Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gynanç hatlar

https://ussatnews.com/storage/posts/5296/original-16432410c76bee.jpeg

Onuň Alyhezreti,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň käbäňiziň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjymy kabul ediň.

Size we Siziň maşgala agzalaryňyza öwezini dolup bolmajak we agyr ýitgi pursadynda kalby rahatlygy hem-de sabyr-takat dileg edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Siziň mähriban käbäňiz Ogulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.

Bu agyr ýitgi zerarly Size, Siziň ähli garyndaşlaryňyza we ýakynlaryňyza ýürekden medet beriji sözlerimi we gynanjymy beýan edýärin.

Size sabyr-takat we mertlik dileg edýärin.

Gynanç bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Meniň gadyrly doganym!

Siziň mähriban we eziz käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky ajy habar biziň ýüreklerimizde çuňňur hasrat döretdi.

Ogulabat eje Siz tarapyndan belent sarpa goýulýan asylly ynsan bolmak bilen özüniň päk durmuşy, yhlasly zähmeti we hoşgylawlylygy, sabyr-takatlylygy bilen tutuş halkyňyzyň hem belent hormatyna mynasypdyr. Ol Siz ýaly, türkmen halky üçin taryhyň nukdaýnazaryndan hem deňi-taýy bolmadyk belent işleri amala aşyran gaýduwsyz hem milletiň beýik Lideriniň terbiýeläp ýetişdirdi. Türkmen eneleriniň hem-de ähli zenanlarynyň asylly häsiýetlerini özünde jemlän Ogulabat ejäniň ady biziň hakydamyzda edebilik saklanar.

Siziň maşgalaňyz üçin uly ýitgi güni bolan şu hasratly pursatda Siziň Alyhezretiňize, Siziň ähli ýakynlaryňyza, şeýle hem Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gynanjymyzy beýan edýäris.

Mukaddes Oraza aýynyň şu nurana günlerinde Beýik Allatagaladan merhumyň jaýyny jennet etmegini, meniň gadyry doganym Size, Siziň maşgalaňyzyň agzalaryna sabyr-kanagat, gujur-gaýrat eçilmegini dileg edýärin.

Çuňňur gynanç bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.