Zehinli aýdymçy Leýli Ökdirowa “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna eýe boldy
Aşgabatda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.
Abraýly emin agzalary welaýatlaryň derejesinde saýlama tapgyrlaryny bäsdeşleriň arasyndan aýdym aýtmak babatda has tapawutlanan aýdymçylary seçip aldy.
Soňra bäsleşigiň nobatdaky tapgyry başlandy. Onuň netijeleri gönüden-göni tomaşaçylara bagly boldy. Ýaş aýdymçylara köpsanly tomaşaçylaryň öňünde --“Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda çykyş etmek mümkinçiligi döredildi.
Şol döwürde teletomaşaçylar hem-de radiodiňleýjiler ýaş aýdymçylaryň çykyşlary arkaly olaryň zehinine baha bermek hem-de SMS habarlarynyň we telefon jaňlarynyň kömegi bilen ol ýa-da beýleki ýerine ýetirijä öz sesini bermek mümkinçiligine eýe boldular. Bu çäräniň dowamynda oňa giň köpçüligiň çekilmegi jemleýji tapgyra aýdym-saz sungatynyň parlak ýyldyzlarynyň gatnaşmagyna ýardam etdi. Olaryň iň gowularynyň onusy jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin seçilip alyndy.
Olar aýdym-saz teleýaýlymynyň uly studiýasynda baýramçylyk lybasyna beslenen sahnada özleriniň ukyp-başarnygyny hem-de zehinini görkezmäge çalyşdylar.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsdeşler iki aýdymy, özi-de, bir aýdymy sazsyz ýerine ýetirdiler. Munuň özi emin agzalaryna aýdymçylaryň sesine doly baha bermäge mümkinçilik döretdi. Şeýle synag ýaş aýdymçylaryň artistlik ussatlygyny, tomaşaçylaryň göwnünden turmak başarnygyny ýüze çykarmaga kömek etdi.
Ses bermek tamamlanandan soň, alypbaryjylar bäsleşigiň netijelerini yglan edýärler. Bäsleşigiň bütin dowamynda öňdeligi ynamly eýelemegi başaran ýaş zehinli aýdymçy Leýli Ökdirowa bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna eýe boldy. Diňe bir tomaşaçylar däl, eýsem, emin agzalary hem sesleriniň köpüsini oňa berdiler.
Ussat news
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.