Ýunus Emreniň döredijiligi täsin dünýägaraýyşlarynyň netijesinde şu güne çenli syrly bolup galdy

Diwanlaryň ulusyny ýazan, älemleriň syryny açmaga çalyşan, dünýäniň , hat-da iki älemiň bir köprüsine göz ýetiren, halys inçe lirizmi bilen günümizi iň ajaýyp filosofy Ýunsu Emre bu gün edebiýatyň iň kämil, iň ýokary baýdagydyr. Şol husuda ony öwrenmek we oňa sarpa goýmak biziň paýymyza düşýär. Ýunus Emräniň döredijiligini öwrenmek üçin müňýyllyklaryň diwan edebiýatynyň sahypalarynyň döremelidigi düşnüklidir. Şol sebäpli- de häzirki döwürde ýurdumyzda beýik şahsyýetleriň döredijiligini öwrenmekde edebiýatçylarymyz hem uly işler edýärler. Ýunsu Emräniň döredijiligi hakda ylmy işler taýýarlap, ony nesillerimize sarpa bilen öwredýärler we şol çuňňur diwan edebiýatynyň wekili hakda birnäçe filmler, dokumental magluamtlar bilen gyzyklanyp, ylmy işler taýýarlaýarlar. Ýunus Emre Diwan edebiýatyň ýokay hilli gurujylarynyň biri bolup, beýik Jelaletdin Rumynyň ýokary bahasyna mynasyp bolandyr.
1241-1321-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen beýik filosof, Tapdyk emräniň şägirdi, Diwan edebiýatynda iň uly eserleriniň belli bolmagy bilen aslynda Seljuk Anadoly döwründe ýaşandyy bilinse- de nirede doganlygy belli däldir. “Risalutun- Noşiýe”ýaly kitaplarynda belli bolşy ýaly,ol barada iň köp işlän türk alymy Fuat Köprüli bolup, onuň beýik şähsyýet barada ýazan kitaby belli eserdir. “Heje” we “aruz” ölçeglerinde ýazan, gazal we mesnewi görnüşinde ýazan şahyr, filosofdyr. Beýik Ýunus Emräniň hak haky gözläp, çuňňur älemlere baş goýmasy, edebiýatda galdyran yzlarynyň soňra nijeme asyrlap, ýadygärlik bolmasy bu günki gün dünýä edebiýatynda onuň ornunyň başgadygyny subut edýär. Çünki Ýunus Emräniň döredijiligi barada aýdylanynda, Möwlana Jelaletdin Rumynyň oňa beren bahasy ilkinji nobatda göz öňüňde janlanýar. “Nirä aýak bassam, bir aýak yzyny gördüm, ol aýak yzy sorasam, “Türkmen derwüşi- Ýunus Emräniňki” – diýdiler”
Ýunus Emre beýik klassyk, Gündogaryň parlak ýyldyzy. Onuň döredijiliginiň şu güne çenli syrly bolup galmagy hem täsin dünýägaraýyşlarynyň netijesindendir.Ýunus Emre- Türkmen dünýäsiniň kämilligini özünde jemleýän we ol kämilligiň asyrlar boýy dowam etmegini öz geredeninde çeken, derwüş şahyr, sufizmiň iň ýüje makamlaryna dalaş eden beýik bir şahsyýetdir. Seýit onuň hakyky ady bolup, içki ahlagyna, ruhy basgançaklaryna syýahata çagyrýan şahsyýetdir.
Zübeýda BERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.

Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.

Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.

Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi
Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.

Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.