Jogapkärli möwsüme taýýarlyk

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň şäher hem-de etrap gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri ýörite düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda gaz geçirijileri, gaz paýlaýjy hem-de gaz sazlaýjy enjamlary güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar.
Müdirligiň «Baýramalyşähergaz» gaz hojalyk edarasy jogapkärli möwsüme taýýarlyk görmekligiň çäginde enjamlarda bejeriş, abatlaýyş, durkuny täzeleýiş hem-de täze gaz geçirijilerini gurmak işleriniň iň göwnejaý guralýan kärhanalarynyň biridir. Edaranyň gazçylary umumy uzynlygy iki ýüz otuz bir kilometre barabar bolan ýokary hem-de orta basyşly gaz geçirijilerine hyzmat edýärler. Şäheriň ýaşaýjylarynyň on üç ýarym müňe golaý hojalygy, şeýle hem edara-kärhanalar döwletimiz tarapyndan ilatymyza berilýän tebigy gaz bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilýär.
Häzirki günlerde gazçylar güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça düzülen meýilnama esasynda maksatnamalaýyn işleri ýerine ýetirýärler. Bu ýerde hereket edýän gaz paýlaýjy enjamlaryň bäşisinde, gaz sazlaýjy enjamlaryň elliden köpräginde tehniki barlag işleri, ýagny detallary çalyşmak, ýaglamak işleri, ýerasty gaz geçirijilerde bolsa gaz syzmalaryny anyklamak üçin çäreler geçirilipdir. Mundan başga-da, şäheriň çägindäki dürli diametrli gaz geçirijileriň degişli ýerlerinde reňklemek işleri ýerine ýetirilipdir. Edaranyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan edilen şu ýylyň başyndan bäri umumy uzynlygy ýüzlerçe metr bolan täze ýokary hem-de orta basyşly gaz geçirijileri gurup, ulanmaga beripdirler. Şäheriň 4-nji ýaşaýyş jaý toplumynda gurlan orta basyşly eltiji gaz geçiriji hem-de şol ýerde oturdylan dört sany gaz sazlaýjy enjam hem şolaryň biri.
Gazçylar güýz-gyş möwsümine taýýarlygyň çäginde şäheriň Galkynyş köçesiniň ugrunda uzynlygy bir ýüz segsen bäş metr bolan gaz geçirijileriniň durkuny täzelemek işlerinem ýerine ýetiripdirler. Şäheriň 7-nji ýaşaýyş jaý toplumyna barýan orta basyşly gaz geçirijiniň bir kilometrinde ozalky diametri 159 millimetr bolan turba derek diametri 219 millimetrlik turbanyň goýulmagy şol ýerde ýaşaýan ýaşaýjylaryň öýleriniň «mawy ýangyç» bilen üpjünçiliginiň düýpli gowulanmagyna ýardam beripdir.
Şu ýylyň dowamynda edaranyň gazçylary şäheriň 11-nji hem-de 12-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň her birinde iki ýüz elli metr bolan orta basyşly gaz geçirijilerini, şeýle hem gaz sazlaýjy enjamlary gurmaklygy meýilleşdirýärler.
— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak döwletimiziň durmuşynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Tebigy gaz döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretleriň biri. Biz şäherimiziň ýaşaýjylarynyň «mawy ýangyç» bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilmegi üçin ähli tagallalary edýäris.
Häzir şäherimizde köp gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýlelikde, täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele gelýär. Olaryň gurulmagy bilen gaz hojalyk edaramyzyň işgärleriniň öňünde ozalky hereket edýän gaz geçirijileriniň durkuny täzeläp, geçirijiligini ýokarlandyrmak, täze gaz geçirijilerini gurmak wezipeleri goýulýar. Bu işler milli Maksatnamada bellenilişine görä ýerine ýetirilýär.
Biz häzir enjamlarymyzy, gaz geçirijilerimizi güýz, gyş möwsümine bellenilen meýilnama laýyklykda, öz wagtynda, ýokary hilli taýýarlamaklyga aýratyn möhüm ähmiýet berýäris. Şolarda bejeriş, abatlaýyş işleriniň bildirilýän talaplara laýyk, ýokary hilli geçirilmegini işgärlerimiziň her biri pugta üns merkezinde saklaýar. Bu möhüm işe edaramyzyň hyzmat ediş gulluklarynyň hemmesiniň hünärmenlerem, işçilerem ýakyndan gatnaşyp, öz zähmet goşantlaryny goşýarlar.
Ilata hyzmaty ýokary, medeniýetli, göwnejaý guramakda köpýyllyk iş tejribeleri bolan halypa işgärlerimiz aýratyn görelde görkezýärler. Olardan daşary gaz geçirijiler gullugynyň slesarlary Kakajan Kömekow, Taýmaz Bazarow, Myrat Baýmyradow, buýurmalary kabul ediş gullugynyň işgärleri Çary Begnepesow, Aýna Ballyýewa, heläkçiligiň öňüni alyş gullugynyň ussalary Ýusup Hojageldiýew, Gaýgysyz Çaryýew, şol gullugyň slesary Agamyrat Çopanow, sürüji Isgender Ýagudin dagy aýratyn zähmet göreldesini görkezýärler.
Edaramyzda häzirki geçirilýän taýýarlyk işleri şu ýylyň güýz-gyş möwsüminde-de şäherimiziň ýaşaýjylarynyň tebigy gaz bilen durnukly, bökdençsiz üpjün edilmegine şert döreder — diýip, «Baýramalyşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Saparmuhammet Orazberdiýew gürrüň berýär.
Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
Ussatnews.com.

Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar
Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.

Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)
Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:

TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.

Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.