Türkmenistanyň Prezidenti “Garşy” deňiz birikmesi hem-de “Deňiz han” atly harby gämi bilen tanyşdy
10-nji awgustda, Ir bilen Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine geldi hem-de bu ýerde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy.
“Garşy” deňiz birikmesiniň mundan bir ýyl ozal Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berildi.
Bu harby birikmede harby gämiler üçin duralga göz öňünde tutulandyr, bu ýerde ýurdumyzyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Harby-Deňiz Güýçleriniň gämileri abatlaýyş kärhanasynda gurlan “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi hem bar.
Bu harby gäminiň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda geçirilen dabaraly ýörişde harby-deňiz flotunyň gözden geçirilişini açandygyny bellemek gerek. Şunuň ýaly häzirki zaman harby gämileriň kömegi bilen deňizçiler harby gullugy birkemsiz berjaý edýärler hem-de Türkmenistanyň deňiz serhetleriniň goragynda sak durýarlar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu häzirki zaman gämisiniň söweşjeň mümkinçilikleri, tehniki häsiýetnamalary hem-de gurluşynyň aýratynlyklary, bölümleriniň işleýiş usullary bilen tanyşdy. “Deňiz han” gämisi garşydaşyň suwasty hem-de suwüsti söweşjeň gämilerini, guryýer we howa nyşanlaryny ýekelikde hem-de gämi urgy toparynyň düzüminde ýok etmek üçin niýetlenendir. Şol bir wagtda ol garşydaşyň gämi toparlaryny, desant otrýadlaryny ýok etmek, öz güýçlerimizi penalamak, toplumlaýyn aňtaw işlerini alyp barmak, suwüsti we suwasty giňişlige gözegçilik etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär. Şeýle hem deňizde döwlet serhedini goramak, gämi gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we halas ediş işlerini amala aşyrýar.
Gäminiň harby gullukçylarynyň dünýäniň birnäçe ýurtlarynda, hususan-da, Italiýada, Germaniýada, Türkiýede we beýleki döwletlerde ýörite okuwlary geçendiklerini hem-de hünär derejelerini ýokarlandyrandyklaryny bellemek gerek.
Soňra hormatly Prezidentimiz harby birikmäniň dolandyryş binasyna baryp, dessin nobatçylaryň awtomatlaşdyrylan iş nokadynyň wezipeleri bilen gyzyklandy.
Bu ýerde ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalar we sanly ulgam, elektron karta, şeýle hem ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň serkerdeleri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan maglumat-dolandyryş ulgamynyň ýörite programma üpjünçiligi Hazar deňziniň giňişliginde ýolagçy we harby gämileriň hereketine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin deňziň kenarýaka bölegine gözegçilik etmäge niýetlenen radiolokasiýa enjamy, şeýle hem Harby-Deňiz Güýçleriniň söweşjeň gämilerinde gurnalan tehniki toplumlar peýdalanylýar.
Sanly ulgam hem-de aragatnaşyk hemra ulgamy arkaly gämileriň ýerleşýän ýeri, olaryň ýangyç we suw bilen üpjünçilik derejesi kesgitlenilýär. Munuň özi dolandyryş nokadyndan harby gämiler bilen hemişelik aragatnaşygy saklamaga mümkinçilik berýär. Toplanylan maglumatlar dolandyryş bölüminde ýygnalýar we seljerilýär. Bu ýerde gurnalan enjamlar esasy wezipe-borçlarynyň ýerine ýetirilmegini ýeňilleşdirýär hem-de dessin maglumatlary zerur bolan ýerine ibermäge mümkinçilik berýär.
Dolandyryş nokady bilen tanyşlyk mahalynda, “Deňiz han” gämisiniň serkerdesi göni ýaýlyma çykyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly harby-deňiz ýörişine başlamaga rugsat bermek baradaky haýyş bilen ýüzlenýär.
Döwlet Baştutanymyz dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat berýär. Onda Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi. Olar ýurdumyzyň umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan deňiz çäkleriniň howpsuzlygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek ugrunda eserdeň durýarlar.
Dabaraly ýörişi “Arkadag” atly serhet gorag kateri açýar, ol Watanymyzyň deňiz serhetlerini goramakda özüniň ygtybarlylygyny görkezdi. Onuň yzy bilen Harby-Deňiz Güýçleriniň esasy urgy güýji bolup durýan, iň häzirki zaman ýaraglar bilen üpjün edilen hem-de garşydaşyň suwüsti we pesden uçýan howa nyşanlaryny, desant toparyny hatardan çykarmaga hem-de döwletimiziň deňiz serhetlerini ygtybarly goramaga niýetlenen “Edermen” we “Gaýratly” raketa gämileri geçýärler.
