Habarlar

Treýderler Ýewropada gazyň ýokary bahalarynyň geljek ýyllarda saklanyp galmagyna garaşýarlar

https://ussatnews.com/storage/posts/4005/original-162dee8199a661.jpeg

Ýewropada tebigy gazyň bahalary teklibiň az bolmagy netijesinde ýakyn ýyllarda ýokary bolmagynda galar diýip treýderler çaklaýar. Bu barada Interfaks habar berýär.

Bir ýyldan we iki ýyldan ibermesi bilen gazyň fýuçersleri megawatt-sagadyna 134 ýewro we 82 ýewro görkezijilerinde söwdalanylýar diýip, Financial Times ýazýar. Bu rekord görkezijilere ýakyn sanlardyr. Şol bir wagtda geçen tomusa çenli fýuçersler onýyllygyň dowamynda megawatt-sagadyna 40 ýewrodan az nyrha satylýardy.

«Demirgazyk akymy 1» gaz geçirijijisi boýunça Russiýadan ibermeleriň bes edilmegine garaşmagyň çäginde Ýewropada gazyň bahalary iýunda ýokarlandy. Abatlaýyş işleri tamamlanandan soň, ibermeler dikeldildi, emma bazara gatnaşyjylar geljekde bökdençlikleriň ýüze çykmagyndan howatyrlanýarlar. Bu howatyrlanmalar bahalary rekord derejede ýokary bolmagynda saklaýar diýip, FT habar berýär.

«Mümkin, eger çüwse, biz 2022-nji ýylyň we 2023-nji ýylyň gyşlaryny düýpli zyýansyz geçirip bileris, emma her soňky gyşda ýagdaý has çylşyrymlaşar» - diýip, Suwuklandyrylan tebigy gazy import edijileriň Halkara toparynyň (International Group of Liquefied Natural Gas Importers, GIIGNL) Baş sekretary Wensan Demuri belledi,

Onuň pikiriçe, Ýewropa üçin ýeke-täk çykalga Katardan we ABŞ-dan suwuklandyrylan tebigy gaz ibermelerine uzakmöhletleýin şertnama baglanyşmakda we spot bazaryndan garaşlylygyny kem-kemden aýyrmakda jemlenýär.

Emele gelen ýagdaý Ýewropada çökgünlik mümkinçiligini artdyrýar. Mysal üçin, Germaniýanyň ykdysadyýeti «Demirgazyk akym 1» boýunça ibermeler kesilen ýagdaýynda indiki ýyl 5-6% pese düşüp biler diýip, Deutsche Bank-yň analitikleri çaklaýar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.