Makalalar

Ynamly gadamlar bilen

https://ussatnews.com/storage/posts/4547/original-1636015e3181f3.jpeg

Şu ýylyň ýedi aýynda gazanylan önümçilik görkezijileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň oňat netijeler bilen jemlenjekdigini çaklamaga esas berýär. Bu babatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleriniň bitirýän işleri öwgä mynasypdyr.

— Şanly ýyla ynamly gadam basdyk. Görkezijilerimiz hem barha ýokarlanýar. Şu ýylyň geçen ýedi aýynda müdirligimiz boýunça tebigy gazyň 7 milliard 214,6 million kubmetrden gowragy öndürildi. Munuň özi meýilnamanyň 127 göterimden gowrak berjaý edilendigini görkezýär. Ýylyň geçen döwründe Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi arkaly «mawy ýangyjyň» 4 milliard 466,5 million kubmetrden gowragy akdyryldy. Şonça harytlyk önümiň agramly bölegi bolsa dostana Hytaý döwletine ugradyldy — diýip, müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow gürrüň berýär.

Bu gulluga ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň dürli sebitlerinde ýerleşýän gaz känlerinden dessin maglumatlar gelip gowuşýar. Hünärmenler olary hasaba alyp umumylaşdyrýarlar we degişli hasabatlary düzýärler. Şol hasabatlara nazar aýlanyňda, özara bäsleşikde Agamyrat Jumabaýew tarapyndan başarjaňlyk bilen baştutanlyk edilýän Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň işgärleriniň öňbaşçylyk edýändigine magat göz ýetirip bolýar. Bölegiň ýolbaşçysy:

— Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürýän döwründe yhlasly zähmet çekip, belent sepgitleri eýelemek baş maksadymyz bolup durýar. Biziň bölegimizde öz käriniň hakyky ussatlarynyň uly topary arman-ýadaman zähmet çekýär. Öňdeligi elden bermän, ýyly uly zähmet ýeňişlerine besläris — diýip, ynam bilen aýdýar.

Hakykatdan-da, gürrüňi edilýän bölek boýunça tebigy gazy öndürmekde gazanylýan görkezijiler guwandyryjydyr. Geliň, şol buýsandyryjy sanlara ser salalyň: ýylyň başyndan bäri öňdebaryjy bölek boýunça tebigy gazyň 5 milliard 960,3 million kubmetre golaýy öndürilip, ýedi aýyň meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Şeýle gowy görkezijileriň Malaý gaz käninde kuwwatly gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi we onuň netijeli işledilmegi arkaly gazanylýandygy bellärliklidir.

Tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmakda hereketsiz duran guýulary abatlamak we gaýtadan işe girizmek möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Bu gaýragoýulmasyz işi müdirligiň guýulary ýerasty we düýpli bejeriji böleginiň başarjaň işgärleri ussatlarça ýerine ýetirýärler. Olar tarapyndan ýylyň geçen döwründe guýularyň 18-isi abatlanyldy. Bu işleriň aglaba bölegi Malaý, Kerpiçli, Böwrüdeşik gaz känlerinde berjaý edildi. Şeýle-de geçen aýda Agarguýy meýdançasynda täze burawlanan 5-nji guýy ulanyşa goşuldy. Şular ýaly önjeýli işleriň netijesinde gymmatly önümiň goşmaça öndürilmegi üpjün edilýär.

Alnyp barylýan işleriň ahyrky maksady tebigy gazyň öndürilişini artdyrmakdan ybaratdyr. Bu işler goşmaça mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak, täze meýdançalary senagat taýdan özleşdirmek ýaly çäreleri öz içine alýar. Bu babatda bize giň goldaw berilýär we amatly şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň özümiz hakynda edýän taýsyz aladalaryna, bize bildirýän ynamyna päk zähmetimiz bilen jogap bereris — diýip, müdirligiň geologiýa bölüminiň başlygy Berdi Kutlyýew nygtaýar.

Hawa, baýlyk çykaryjylaryň ruhlary belent, maksatlary aýdyň. Olar tamamlanýan her güni, hepdäni, aýy zähmet ýeňişlerine besleýärler. Müdirlik boýunça şanly ýylda harytlyk önümiň jemi 9 milliard 740 million 427 müň kubmetri öndürilmeli. Şu döwre çenli gazanylan guwandyryjy netijeler bolsa şanly ýylyň şowlulyklara beslenjekdigine bolan ynamy berkidýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.


16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.

16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.


169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.