Habarlar

Türkmenistanyň halk artisti Rejep Allaýarowyň saz eserlerinden düzülen ýatlama konserti geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/5205/original-164198796ed7b6.jpeg

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Türkmenistanyň halk artisti, «Gaýrat» medalynyň eýesi, saz-jemgyýet işgäri, kompozitor, professor, mugallym Rejep Allaýarowyň saz eserlerinden düzülen ýatlama konserti geçirildi.

Konsertiň ilkinji çykyşynda еstrada aýdym sungaty kafedrasynyň mugallymy Tylla Saryýewanyň aýtmagynda kompozitor Rejep Аllaýarowyň şahyr Alty Akmämmedowyň goşgusyna döreden «Söýgi aýdymy» atly eseri ýerine ýetirildi, oňa konserwatoriýanyň Kamera orkestri sazandarlyk etdi, orkestriň çeper ýolbaşçysy we dirižýory Nury Muhyýew.

Soňra konserwatoriýanyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ýelena Osipowa halypa mugallym Rejep Allaýarowyň «Döredijilik ýoly» tema boýunça interaktiw tagtasynda taýýarlan prezentasiýaly häsiýetnama berdi. Lektor ussat sazandanyň saz älemine gelmegi, döredijiliginde häzirki zaman kompozitorçylyk tehniki serişdeleriň milli däp-dessurlary bilen utgaşdyrmagy, kompozitoryň beýan edýän dünýäsiniň dürli taraplary we durmuş ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň berdi.

Kompozitoryň döredijiliginde simfoniýa, wokal-simfoniýa, kamera-wokal, kamera-instrumental ýaly dürli žanrlary öz beýanyny tapdy. Olaryň arasynda Skripka we orkestr üçin konser-poema, Wiolonçel we orkestr üçin konsert, simfoniki orkestr üçin eserleri, hindi şahyry Rabindranat Tagoryň goşgularyna oratoriýa, nusgawy we häzirki zaman türkmen şahyrlaryň goşgularyna wokal toplumlary kompozitoryň döredijiliginiň dürli taraplaryny häsiýetlendirýär.

Rejep Allaýarowyň saz-jemgyýet işgäri hökmünde uly işleri amala aşyrdy, ol 1989-2001-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň rektory wezipesinde işledi. Onuň aladalary bilen bu institutyň bölümleriniň esasynda Türkmen döwlet instituty, Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasy we Türkmen milli konserwatoriýasy döredildi.

Rejep Allaýarowyň pedagogiki işleriniň netijesi hökmünde onuň ýetişdiren kompozitorlary, dirižýorlary we sazşynaslary häzirki döwürde ýurdumyzda döredijilik işlerini dowam edýärler, olardan: kompozitorlar Meret Annamyradowy, Nury Hojamuhammedowy, Röwşen Nepesowy, Kerimguly Garowowy, Nurberdi Hojaýewi, Tylla Öwezowany, Aýna Şirowany, Maýsa Mämmetjumaýewany, Jahan Paýtakowany, dirižýor Nury Muhyýewi, sazşynaslar Ýelena Osipowany, Zulfiýa Jumagulyýewany, Tatýana Litwinany, Agajan Açylowy, Gülbahar Ýazmämmedowany, Bahargül Ýakubowany we başgalary belläp bolar.

Konsertiň dowamynda Kamera orkestriň ýerine ýetirmeginde we sazandarlygynda Rejep Allaýarowyň eserlerinden düzülen simfoniki orkestr üçin «Üç tans», şahyr Nesiminiň ýagty ýadygärligine bagyşlanan «Saksafon we kamera orkestri üçin elegiýa» (solist Hydyr Esenow), konserwatoriýanyň hor toparynyň aýtmagynda şahyr Garaja Oglanyň goşgularyna «Säher ýeli» (hormeýster Ýelena Moskwiçýowa) we «Bolmasyn» (solist Suraý Kubyýewa), we ýekelikde çykyş etmeginde şol şahydyryň goşgularyna «Ýerimde ýok» (solist Azat Bazarow), «Ýar köňlüme salsa meni» (solistler Baýramtäç Gandymowa we Hoşgeldi Hudaýkuliýew ), «Ölmezmiş» (solistler Sähra Akmämmedowa we Kadyr Esenow), şahyr Ýunus Emräniň goşgusyna «Yşk ber maňa» (solistler Baýramtäç Gandymowa we dutarda Laçyn Hudaýberdiýewa). Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň fortepiano saz guralynda ýerine ýetirmeginde kompozitoryň «Prelýudiýa» eserleri ýaňlandy.

Wiolonçel saz guralynda Kakageldi Hojalekowyň we fortepiano saz guralynda Şaislam Kamiljanowyň ýerine ýetirmeklerinde «Watana bolan söýgi» medalynyň eýesi, zehinli kompozitor Meret Annamyradowyň öz mugallymyna bagyşlap döreden «Professor Rejep Allaýarowyň ýagty ýadygärligine Wiolonçel we fortepiano üçin poemasy» sahnada ilkinji gezek ýerine ýetirildi.

Şeýle-de, konsertiň dowamynda ussat halypany ýatlamak bilen Türkmenistanyň halk artistleri Baýramdurdy Hydaýnazarow we Daňatar Hydyrow, Türkmenistanyň halk hudožnigi Babasary Annamyradow, kompozitorlar Meret Annamyradow, Röwşen Nepesow, Nurberdi Hojaýew, Maýsa Mämmetjumaýewa çykyş etdiler. Olar Rejep Allaýarowyň saz eserleriniň häzirki döwüre çenli Türkmenistanyň çäklerinden daşary Birleşen Amerikanyň Ştatlary, Türkiýe, Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan ýaly döwletlerinde ýerine ýetirilýanligini bellediler.

Jemal AGAJANOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Orkestr saz gurallary» fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Başga habarlar
16aec25f474747.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyndaky ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY.


16aeb29d2189d4.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.


16ae9b3c005644.jpeg
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar

Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.

16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.