“Agzybirlik tilsimaty” ýurdumyzda ilkinji bolup kompýuter tehnikalaryny öndürmäge girişdi
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy ýurdumyzda ilkinji bolup kompýuter tehnikalaryny öndürmäge girişdi. Ol okadyş noutbuklaryny öndürmekden başlandy—her ýyl ýurdumyzyň birinji synpda okaýan okuwçylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan şu elektron enjamlary gowşurylýar. Ozal olar daşary ýurtlardan getirilýän bolsa, 2019-njy ýyldan başlap, şolaryň ornuny ýurdumyzda öndürilen noutbuklar tutdy.
Şu ýyl “Agzybirlik tilsimaty” öz inženerleriniň işläp taýýarlan platosynyň özboluşly çyzgysyny ulanyp, prosessoryň kuwwatyny hem-de operatiw ýadyň göwrümini artdyryp, okadyş noutbuklaryň kysmyny kämilleşdirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň birinji synp okuwçylarynyň ählisine hut şu kompýuterler Täze ýyl mynasybetli sowgat berildi.
Bilim ulgamynyň hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanylan köp sanly okuw goşundylary başlangyç synplaryň okuwçylary üçin ykjam kompýuteri ýakyn kömekçä öwürýär. Bu goşundylaryň ählisi öndürijiniň saýtynda elýeterlidir, olary ýüklemek hem-de oturtmak boýunça doly düşündiriş berilýär (agzybirlik-tm.com).
Noutbugyň özi hem tutuşlygyna ýurdumyzda öndürilen hem-de “Bilimli” atlandyrylan we “Agzybirlik tilsimaty” kompaniýasy tarapyndan patentleşdirilen programma üpjünçiligine eýedir.
Bu kärhananyň işgärleri dürli toplumly şahsy kompýuterleriň kysymlaryny täzelemek bilen öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrýarlar. Häzir bu ýerde wideomaslahatlar, tanyşdyryş çäreleri üçin interaktiw panelleriň önümçiligine girişildi, iň döwrebap düzümleri displeý bilen birlikde, bir bitewi korpusda ýygnalan monobloklary öndürmäge taýýarlyk görülýär.
Şonuň ýaly-da, bilim ulgamynyň hünärmenleri bilen bilelikde, ýokary okuw mekdepleri üçin programma üpjünçiligi, fizika, himiýa, geografiýa, biologiýa boýunça laboratoriýa sapaklary üçin 3D modelirlenmegi bilen wirtual amaly hem-de okuw animasiýa gollanmalaryny döretmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Bu iş ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň elektron binýadyny döretmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şol binýady sanlylaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.
Ýurdumyzda öndürilen şahsy kompýuterleriň her bir täze kysymy barlaglaryň we synaglaryň dowamly tapgyryny geçýärler, bu bolsa düzüm bölekleriniň aňrybaş sazlaşygyny, sowadyş hem-de energiýa üpjünçiligi ulgamlarynyň doly hereket etmegini kepillendirýär we alyjynyň öz saýlan önümine ynamly bolmagyna mümkinçilik berýär.
Munuň üçin ähli dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýörite enjamlar, hususan-da, batereýalaryň partlama howpsuzlygyny, tehnikanyň çygdan we tozandan goraglylygyny, klawiaturanyň uzak möhletliligini, kompýuterleriň açylyp ýapylmagynyň aňryçäk sanyny, onuň ýere gaçan halatyndaky berkligini we şuňa meňzeşleri barlagdan geçirmek üçin enjamlar satyn alyndy.
Kärhana dürli edaralara kompýuterleri ibermek boýunça iri buýurmalary ýerine ýetirýär. Şol kompýuterleriň ýurdumyzdaky önümçiligi döwlet ulgamlarynyň hem-de işewürlik düzümleriniň kiber goraglylygynyň goşmaça kepili bolup hyzmat edýär.
Önümçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegi serwer we ulgam enjamlaryny, söwdany awtomatlaşdyrmak üçin apparat toplumlaryny goşmak bilen önümleriň 30-dan gowrak görnüşi boýunça ýylda 200 müňden gowrak önüm öndürmäge mümkinçilik berdi.
“Agzybirlik tilsimaty” ilkinji nobatda içerki hem-de sebit bazarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga niýetlenendir, ýöne eksport mümkinçilikleri has giň çäkleri hem gurşap alyp biler. Şu jähetden kuwwatlyklary artdyrmagyň hem-de senagat möçberlerine çykylmagynyň taslamalaryna seredilýär.
Munuň üçin Türkmenabatda Aşgabatdaky synag kärhanasyndan uly mümkinçilikleri bolan, ýagny 500 müňe çenli önüm birligini öndürmäge ukyply iri önümçiligi—täze zawody döretmek meýilleşdirilýär. Lebap welaýatynyň saýlanyp alynmagy logistika nukdaýnazary bilen baglanyşyklydyr. Şonuň ýaly-da, ilkinji türkmen kompýuter önümçiliginiň önümlerine goňşy döwletler hem gyzyklanma bildirýärler.
Kärhananyň ýokary hünärli hünärmenleri Hytaýyň milli reýtinginde ilkinji orunda durýan hem-de dünýäniň bilim reýtingleriniň öňdäki hatarlaryna girýän Sinhua uniwersiteti tarapyndan sertifikatlaşdyryldy. “Agzybirlik tilsimatynyň” işgärleri üçin hünär okuwlary hem-de hatarynda “Microsoft” we “Intel” ýaly kompaniýalar bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen maslahatlar yzygiderli geçirilýär.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Agzybirlik tilsimaty” kompaniýasy 2018-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda bu ýokary derejeli hünärmenleriň topary bolup, olar eýe bolan bilimleriniň hem-de başarnyklarynyň netijesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ykdysadyýeti we milli IT bazaryny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözýärler.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgama ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny, onuň maýa goýum babatyndaky özüne çekijiligini ýokarlandyrmagyň, çig mal serişdelerine daýanmazdan köpugurly ykdysadyýeti döretmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde aýratyn uly üns berýär. Biziň ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, innowasion senagat pudaklaryny döretmek boýunça toplumlaýyn baş ugurlarda hem-de pudaklaýyn maksatnamalarda beýan edilen maksatlarymyz tehnologiýa merkezleriniň ulgamlaryny ösdürmegiň zerurdygyny ýüze çykarýar.
“Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň üstünlikli işläp başlamagy özlerini işjeň görkezip başlan şunuň ýaly beýleki taslamalara hem ýol açýar. Golaýda ýurdumyzda öndürilen smart-telewizorlar hem-de ykjam telefonlar görkezildi. Milli Liderimiz ak ýol nyşany hökmünde olara degişli atlary dakdy.
Ussat news
BÄSDEŞLIGE UKYPLY AÝAKGAPLAR
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Röwşen aýakgaplary» kärhanasynyň paýly gatnaşygy esasynda Mary şäheriniň ozalky Gön kärhanasynyň binýadynda esaslandyrylan «Maryderi-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik bölümlerinde döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sargytlary esasynda aýakgaplar, egin-eşikler, emeli sütükli gulakjynlar we beýleki önümler öndürilýär.
Zähmetkeşleriň zähmetini goramak döwlet syýasatynda ileri tutulýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «2025-nji ýylda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalarynda zähmeti goramaklygyň, tehniki howpsuzlygyň düzgünleriniň berjaý edilişi we 2026-njy ýylyň wezipeleri» atly maslahat geçirildi.
Prezident “Türkmengaz” DK-nyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça teklibi goldady
27-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Balkanabatda zehinli ýaşlaryň intellektual bäsleşigi geçirildi
«Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda ýaşlaryň arasynda üç tapgyrdan ybarat bolan «Brain-ring» intellektual bäsleşigi geçirildi. Bu çäre Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Türkmen halkynyñ Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyñ “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň syýasy-ykdysady giňişliginde eýeleýän orny barha pugtalandyrylýar, dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.