Soňra gämileri ýangyç, agyz suwy, azyk we beýleki serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek, halas ediş işlerini ýerine ýetirmek, heläkçilige uçran gäminiň şahsy düzümini halas etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Eserdeň” atly 60 metr ululykdaky tirkeg-üpjünçilik gämisi geçdi.
Dabaraly ýörişi dürli kysymly gorag gämileri dowam etdiler. Olaryň hatarynda “Galkan” taslamaly “Algyr” we “Hanjar” gorag gämileri, “Asuda”, “Mergen”, “Hüşgär” we “Synmaz” serhet gorag gämileri, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň garamagyndaky “Sakçy” taslamaly “Naýza”, “Kämil”, “Galjaň” we “Gaplaň” gämileri bar. Bu gämiler garşydaşyň suwasty, suwüsti we howa nyşanlaryna garşy göreşmek, şeýle hem gözleg-halas ediş işlerini amala aşyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem olar Watanymyzyň deňiz giňişligindäki serhetleriň goragynda eserdeň durmak bilen, aňtaw işlerini alyp barmaga we suwüsti giňişlige gözegçilik etmäge ukyplydyr.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ýörişiň dowamynda “Umman” gidrografik gämisi görkezildi, ol Hazar deňziniň türkmen böleginde gämileriň ýüzüşiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin deňizde gidrografik we okeanografik işleri geçirmek üçin niýetlenendir. Deňizde batimetriki ölçeg, deňiz düýbüniň gurluşyny barlamak, suwasty wideo we foto ýazgy etmek, suwuň düzümini öwrenmek hem bu gäminiň ýerine ýetirýän wezipeleridir.
Soňra dabaraly ýörişden Harby-Deňiz Güýçleriniň “Gujurly” we Döwlet serhet gullugynyň “Zarply” tirkeg gämileri geçýär, olar deňizde halas ediş işlerini geçirmek, ýangyna garşy göreşmek, gämileri çekmek we itmek hem-de olaryň hereketlerine goldaw bermek üçin niýetlenendir.
Döwlet serhet gullugynyň “Kuwwatly” atly ýük gämisi we Harby-Deňiz Güýçleriniň “Berkarar” atly desant kateri harby ýörişi dowam etdirýärler. Bu gämiler ýörite maksatly toparlary, desantlary hem-de söweş tehnikalaryny düşürmek, kenardan-kenara alyp gitmek we getirmek üçin niýetlenendir.
Şu gözden geçirilişe “Asuda” atly gidrografik gämi hem gatnaşdy. Bu gämi deňiz çuňlugynyň tebigy relýefini öwrenmek, gämileriň hereketi üçin deňziň çuňlugyny ölçemek hem-de suwasty maglumatlary toplamaga niýetlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Gämi gurluşyk we abatlaýyş kärhanasynyň açylmagy bilen, bu gäminiň deňziň düýbünde barlag işlerini geçirip başlandygyny bellemek gerek.
Onuň yzy bilen Döwlet serhet gullugynyň “TG-12 Bars” taslamaly üç sany serhet gorag kateri geçýär. Bu gämiler içerki suwlarda gämilere gözegçilik etmek, gorag we gözleg-agtaryş işlerini geçirmäge niýetlenendir.
Soňra Içeri işler ministrliginiň deňizde gözegçilik gullugyny ýerine ýetirýän “Master-651” kysymly dört patrul kateri, Milli howpsuzlyk ministrliginiň “Zodiac” kysymly çalt hereket edýän söweşjeň gaýyklary, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň “Dahl 20” kysymly asma motorly söweş gaýyklary göni ýaýlymda monitorlarda peýda bolýar.
Deňze çykalgasy bolan islendik döwlet ýaly, biziň ýurdumyzyň hem öz deňiz serhetlerini goramak, parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek üçin söweşjeň harby gämiler bar. Bu gämileriň Watanymyzyň şanly senesi —–mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň güýzünde geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşandyklaryny bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli deňiz flotunyň Hazar deňzinde geçirilen dabaraly ýörişiniň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, döwletimiziň geljekde hem Harby-Deňiz Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, harby deňizçileriň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň ygtybarly goragynyň we eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegine aýratyn üns berjekdigini belledi. Goranyş häsiýetli Harby doktrinada kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekleri bu kysymly goşunlaryň harby gullukçylarynyň mukaddes borjy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Harby-Deňiz Güýçleriniň serkerdeleriniň hem-de deňizçileriniň öz üstlerine ýüklenen jogapkärli hem-de asylly wezipäni mynasyp derejede ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mälim bolşy ýaly, Hazar deňzi hemişe ylalaşyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň deňzi bolmalydyr diýip nygtaýan hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň günbatar sebitinde kuwwatly Harby-Deňiz Güýçleriniň kemala gelmegi üçin toplumlaýyn binýat goýuldy.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän ýylda Harby-Deňiz Güýçlerini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Häzirki wagtda Harby-Deňiz Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, iň täze harby tehnikalary we enjamlary, gämileri satyn almak, şeýle hem olary öz ýurdumyzda gurmak boýunça netijeli çäreler geçirilýär, Harby deňizçileriň söweşjeň we nazaryýet taýýarlyk derejeleri ýokarlanýar. Olaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Şu günki çäre hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň harby gämileriniň gözden geçirilişi bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň deňiz kenarlarynyň ygtybarly goralýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.
