji on günüdir. Her gününiň orazasy bir ýylky Oraza, her gijeki ybadaty Gadyr gijesiniň ybadatyna barabardyr» diýlip, Pygamber alaýhyssalamyň hadyslarynda beýan edilýär.

Muhammet GARYPOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.