Makalalar

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy dostlukly döwletleriň bähbidine gönükdirilendir

https://ussatnews.com/storage/posts/3950/original-162d403338d64f.jpeg

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gadymy Lebap topragynyň Farap etrabyndaky «Gadyn» gaz käninde «Internasional Ltd» Hytaý milli nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň (CNPCIT) hünärmenleriniň täze gaz ýygnaýjy bekedi işe girizmegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi.

Geçen döwürden bäri Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda döwletara we hökümetara gatnaşyklarynyň netijesinde deňhukuklylyk, özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan taraplara peýdaly hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine işjeň ösdürilýär.

2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Jarnama gol çekilip, döwletara gatnaşyklarynyň täze, ýokary derejesine çykyldy. Ýurdumyzda ygtybarly hyzmatdaş Hytaýyň öz maýadarlarynyň gatnaşmagynda onlarça kärhanalar guruldy we düýpli gurluşyk işleri häzirki wagtda hem dowam etdirilýär, Hytaý Halk Respublikasynyň hünärmenleri Günbatar Türkmenistanda nebit ýataklaryny özleşdirmäge gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň hem-de HHR-niň arasyndaky nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, hususan hem, türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksport edilmegi bilen baglydyr. Köpugurly geçiriji ulgamy döretmegiň hasabyna türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara ugratmak dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň strategik ugry bolup durýar.

Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üstünlikli işlemegi munuň aýdyň mysalydyr.

Häzirki wagtda bu gaz geçirijiniň çig mal binýady berkidilýär, onuň gurulmagy anyk netijäni ugur edinýän uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär. Mysal üçin, «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde täze ýataklar tapgyrma-tapgyr işe girizilýär, bu ýerde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň şertlerinde gözleg, gurluşyk we işläp taýýarlamak işlerini amala aşyrýar. Amyderýanyň sag kenarynda geçirilen seýsmiki barlaglar, gözleg we ulanyş guýularynyň burawlanmagy bu ýerde gazyň uly gorlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.

Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň ykdysadyýetine möhüm maýa goýujydyr. Hytaýyň 30-a golaý kärhanasy ýurdumyzda ykdysady işleri alyp barýar. Maýa goýumlarynyň ep-esli bölegi nebitgaz we magdançylyk pudagyna goýlandyr.

2002-nji ýyldan bäri Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy «Bagtyýarlyk» taslamasy boýunça nebitgaz ýurdy bolan Türkmenistanda iş alyp barýar. Bu kompaniýa «Galkynyş» ýatagyny senagat taýdan ösdürmek bilen meşgullanýar (ýatagyň ösüşini maliýeleşdirmek, hususan-da, gaz geçirijileriniň, gaz arassalaýjy desgalaryň gurluşygy, zerur infrastruktura Hytaý döwlet banky tarapyndan amala aşyrylýar). Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşen iri «Malaý» gaz ýatagyndan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý halkara gaz geçirijisine gymmatly energetika çig malynyň milliardlarça kubmetri baryp gowuşýar.

Lebap welaýatynyň «Malaý» gaz ýatagynda täze gaz kompressor stansiýasynyň işe girizilmegi geçen 2021-nji ýylyň möhüm wakasyna öwrüldi. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi gözbaşyny şol ýerden alýar. Kuwwaty ýylda tebigy gazyň 30 milliard kubmetrine deň bolan täze beket iki sehden ybarat. Olaryň birinjisiniň wezipesi «Malaý» ýatagyny doly özleşdirmek bolup durýar. Ikinji seh «Galkynyş» we «Döwletabat» ýataklarynyň gazyny ýokary basyş bilen Malaý-Bagtyýarlyk gaz geçirijisine akdyrmak üçin niýetlenendir.

Geçen aýda «Gadyn» gaz känindäki täze gurlan gaz ýygnaýjy bekediň işe girizilmegi döwrebap desgalaryň üstüni ýetirdi. «Bagtyýarlyk» ylalaşyk meýdançasynyň günbatar böleginiň B blogunda gaz känleriniň 6-sy bolup, olar Kiştiwan, Günbatar Kiştiwan, Gadyn, Eljik, Gündogar Eljik gaz känleridir. Alty sany gaz känlerindäki önümli guýularyň ýyllyk kuwwaty 1,8 milliard kubmetre deňdir.

Şu känler boýunça täze gurlan «Gadyn» baş gaz ýygnaýjy bekediniň umumy bahasy 280 million amerikan dollary möçberinde bolup, 38 gektar meýdany eýeleýär. Daşary ýurtlara gazyň eksportyny artdyrmaga ýardam etjek täze gaz ýygnaýjy bekedi 200 adamy iş bilen üpjün edýär. Munuň özi halkymyzy iş bilen üpjün etmekde alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Täze desganyň ýangyn howpsuzlyk, gazdan halas ediş, suw üpjünçilik binalary we beýleki kömekçi desgalary bar. Känlerden gelýän çig tebigy gaz deslapky taýýarlyk üçin «Gadyn» gaz taýýarlaýjy bekedinden geçirilýär. Bekediň tebigy gaz taýýarlaýjy desgasynyň kuwwatlygy bir gije-gündiziň dowamynda 5,5 mln m3 deň bolup, desgada gazyň düzümindäki suwy we gaz kondensatyny bölüp aýryjy döwrebap enjamlar gurnalan. Çig tebigy gaz «Gadyn» gaz käninde taýýarlaýyşdan geçenden soňra «Bagtyýarlyk» ylalaşyk meýdançasynyň gaz gysyjy desgasyna akdyrylýar we daşary ýurtlara eksport edilýär.

Ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi — Türkmenistandan Hytaýa «mawy ýangyjy» akdyrýan halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de tagallalary netijeli utgaşdyrmagyň aýdyň mysallarydyr. Geljekde-de uzakmöhletleýin we birek-birege hormat goýmak esasynda köpasyrlyk türkmen-hytaý dostlukly hyzmatdaşlyk esasynda gatnaşyklar yzygiderli berkidiler.

Mämmet MÄMMEDOW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.