Harby-Deňiz Güýçleriniň bu deňiz birikmesiniň desgalary ulgamda bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda guruldy. Onuň çäklerinde edara binasy hem-de ugurdaş düzümleýin desgalar ýerleşendir. Baş binada dolandyryş bölümi, nobatçylyk alyp barýan harby deňizçiler üçin iş otaglary ýerleşdirilendir. Bu ýerde serkerdeleriň we harby deňizçileriň gullugy üçin döredilen şertler olaryň öňlerinde goýlan wezipeleri mynasyp ýerine ýetirmeklerine mümkinçilik berýär.
Deňiz birikmesiniň çäginde täze tehnologiýalar we sanly ulgamlar bilen üpjün edilen okuw binasy hem göz öňünde tutuldy. Bu ýerde sanly ulgamyň kömegi bilen harby gämileriň dolandyrylmagy, ugurdaş enjamlaryň ulanylyşy, deňiz giňişligine gözegçiligiň alnyp barlyşy öwredilýär. Okuwyň barşynda okatmagyň öňdebaryjy usullary ulanylýar. Munuň özi harby talyplara degişli bilim almaga, ýaş serkerdelere bolsa hünär derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Watan goragçylarynyň gulluk etmekleri we dynç almaklary üçin has oňaýly şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň we amala aşyrylýan harby özgertmäniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, harby gullukçylar üçin niýetlenen ýatakhana we naharhana enjamlaşdyrylyşy babatynda häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Şeýle hem bu ýerde üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary ýerleşýär, şolarda harby bölümiň şahsy düzümi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, boş wagtlaryny peýdaly geçirýärler.
Halkara ölçeglere kybap gelýän iň täze enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi bar. Bu ýerde harby gullukçylara we olaryň maşgala agzalaryna zerur lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler üpjün edilendir. Mundan başga-da, 3 gatly, 60 öýli ýaşaýyş jaýy, şeýle hem ýaş serkerdelere niýetlenen 2 gatly umumy ýaşaýyş jaýy bar. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan jaýlarda amatly ýaşaýyş we dynç alyş üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulan.
Mälim bolşy ýaly, ähli ýaşdaky türkmenistanlylaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň çeper döredijilik we aýdym-saz bilen meşgullanmaklary üçin şertleriň döredilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Şoňa görä-de, ýerli Medeniýet öýünde harby gullukçylaryň öz zehinlerini açyp görkezmekleri üçin mümkinçilikler döredilendir.
Harby-deňiz birikmesiniň düzümine okalga zally sanly ulgam bilen üpjün edilen häzirki zaman kitaphana hem girýär. Onuň baý kitap gaznasy Watan goragçylaryna boş wagtlarynda bilimlerini artdyrmaga, şol sanda çeper eserleri okamaga mümkinçilik berýär.
Döwrebap desgalaryň hatarynda umumybilim berýän mekdep hem bar. Onuň otaglary öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde sapaklar häzirki zaman usulynda alnyp barylýar, munuň özi okuwçylary bilim we ylym dünýäsine çekmäge mümkinçilik berýär.
Çagalar bagynyň iki gatly binasynda körpeleriň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri, olaryň başlangyç bilimi almaklary üçin zerur şertler döredildi. Onuň düzüminde birnäçe otaglar bolup, şolarda körpeler, öz isleglerine görä, dürli ugurlar boýunça ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar. Çagalaryň zähmet endikleriniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär, munuň özi zähmetsöýer hem-de talabalaýyk bilim derejeli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatynda uly ähmiýete eýedir. Enjamlaşdyrylan oýun meýdançalary hem körpeleriň ygtyýarynda.
Ugurdaş düzümlerden başga-da, bu ýerde alyjylara gündelik zerur bolan harytlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän dükan bar, bu bolsa harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin goşmaça ýeňillikleri döredýär...
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystana suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.