Türkmenistanyň çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi tamamlandy
Tomus paslynyň, diýmek ähli babatda çagalar üçin ajaýyp bolan mekdep dynç alyş günleriniň tamamlanmagyna kän wagt galmady.
Gökderede – Aşgabadyň etegindäki gözel künjekde, Hazaryň kenarynda hem-de welaýatlarda ýerleşen çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde jemleýji çäreler geçirildi.
Ýurdumyzyň ähli çagalar sagaldyş merkezleriniň işini utgaşdyrýan Bilim ministrliginde habar berlişi ýaly, her biri 15 günden ybarat bolan dört dynç alyş tapgyrynda merkezlerde çagalaryň onlarça müňüsi dynç aldylar. Şol wagtyň dowamynda ýaş zehinleriň ençemesi ýüze çykdy, mekdep okuwçylary dürli ugurlarda, şol sanda ekologiýa medeniýetine hem-de sagaldyş durmuş ýörelgesine degişli ugurlarda bilimlerini we iş endiklerini artdyrdylar, peýdaly bilimlere eýe bolup, täze dostlaryny tapdylar.
Şu tomusda ajaýyp Gökderede çagalar sagaldyş merkezleriniň on dördüsi hereket etdi. Çagalar “Awazada” ýerleşen “Daýanç” we “Arzuw” çagalar hem-de maşgala dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem Ahal, Balkan, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlaryna degişli çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini kanagatlanma duýgusy bilen geçirdiler. “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli bolan Hazar şäherindäki “Gara altyn” sagaldyş merkezinde çagalar hem-de maşgala bolup dynç almak üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Her welaýatda çagalar dynç alyş merkezleri hereket etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tomusky dynç alyş günleri başlamazdan öň degişli ýolbaşçylara çagalaryň dynç alyş möwsümini ýokary derejede guramak boýunça anyk görkezmeleri berip, çagalar baradaky aladanyň möhüm döwlet wezipesi bolup durýandygyny aýratyn belledi.
Çagalaryň sagaldyş merkezlerinde wagtyny şadyýan we mazmunly geçirmegi, olary sport, döredijilik we intellektual dynç alşyň täsin dünýäsine çagyrmak üçin uly ýaşly adamlaryň müňlerçesi arman-ýadaman zähmet çekdiler. Bilim, sport we ýaşlar syýasaty, medeniýet, saglygy goraýyş we derman senagaty, içeri işler ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri çagalaryň dynç alşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan Meýilnamany bilelikde işläp düzdüler.
Çagalar dynç alyş merkezleriniň işine ussat mugallymlar we terbiýeçiler çekildi. Olar, şeýle hem tejribelik geçmeli talyplar möwsüm başlamazdan öň ýörite okuwlary geçdiler.
Çagalar dynç alyş merkezlerinde “Döwletliler köşgünden”, Balkanabadyň çagalar öýünden, ösüşde mümkinçilikleri çäkli bolan çagalar üçin kömekçi mekdep-internatlaryndan bolan oglan-gyzlaryň dynç alandygyny bellemek gerek.
Çagalar sagaldyş merkezlerinde mekdep okuwçylary sagdyn iýmitlenip, dürli gurnaklara gatnaşdylar. Olar üçin konsertler, baýramçylyklar, tanymal şahsyýetler, ýazyjylar we şahyrlar, belli estrada aýdymçylary, teatrlaryň we sirkiň döredijilik toparlary bilen duşuşyklar, ussatlyk sapaklary, gezelençler we syýahatlar guraldy.
Dynç alyş maksatnamasy çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen işlenip düzüldi, bu bolsa, her bir çaga özüni açyp görkezmäge, täze bilimleri we endikleri ele almaga, döredijilik ukyplaryny artdyrmaga we şol birwagtda toparda işläp, beýleki çagalar bilen özara gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döretdi.
Çagalar dynç alyş merkezlerinde her bir gün gyzykly wakalara baý boldy. Ynamly we hoşniýetli ýagdaý çagalaryň döredijilik ukybyny açmagyna ýardam etdi, galyberse-de merkezleriň köpüsinde gurjak teatrlary, aýdym-saz we kinostudiýalar hereket etdi. Olarda öz şahyrlary we ýazyjylary, režissýorlary we artistleri, aýdymçylarydyr sazandalary ýüze çykdy. Çagalar her dynç alyş tapgyrynyň ahyrynda dynç alyşlary barada üç minutlyk wideorolikleri döretdiler.
