Makalalar

In uly aýlaglar

https://ussatnews.com/storage/posts/3940/original-162d2b21b39952.jpeg

Üç ýany gury ýer bilen gurşalan, bir ýany deňiz we umman suwlaryna birleşýän aýlaglar tebigy täsinlikleri, goýnunda jemlenýän baýlyklary bilen meşhurdyrlar. Kähalatlarda olar öz ýanaşýan deňizleriniň we ummanlarynyň iň naýbaşy baýlyklaryny gizläp goýýan ätiýaçlyk ammarlaryna çalym edýärler.

Ylmy hasaplamalar umumy tutýan meýdany million inedördül kilometrden geçýän has uly aýlaglaryň birnäçesini belleýärler. Olaryň biri 2 million 172 müň inedördül kilometr meýdana ýaýlyp gidýän Bengal aýlagydyr. 01 Hindistanyň, Bangladeşiň, Mýanmanyň we Şri-Lankanyň kenarlaryny ýuwup, Ýuwaş ummanyna birikýär. Onuň çuňlugy hem 2 müň 600 metre barabardyr.

1 million 555 müň inedördül kilometr meýdany tutýan Meksika aýlagy hem iň uly aýlaglaryň sanawyna girýär. Ol demirgazyk- günbatarda, demirgazykda we gündogarda ABŞ, günortada we günorta-günbatarda Meksika, şeýle hem Kuba adasy bilen araçäkleşýär. Ol Atlantik ummanynyň günbatar bölegindäki içerki deňiz hasap edilýär. Aýlagyň kenarlarynyň ýyly howasy bu ýerde syýahatçylygyň rowaçlanmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle hem bu ýerde nebit gazyp almak ösen ugurlaryň biridir.

Uly Awstraliýa aýlagy Hindi ummanyna birleşýän açyk aýlag hasap edilýär. 01 1 million 335 müň inedördül kilometr meýdany eýeleýär. Onuň iň çuň ýeri 5 müň 670 metre ýetýär.

Alýaska aýlagy 1 million 327 müň inedördül kilometr meýdana ýaýylýar. 01 Ýuwaş ummanyna birleşýän, Alýaska ýarymadasy, Kodýak adasy we Aleksandr arhipelagy bilen araçäkleşýär.

Aýgözel ATAÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.