Makalalar

Sargytlar berjaý edilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/4189/original-16311024a31ec3.jpeg

Hormatly Prezidentimiziň döwrebap çözgütleri bilen barha rowaçlyklara beslenýän Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň zähmet toparlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda täze belentliklere ynamly gadam urýarlar.

Konsern boýunça geçen alty aýda 12 müň tonna golaý «gara altynyň», 300 million kubmetrden gowrak «mawy ýangyjyň» bellenilen meýilnamalardan artyk çykarylmagy-da munuň aýdyň güwäsidir. Uglewodorod çig mallaryny çykaryjylaryň gazanan bu üstünliklerinde konserniň suwçularynyň hem uly goşandy bar. Aslynda, nebitçileri zerur möçberde tehniki-önümçilik suwlary bilen ygtybarly üpjün etmek esasy şertleriň biridir. Bu möhüm iş konserniň Suw üpjünçilik müdirliginiň hünärmenleriniň paýyna düşýär. Merdana nebitçileriň zähmet çekýän ojaklarynyň hem-de olaryň maşgalalarynyň ýaşaýan ilatly nokatlarynyň aglabasynyň agyz suwuna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak hem şu kärhananyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda sarp edijilere ýetirilen suwuň 2 million 87 müň kubmetre barabar bolmagy, müdirlikde bu möhüm wezipeleriň mynasyp çözgüdini tapýandygyny aňladýar. Has takygy, gürrüňi edilýän hasabat döwründe konserniň degişli düzümleri tarapyndan gelip gowşan sargytlara bu müdirlik boýunça 104,3 göterim amal edilipdir. Aslynda-da, her bir önümçilikde bolşy ýaly, ýangyç-energetika ulgamynyň işlerinde-de suw esasy zerurlyk bolup durýar. Şuňa magat göz ýetirýän kärhananyň hünärmenleri Ýasga kölünden we Hazar deňzinden arassalanyp alynýan içimlik süýji suwlary ilata, Balkanabat bölümindäki dik guýulardan alynýan suwlary bolsa önümçilik maksatly işlere turbageçirijiler arkaly ýeterlik mukdarda akdyrmagy başarýarlar.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatynyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmekligi gowulandyrmak barada kabul eden Kararyna laýyklykda, türkmen nebitçileri Ýasga ýerasty suw käninde gurluşyk we düýpli abatlaýyş işleriniň uly toplumyny durmuşa geçirdiler. Bu täsin ýerasty kölüň töwereklerinde hereket edýän topbak guýulardan her gije-gündizde alynýan arassa agyz suwy sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär. Munuň özi Ýasga meýdançasynda hereket edýän 49 sany topbak guýularyň bejeriş-dikeldiş işleriniň bellenilen tehniki möhletlerde amala aşyrylmagy bilen gazanylýar.

Ýasga ýerasty köli tebigatyň türkmen halkyna rowa gören täsin gudratlarynyň biridir. Bu künjekdäki ýer astyndaky ajy we süýji suwlar ýanaşyk ýerleşýärler. Ýeriň jümmüşinden alynýan ajy suwlar aýratynlykda ýer üstündäki açyk köle akdyrylýar. Ajy suwly köl daş-töwereklerindäki ýabany agaçlaryň tokaýlygy bilen täsin sazlaşyp, ajaýyp gözelligi döredýär. Balkanabatdan 125 kilometre golaý gündogarda, Garagum çölüniň goýnunda ýerleşýän ýerasty kölüň uzynlygy 60, ini bolsa 25 kilometre deňdir. Ýasga ýatagyndaky biri-birinden bäş ýüz metr daşlykdaky ellä golaý topbak guýularyň her biri süýji suwly, ajy suwly we gözegçi guýulardan ybaratdyr. Ýerasty köldäki süýji we ajy suwly guýularyň ortaça çuňluklary degişlilikde 90 hem-de 123 metre çenlidir. Ortaça çuňlugy 108 metr bolan gözegçi guýy süýji we ajy suwlaryň gatyşmazlygyny üpjün edýär.

Ýasga kölünden alynýan süýji suwlar welaýatyň Balkanabat, Gumdag şäherlerine, Uzboý şäherçesine, Goturdepe baýlyklar mesgenine turbageçirijiler bilen akdyrylýar. Kärhananyň Hazaryň kenaryndaky Ekerem deňiz suwuny süýjediji desgalar toplumyndan alynýan arassa agyz suwlary bolsa Garadepe, Ekerem we Gamyşlyja şäherçeleriniň ilatyna berilýär. Müdirligiň Balkanabat bölüminiň «Garagyjak», «Balaýşem», «Jebel» ýaly ülüşlerindäki dik guýulardan alynýan tehniki suwlar bolsa Balkanabat şäherini we onuň töwereklerindäki ilatly nokatlary bagy-bossanlyga öwürmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Balkanabat bölümindäki dik guýulardan alnyp, degişli ýerlerine akdyrylan tehniki suwuň möçberi 28 müň kubmetre golaý artdyrylypdyr. Bu ugurda Ekerem deňiz suwuny süýjediji desgalar toplumynda hem ösüş gazanylypdyr.

Hojaberdi BAÝRAMOW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.