Makalalar

Binýatlyk toplumdaky buýsançly işler

https://ussatnews.com/storage/posts/3956/original-162d654cac6560.jpeg

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet derejesindäki geçirýän mejlislerinde, maslahatlarynda edýän çuň many-mazmunly we maksatnamalaýyn çykyşlarynda, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde, şonuň netijesinde-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ýangyç-energetika toplumynda bitirilýän tutumly işlere mynasyp baha bermek bilen, bu ulgamda gazanylýan üstünlikleriň öz döwrebap dowamyny tapmagy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýar.

Arkadagly Serdarymyz ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şonuň bilen birlikde-de, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmagy we çykarmagy, täze ýataklary özleşdirmegi, uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmegi, türkmen energiýa serişdelerini täze geçirijiler arkaly daşary ýurtlara ibermegi diwersifikasiýa ýoly bilen dowam etmegi baş wezipe hökmünde öňe sürýär. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň anyk ýollaryny kesgitleýär. Täze, geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary özleşdirmek, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işlerini işjeňleşdirmek, bu topluma döwrebap tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak şol belent wezipeleriň hataryna girýär.

Şol wezipeleriň toplumlaýyn çözgüdini üpjün etmekde bu ulgamyň iň iri önümçilik-hojalyk düzümi bolup durýan «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça Diýarymyzyň günbatar sebitinde bitirilýän işler barha giň gerime eýe bolýar. Nebiti, tebigy gazy we ugurdaş gazlary, gaz kondensatyny çykarmagy, gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamagy, ýangyç çig mallaryny turbageçirijiler arkaly ibermegi, gaz gysyjy we saýlaýjy desgalary gurmagy, abadanlaşdyrmagy, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmagy üpjün edýän kärhanalaryň onlarçasyny özünde jemleýän konsern boýunça «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen ýanwar-iýun aýlarynda zemin jümmüşinden alnan «gara altynyňdyr» «mawy ýangyjyň möçberleri degişlilikde 1 million 802 müň tonna we 2,3 milliard kubmetre golaýlady. Bu görkezijiler geçen alty aý üçin bellenilen meýilnamalaryň degişlilikde 100,7 göterime we 116 göterime golaý berjaý edilendiginden habar berýär. Hereket edýän guýulardan «gara altyn» almakda «Nebitdagnebit», «Gumdagnebit» we «Keýmir» nebitgaz çykaryş, «mawy ýangyç» almakda «Körpeje» gaz çykaryş müdirlikleriniň zähmet toparlary has göreldeli işleri bitiripdirler. Şu döwürde hereket edýän guýulardan alnan nebit çig malyny Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýjilere ibermegiň meýilnamasy bolsa 103,3 göterim berjaý edildi. Geçen hasabat döwründe ýurdumyzyň günbatar sebitindäki ýataklardan alnan tebigy gazyň möçberiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 46,3 milliard kubmetrden köp bolandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Häzirki zaman dünýäsiniň has kämil we kuwwatly buraw desgalaryna eýe bolan konserniň degişli müdirlikleri tarapyndan geçen alty aýda gazylan dag jynslarynyň umumy çuňlugy bolsa 75 müň 933 metre deň bolup, gurluşyk işleri tamamlanan guýularyň sany 17-ä ýetirildi. Şeýle hem şu döwürde burawlaýjylar tarapyndan gazuw işleri doly tamamlanyp, önümçilikçilere tabşyrylan ulanyş maksatly guýularyň sany 17-ä ýetirildi.

Soňky ýyllarda konserniň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýady has kämil enjamlaryň, tehnikalaryň we desgalaryň hasabyna barha pugtalanýar. Olaryň yzygiderli önümçilige ornaşdyrylmagy bilen ýurdumyzyň günbatar sebitinden alynýan uglewodorod çig malynyň möçberleriniň geljekde has hem artdyryljakdygy ikuçsuzdyr. Bu hakykata konserniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri tarapyndan geçen ýarym ýylda amala aşyrylan işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Trest boýunça geçen hasabat döwründe önüm bermesini kemelden ýa-da bes eden guýularyň jemi 304-sinde düýpli abatlaýyş işleri geçirilip, olaryň 224-sine derek 257-si önümçilikçilere tabşyrylypdyr. Hut şonuň netijesinde konsern boýunça goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 88 müň 554 tonna ýetirilipdir. Bu görkeziji şu döwürde göz öňünde tutulanyndan 27,5 müň tonna golaý köpdür.

Hojaberdi BAÝRAMOW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.