DÜNÝÄDÄKI IŇ ULY MIWE
Dünýädäki agaçda ösýän iň uly miwe bu- Jekfrutdyr. Jekfruty ilkinji gezek görenleriň hemmesi gaty geň galýarlar. Ol tutlar maşgala degişli. Miwesiniň uzynlygy 20-90 sm, diametri 20 sm miweleriniň agramy 35 kg deň. Olaryň galyň derisi köp sanly konus görnüşli örtükler bilen örtülendir. Miweleri ýaşyl bolýar, bişenlerinde ýaşyl sary ýa-da goňur sary bolýar.
Kesilen miwäniň tagamy banan we ananasy ýatladýan ýakymly ysy bolýar. Miwe bişensoň, gabydy uzalýar, elastik bolýar we inçe ys çykarýar. Gaty güýçli ys onuň bişendigini aňladýar. Artykmaç köp saklanan miwäniň reňki goňur bolýar we çalt zaýalanýar, ýöne 1-2 aýlap sowadyjyda saklanyp bilner.
Jekfrutyň düzüminde A witamini, kükürt kaliý, kalsiý we fosfor saklanar. Jekfrut dermanlyk maksatlar üçin hem ulanylýar. Agajyň kökleri içgeçmäni bejermek üçin ulanylýar. Jekfrudyň ýapraklary ene süýt üpjünçiligini ýokarlandyrar diýip hasaplanylar. Jekfrut Banglaşiň milli miwesidir. Häzirki wagtda ol Günorta-Gündogar Aziýada we Filippinlerde has ýygy duş gelýär. Bu miweli agaçdan mebel we saz gurallary öndürilýär, sebäbi agaç berkligi we owadan altyn reňki bilen meşhurdyr. XIX asyrda Jekfrut agajynyň gabygyndan alnan sary boýag gaty gymmatly söwda önümi bolupdyr.Taýlandda ýüpek, pagta we monahlaryň eşiklerini boýamak üçin ulanylýar.
Ogulşat DURMUŞOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Himiýa fakultetiniň Organiki we analitiki himiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.