Milli maýa goýum syýasaty
Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet maýa goýum syýasaty yzygiderli ösüşlere eýe bolýar. Ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýum çekilmegi halk hojalygyna bazar gurallaryny yzygiderli ornaşdyrmaga, her bir ulgamda okgunly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
Horatly Prezidentimiziň başda durmagynda we gös-göni gözegçilik etmeginde alnyp barylýan döwlet maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak ýaly asylly maksatlary özünde jemleýär. Önümçilik we durmuş maksatly ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlary döwlet we halkara derejesinde iri taslamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda içerki we daaşry ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna ähli pudaklarda täze önümçilik desgalary gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň önüm berijiligi we öndürýän önüminiň hili ýurdumyzyň eksport kuwwatlylygyny artdyryp, goýlan maýa goýumlarynyň öz bellenilen möhletlerinde özüni ödemegine we giren girdejileriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyna şert döredýär. Bu ýagdaý nebit we gazhimiýa önümleri babatda hem, azyk we dokma, gurluşyk önümçiligi, dokma senagaty barada aýdylanynda hem şeýledir. Türkmenistan döwletimiz saglygy goraýyş maksatly harytlary dünýäniň bu ugurda ösen ýurtlaryndan satyn alýar. Şunuň bilen birlikde hem milli derman senagatynyň ösüşleriniň hasabyna özümizde dünýä talaplaryna laýyk gelýän derman önümlerini, sargy serişdelerini we beýleki önümleri öndürýän we dünýä ýurtlaryna eksport edýän milli derman senagatyna eýedir.
Bu ösüp ýetilýän belent derejelerde Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän oýlanyşykly döwlet maýa goýum syýasatynyň möhüm orny bardyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we üstümizdäki ýylda kabul edilen 30 ýyllyk Maksatnamanyň esasynda, ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak işleri mundan beýläk-de dowam etdiriler. Bu Maksatnamalaryň mazmunynda ýurdumyzda ýokary maýa goýum işjeňliginiň we innowasion ösüşi dowam etdirmegiň hasabyna önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak wezipesiniň bardygyny belläp geçmek bolar. Şonuň netiseginde ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryna düýpli maýa goýumlarynyň goýulmagayny ýokary depginlerde dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.
Kakabaý KAKABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.