Habarlar

“Ýüpek ýoly” rallisi: ilkinji badalgadan ýeňişlere tarap ýol

https://ussatnews.com/storage/posts/3993/original-162dd9e9a671b4.jpeg

Geçen hepdede Moskwada “Ýüpek ýoly-2022” halkara rallisi jemlendi. Oňa dünýäniň 20 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan ekipažlaryň 80-si gatnaşdylar. Türgenler 4500 kilometr ýol geçip, onuň 2800 kilometri ýörite menzillerden ybarat boldy.

Bu abraýly ralli-reýd türkmen ekipažlary üçin şowly boldy. Ýurdumyzyň wekilleri hünär ussatlygyny we ýeňşe bolan erk-isleglerini görkezip, ajaýyp netijeleri gazandylar. Ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň toparynda (T2) Merdan Toýlyýewiň hem-de Şöhrat Toýlyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen ekipažy ilkinji bolup pellehana geldi. Ýaryşyň ähli tapgyrlarynyň netijeleri boýunça Şamyrat Gurbanowyň ekipažy (sürüji Muhammetmyrat Gurbanow) ikinji orny eýeledi. Üçünji baýrakly orna bolsa sürüji Maksatmyrat Daňatarow hem-de şturman Didar Orazmedow mynasyp boldular.

Awtomobil toparlarynyň aýratynlygyna düşünmeýän okyjy üçin aýdyňlaşdyrmak zerurlygy bilen baglylykda, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda çykyş eden T2.1 topary diýmek, olaryň ygtyýarynda benzin hereketlendirijili tapgyrlaýyn goýberilen awtomobilleriň bolandygyny aňladýar.

«Ýüpek ýoly» – özboluşly, dünýä ähmiýetli transkontinental taslama bolup durýar. Geçen ýyllaryň dowamynda ralli-reýdler görnüşindäki halkara ýaryş töwereginde meşhur adamlary ýygnap, awtosport babatda birbada birnäçe döwletleriň diplomatik, durmuş, ykdysady we sport bähbitlerini bir ýere jemledi.

Ilkinji “Ýüpek ýoly” rallisine gatnaşyjylar dünýä awtomobil sportynda Türkmenistan üçin täze ugurlary açyp, ýaş türkmen sürüjileri üçin geljekki ýeňişlere güzaply ýoly çekdiler. Ýeri gelende ýatlasak, bu taslamanyň taryhy 2009-njy ýylda başlady. Ralli-marafony geçirmek başlangyjy Türkmenistanyň ozalky Prezidenti, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolup, ol Russiýanyň we Gazagystanyň Baştutanlarynyň goldawyna eýe bolupdy. Ýyllar geçip, bu halkara awtomobil ýaryşy dünýä ähmiýetli görnükli sport wakasyna öwrüldi.

Şu setirleriň awtoryna 2009-njy ýylyň güýzünde türkmen türgenleriniň halkara ralli-reýdine ilkinji gezek gatnaşmagyna şaýat bolmak hem-de awtomobil kerweni bilen bilelikde Kazan-Aşgabat ugry boýunça “Dakar” tapgyrynyň ilkinji “Ýüpek ýoly” rallisiniň tutuş ýoluny geçmek bagty miýesser edipdi. Dünýäniň iň abraýly awtomobil ýaryşynda Türkmenistana ilkinji bolup wekilçilik eden hem-de häzir hem wekilçilik edýän adamlaryň ýagdaýy halkara rallisiniň ýollaryndan ömründe bir gezek geçen, alaňlaryň arasynda türgenleri garşylap, olaryň ýeňişlerine guwanyp ýa-da tersine, şowsuzlyklaryň gynanjyny paýlaşyp, göçme çadyrlaryň yşgalaňyndan ýyldyzly asmany synlan adamlar üçin has ýakyn we düşnükli bolsa gerek.

2009-njy ýylda türkmen türgenleri milli awtomobil sportynyň wekillerinden ilkinji bolup, halkara tejribesiniň azlygyna garamazdan, ýolsuzlyga närazylygyny bildirmek bilen, dünýäniň abraýly ýaryşynyň ýowuz ýoluna çykdylar. Ilkinji “Ýüpek ýolundan” geçen döwrüň içinde milli awtomobil sportynda uly özgerişlikler bolup geçdi.

