Habarlar

Türkmenistanyň we Ermenistanyň kitaphanaçylarynyň onlaýn maslahaty

https://ussatnews.com/storage/posts/431/original-15fe5ae2677707.jpeg

24 dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Kitaphanalar ýurduň medeni-bilim taýdan ýeten derejesiniň, ilatyň intellektual taýdan ösüşiniň görkezijisidir” diýip nygtaýar hem-de halkymyzyň kitaba aýratyn ähmiýet berip, bu baýlyklara hemişe hormat bilen garandygyny belleýär.

Şu gün tejribe alyşmak boýunça onlaýn maslahat Türkmenistanyň döwlet kitaphanasynyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň döwlet kitaphanalarynyň wekillerini hem-de Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň işgärlerini jemledi. Umuman, kitaphana gaznalarynyň goraglylygynyň usulyýeti hem-de kitaplary abatlamagyň meseleleri, seýrek neşirleriň bitewi elektron katalogyny döretmek ýörelgeleri, şeýle hem kitap ýygyndylaryny sanlylaşdyrmak baradaky meseleler hakynda gürrüň edildi.

Häzir kitaphana işiniň ösdürilmegi bu ulgamyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar. “Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzda medeniýet we aň-bilim ulgamynyň edaralaryny kämilleşdirmek boýunça ähli çäreler görülýär.

Medeniýet ministrligine degişli merkezi kitaphanalarda öňdebaryjy tehnologiýalara we dünýäniň iň oňat tejribesine esaslanan bitewi elektron ulgam döredildi. Ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işgärleriniň arasynda usulyýet okuwlary, okuw maslahatlar, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly olaryň işiniň netijeliligini artdyrmaga kömek edýän bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

Wideoduşuşygyň dowamynda iki ýurduň kitaphanaçylarynyň gyzykly we netijeli pikir alyşmalary boldy, her tarapdan hasabatlar diňlenildi. Soňra söhbetdeşlik “sowal-jogap” görnüşinde dowam etdi—kärdeşler Türkmenistanda hem-de Ermenistanda ulanylýan kitaphanaçylyk işiniň ösdürilmegine innowasion çemeleşmeler barada birek-birekden has anyk ýagdaýlary bilmäge mümkinçilik aldylar.

Bellenilişi ýaly, kitaphana däp boýunça bilimleriň saklanylýan ýeri hem-de medeniýetiň ojagy bolmak bilen, okyjylaryň döwrebap isleglerine kybap gelmelidir, olar bilen, şol sanda wirtual ýagdaýda işjeň gatnaşyk etmelidir. Şeýle gatnaşyga häzirki wagtda biziň gündelik durmuşymyzyň, işimiziň, boş wagtymyzyň, hat-habar alyşmagymyzyň, öz dünýägaraýşyňy we bilimiňi ösdürmegiň köp bölegi geçýär.

Foruma gatnaşyjylar mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändikleri barada pikirlerini aýtdylar.

Başga habarlar
16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.


16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.