Ösýän himiýa senagatymyz
Ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösüşleri, esasan, Garaşsyzlyk döwrümizde ýokary basgançaklara çykdy diýip aýtmak bolar. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyz Türkmenistany çig mal binýady bolanlygyndan kuwwatly gaýtadan işleýän senagat döwletine öwürmekde düýpli täsir etdi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň himiýa senagaty köpugurlydyr. Muňa nebit we gaz çig malyny gaýtadan işlemek, tebigy ýody çykarmak we gaýtadan işlemek ýaly ugurlary görkezmek bolar.
Garaşsyzlyk ýyllarymyzda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy özüniň önümçilik ugurlaryny giň gerimlerde ösdürdi. Onda nebit çig malyndan dürli ýangyç we çalgy ýaglaryny öndürýän zawodlar bilen birlikde tebigy ýod çig malyny gaýtadan işlemek, polietileni we polipropileni öndürýän zawodlar döredildi. Zawodlar toplumynyň öndürýän bu ýokary hilli önümleri dünýä bazarlarynda geçginli harytlara öwrüldi. Şeýle-de, soňky ýyllaryň dowamynda polietilen we polipropilen önümlerini tebigy gazdan almak tehnologiýasy üstünlikli ýola goýuldy. Muňa Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesiniň çäginde gurlan Polimer zawodyny mysal getirmek bolar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Munuň özi ýurdumyza gazy tebigy görnüşinde diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak bilen bir hatarda ondan gaýtadan işlenen senagat önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Öňde agzalan Polimer zawodynda tebigy gazdan polietilen we polipropilen gerdejikleri öndürilip, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sarp edijilerine ugradylýar.
Ýurdumyzda şular ýaly zawoddyr kärhanalaryň gurulýan halatynda häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýasynyň iň täze gazananlaryna daýanylýandygyny hem bellemelidir. Bu gurulýan zawod-kärhanalarda dowam edýän önümçilikde ekologiýanyň we daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, çig malyň sarp edilişinde tygşytlylyk talaplarynyň hem ýokary derejde berjaý edilýändigi buýsançly ýagdaýdyr. Ady agzalan Polimer zawodynda tebigy gazdan polietileniň we polipropileniň gerekli düzümleri alnandan soň, gazyň artyk mukdary ýene-de gaz akdyryjy desga gaýtarylýar.
Ösýän himiýa senagaty ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda hem özüniň mynasyp şöhlelenmesini tapýar. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda gurlan ýod zawody muňa aýdyň mysaldyr. Bu zawodda öndürilýän ýod taýajyklary we ýod galamjyklary dünýä ýurtlarynda iň geçdinli we uly islegden peýdalanýan harytlardyr.
Ýakup TAÝLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.