Milli Geňeşiň hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) wekilleri ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen ysnyşykly işlediler. Oglanlar we gyzlar oýun görnüşinde öz hukuklary, ýaşlaryň habarlylygy boýunça halkara guramanyň alyp barýan işleri, sagdyn durmuş ýörelgesiniň peýdasy, ýol hereketiniň düzgünleri bilen tanyşdylar hem-de durmuşda gerek boljak beýleki zatlary öwrendiler.
Surat çekmek, şekil ýasamak, tanslar, gurnama ýaly güýmenjeler bilen bir hatarda çagalar ýaş ýangyn söndürijileriň keşbinde oýun oýnamak bilen adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmak hakynda zerur bolan bilimleri aldylar. Däbe öwrülen senetler – halyçylyk, tikinçilik, zergärçilik boýunça sapaklar, döredijiligi, aýdymdyr tanslary öwrenmek çagalaryň milli medeniýet bilen tanyşmagyna ýardam etdi.
Çagalar paýtagtymyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkezine, “Ertekiler dünýäsi” dynç alyş seýilgähine, Janly tebigatyň muzeýine, şeýle hem PÝGG-niň awtoşäherçesine aýlandylar. Welaýatlaryň gözel ýerlerine gezelençler, taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere, iri kärhanalara baryp görmek ýaly çäreler welaýat merkezlerinde dynç alýan çagalar üçin guraldy. Muzeýler göçme sergileri bilen myhmançylyga gelseler, kitaphanalar dynç alyş merkezlerinde şygryýet agşamlaryny geçirdiler we çagalary täze kitaplar bilen tanyşdyrdylar.
Gezelençlerde ýaş türkmenistanlylar mähriban ülkämiziň tebigaty, ekologiýasy, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanyşdylar, ata Watanymyzyň tebigatyna aýawly garamagy öwrendiler.
Çagalar dynç alyş merkezlerinde guralan baýramçylyklar arzuwçyl ýaşlara başga ýurda ýa-da söýgüli gahrymanlarymyzyň edebi dünýäsine aralaşmaga ýardam etdi. Mysal üçin, Iňlis diliniň güni hemmeler diňe şu dilde gürleşmeli edilip, bu dilde dürli spektakllar we konsertler guraldy. “Kitap biziň dostumyz” diýen şygar astynda geçen gün ähli çäreler edebi gahrymanlaryň dünýäsine bagyşlanyp, çagalary kitaplar bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi.
Ähli çärelerde çagalara güýmenjeleri taýýarlamaga we olara gatnaşmaga mümkinçilik döredildi. “Agama” alpinistler klubunyň hünärmenleriniň ýardam etmeginde çagalaryň teklibi boýunça guralan gaýa dyrmaşmak bäsleşigi şolaryň biri boldy.
Merkezleriň arasynda geçirilen döredijilik işleriniň sergileri, bäsleşikler we konsertler tomusky dynç alyş möwsüminiň jemleýji çärelerine öwrüldi. Mysal üçin, “Türkmenistan – bagtly çagalygyň mekany” diýen at bilen geçirilen bäsleşige halk saz gurallaryny çalmakda, aýdym aýtmakda, labyzly goşgy okamakda, gurjakly sahnalary ýerine ýetirmekde tapawutlanan ýurdumyzyň ähli çagalar dynç alyş merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýaş fotosuratkeşler we režissýorlar hem öz zehinlerini açyp görkezdiler.
Şol çäreleriň ýeňijilerine we gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlar we baýraklar gowşuryldy. Çagalar Arkadagly Serdarymyza bagtyýar çagalyk üçin mähirli we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Dynç alyp, saglygyny berkiden hem-de täze okuw ýylyna täze güýç bilen başlamak üçin ylham alan çagalaryň bagtyýar gülküleri bolsa hemmeler üçin esasy sowgat boldy.
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystana suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.