Aşgabat jemleýji resminamasyny BMG agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýratdy
Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynyň ilkinji guninde ýurdumyza hoş habar gelip gowuşmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyza, hormatly Prezidentime biziň ýüregimizde bolan guwanjymyz we buýsanjymyz artdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk syýasaty we onuň orny” atly Halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.
Halkara diplomatiýasynda onuň “Aşgabat jemleýji resminamasy” diýlip atlandyrylandygyny bellemeli. Bu barada BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy habar berdi. Bu hoş habar her bir türkmenistanlynyň aňynda hemişelik galan şanly sene hökmünde taryha girer.
Şeýlelikde,Türkmenistan bilen BMG-niň ýygjam hyzmatdaşlygyna täze itergi berildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, milli Liderimiziň wajyp halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýändigini aňladýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň 7-nji dekabrynda biragyzdan kabul eden “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüşinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamasy, şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň çäklerinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň we Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Aşgabat jemleýji resminamasy hakyndaky täzeligiň gelip gowuşmagy aýdylanlary ýene bir ýola tassyklaýar.
16 bölümden ybarat bolan resminama dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde bitaraplyk syýasatynyň eýeleýän ornunyň ykrar edilmegini özünde jemleýär. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletlerini işjeň bitaraplyk syýasatyny alyp barmaga ýardam bermäge, dawalary parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmakda we gapma-garşylyklaryň öňüni almakda bitarap döwletleriň mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmaga çagyrýar hem-de maslahat berýär.
Bu resminamada milli bitaraplyk syýasatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esasy ugurlarynyň biri bolan Öňüni alyş diplomatiýasynyň gapma-garşylyklaryň öňüni almak işinde peýdalanylmagyny höweslendirmek, gepleşikleri geçirmek, hoşniýetli hyzmatlary ýola goýmak, maglumatlary kesgitlemek boýunça işleri ýerine ýetirmek, ýörite gollanmalary resmi däl geňeşmeleri peýdalanmak, ösüş babatda maksatnamalaýyn işleri amala aşyrmak barada aýdylýar.
Şunuň bilen baglylykda, bu resminamada Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezine möhüm ornuň degişlidigi bellenilýär. Merkez 2007-nji ýylyň dekabrynda halkara bileleşiginiň goldaw bermeginde Aşgabatda döredildi hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň döwletlerine we onuň bilen serhetleşýän ýurtlara özara hyzmatdaşlygy höweslendirmek arkaly sebit meselelerini çözmäge ýardam bermekde möhüm orun eýeleýär.
Aşgabat jemleýji resminamasynyň bölümleriniň birinde halkara bileleşiginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden jarnamasyna we parahatçylyk babatda Hereketleriň maksatnamasyna eýermegiň zerurdygy bellenilýär. Şeýle hem onda döwletleriň arasynda parahatçylykly we ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam bermegi dowam etmek nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, raýdaşlygy hem-de sazlaşygy pugtalandyrmak ýoly bilen durnukly ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün edýän gymmatlyk hökmünde bitaraplyk syýasaty bilen berk baglanyşykly bolmalydygy barada aýdylýar.
Halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň çäklerinde esasy çäre hökmünde şu ýylda ýokary derejedäki Parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyny goldandyklary barada resminamanyň giriş bölüminde aýdylýar.
Şeýle hem resminamada Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy boýunça parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we olaryň sebäplerini hem-de zyýanlaryny aradan aýyrmakda bitaraplygyň esaslaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça köptaraply gatnaşyklary üpjün etmäge gönükdirilen Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek başlangyjy makullanylýar.
Resminamada Birleşen Milletler Guramasynyň halkara meselelerini kadalaşdyrmakda bitaraplygyň ýörelgelerini netijeli peýdalanmak üçin Kadalar toplumyny işläp taýýarlamak babatda Türkmenistanyň başlangyçlaryna we tagallalaryna goldaw berilýär hem-de syýasy durnuklylyk şertlerinde döwletleriň arasyndaky durnukly we uzakmöhletleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary saklamaga, halkara hukugynda hem-de halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasatyny amaly we tejribe taýdan öwrenmek boýunça ylmy-barlag hem-de okuw merkezlerini döretmäge gönükdirilen milli bitaraplygyň ykdysady we geoykdysady ugurlarynyň ähmiýeti nygtalýar.
Adatdan daşary ýagdaýlarda hem-de tebigy heläkçilik şertlerinde bitaraplyk syýasatynyň we onuň eýeleýän ornunyň ynsanperwerlik taýdan aýratyn ähmiýetlidigi resminamada tassyklanylýar.
Bu resminama Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri, halkara hem-de sebitara guramalary, hökümet birleşmelerini we şahsy taraplary, şol sanda ýaşlary her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli jemgyýetiň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi saklamakda we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny hem-de ähmiýeti bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen çäreleri guramaga çagyrýar.
Aşgabat jemleýji resminamasynda halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk syýasatynyň ornuny berkitmek meselelerine bagyşlanan ýokary derejedäki forumlary geçirmek üçin azyndan bäş gezek degişli çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygy nygtalýar. Bu gatnaşyklar halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berer.
Resminamanyň jemleýji bölüminde “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Halkara maslahatyny gurandygy üçin Türkmenistanyň halkyna hem-de Hökümetine çuňňur hoşallyk sözleri beýan edilýär. Maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirildi.
Kakajan Nazyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Döwrüň ruhuna mynasyp seslenýän neşir
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýä derejesindäki ýokary ösüşlerini, durmuşa geçirilen we alnyp barylýan iri taslamalary, ekologiýa meselelerini, halkara we döwlet derejesindäki forumlary, işewürlik duşuşyklaryny we beýleki dürli ugurlaryň möhüm materiallaryny, täzeliklerini hem habarlaryny dessin beýan edip köpçülige ýetirmekde milli habar beriş serişdeleriniň ähmiýeti bimöçber uludyr.
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy zähmet ýeňişleri
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna giňden taýýarlyk görülýän günlerde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, nebitgaz toplumynda hem guwandyryjy zähmet ýeňişleri gazanylýar.
Türkmenistan kükürtsiz tebigy gazy gözlemek üçin geologiýa-gözleg burawlaýyş işlerini giňeldýär
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän birnäçe nebitgazly meýdançalarda kükürtsiz tebigy gazyň gözlegine aýratyn üns berip, giň gerimli geologiýa-gözleg we ulanyş burawlaýyş işlerini alyp barýar. Işler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar.
Umumymilli foruma taýýarlygyň çäklerinde maslahat geçirildi
Watanymyzyň ösüş ýolunda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýan döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.