Sanly usul milli bilim ulgamynda
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ýurdumyzda ykdysadyýetde sanly dolandyryş ulgamyna geçmek ýokary depginlerde alnyp barylýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ykdysadyyetde amallaryň tizleşdirilmegine, maglumatlaryň tiz alşylmagyna we raýatlaryň gymmatly iş wagtlarynyň tygşytlanmagyna mümkinçilik berýär. Şol sanda, sanly bilim usullarynyň ornaşdyrylmagy milli bilim ulgamymyzyň dünýä derejeli ösüşlere ýetmegine giň ýol açýar.
Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilimiň sanlylaşdyrylmagy örän peýdalydyr. Ol ýokary we orta okuw mekdepleriň professor- mugallymlaryna uzak aralykdan özara tejribe alyşmaga, wideomaslahatlary guramaga, talyplara we okuwçylara uzak aralykdan guralýan ders bäsleşiklerine gatnaşmaga, dünýäniň meşhur kitaphanalarynyň kitap gorlaryna aralaşyp, nazary sapaklarda öwrenen maglumatlaryny özbaşdak ösdürmäge we baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şunda ýurdumyzda köpugurly özgertmeleri amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyryşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de täzeden guramagyň nobatdaky tapgyry göz öňünde tutulyp, Sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň başy başlandy. Mähriban Arkadagymyz tarapyndan 2017-nji ýylda gol çekilen Karar bilen tassyklanylan Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna we bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, bilim edaralarynda işler has-da kämilleşdirilip, bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär. Sanly serişdeler giňden peýdalanylyp, bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar, hili dünýä derejelerine laýyklykda kämilleşdirilýär.
Sanly serişdeleriň ornaşdyrylmagy bilim bermegiň usullaryny kämilleşdirmäge hem giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda innowasion maglumat merkeziniň döredilýändigi, ol ýerde elektron bilim gorlaryny özünde jemleýän merkezi serweriň ýerleşdirilýänligi aýratyn bellenilmäge mynasyp ýagdaýdyr. Şunuň ýaly şertleriň döredilmegi bilim berlişini standartlaşdyrmaga hem mümkinçilik berer.
Resulgeldi Aýdogdyýew,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.