Türkmen awtosporty üçin bu döwür asyrlara barabardyr, sebäbi şondan soňky ýyllarda ony ösdürmek üçin kuwwatly binýat goýulmak bilen çäklenmän, eýsem milli awtomobil sportunyň ornuny halkara derejesinde berkitmäge ýardam edýän uly ädimler ädildi. Munuň üçin, 2013-nji ýylda ýurdumyzda Awomobil sportynyň milli merkeziniň, soňra Awtomobil sporty federasiýasynyň döredilmegini, Türkmenistanyň Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) agzasy bolmagyny, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda sport sürüjilerini taýýarlamak üçin ajaýyp şertleri bolan döwrebap awtodromlaryň açylmagyny, diýarymyzda we daşary ýurtlarda iri halkara awtomobil ýaryşlaryň guralmagyny ýatlamak ýeterlikdir.

Häzir Türkmenistanda birnäçe welaýat awtoklublary hereket edip, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi, awtosport boýunça milli çempionatlar geçirilip, olar ýaşlaryň arasynda giň meşhurlyga eýe bolýar. Tejribeli türgenler dünýä meşhur önüm öndürijileriň döwrebap awtomobillerinde dürli halkara ýaryşlaryna gatnaşmak mümkinçiligine eýe boldular.

“Ýüpek ýoly-2009” rallisinden soň türkmen türgenleri şunuň ýaly marafonlarda ençeme gezek çykyş etdiler, 2015-nji ýylyň ýanwarynda bolsa, birinji milli ekipaž dünýäniň iri “Dakar-2015” ralli-reýdine gatnaşdy we bu waka hem türkmen awtosporty üçin taryhy senä öwrüldi. Sürüjiler ýollaryň kynçylyklaryny ýeňmegi başardylar, türkmen awtosporty bolsa, dünýäniň iri ralli-reýdine gatnaşmagyň baý tejribesine eýe boldy.

Bu gezekki gahrymanlar – halkara derejeli ýaryşlara ençeme gezek gatnaşan pilot Merdan Toýlyýew we onuň kömekçisi Şöhrat Toýlyew üçin “Ýüpek ýoly-2022” halkara ýaryşynda gazanylan ýeňiş olaryň sport ýolunda ilknji uly üstünlikleri boldy. Marafona gatnaşyjylaryň toparynda dünýä ähmiýetli abraýly ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp gelýän, şol sanda birinji “Ýüpek ýoluna” gatnaşan sport ussady Şamyrat Gurbanow bolsa iň tejribeli türgen hasaplanýar. Ol çagalykdan karting we motosport bilen meşgullanyp, köp ýaryşlarda ýeňiji bolmagy başardy.

Şamyrat sport ýoluna dogduk mekany –Daşoguzda başlady, uly awtosporta bolsa, dürli derejeli ýaryşlarda gazanan ýeňişleri bilen geldi. Şamyradyň ogly Muhammetmyrat onuň awtosporta bolan söýgüsini miras alyp, ýaryşlara kakasy bilen bilelikde gatnaşýar. Ata kesbini – tejribeli ralli sürüjisi Gurban Daňatarowyň hem göwün söýen kärini onuň ogly Maksatmyrat dowam edýär.

Şeýlelikde, türkmen ekipažlarynyň “Ýüpek ýoly-2022” ralli-reýdinde üstünlikli çykyş etmegi milli awtosporty ösdürmek maksatnamasyny işjeň we yzygiderli amala aşyrýan ýurdumyz üçin kanunalaýyk ýagdaýa öwrüldi.

Leýli Aşyrowa,

Ussatnews.com.

Başga habarlar
166a14606e2acf.jpeg
Döredijilik bäsleşikleri türkmen ýaşlaryny täze maksatlara, belent üstünliklere ruhlandyrýar

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi kalplarda ýagşy ýatlamalary galdyrdy.


166a0e5f42c1e0.jpeg
Şaşka bäsleşigi

Şaşka bäsleşigi


1669e098084f3f.jpeg
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 70 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

16696b6c07e47f.jpeg
OGT 2024 29-njy Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary bellige almak başlandy

“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly 29-njy Halkara maslahatyna we sergisine (OGT 2024) gatnaşyjylary bellige almak başlandy, forum 2024-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriler. Bu giň gerimli çäräni «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýarlar.


166963bc8bac9e.jpeg
Nebitgaz toplumynda ýylyň alty aýynyň jemlerine garaldy

15-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.