Habarlar

ÝTÖB wekilleri bilen wideoduşuşyk geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/555/original-15ffebc2f2d51f.jpeg

12-nji ýanwarda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrlgiiniň, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň halkara maliýe we ykdysady düzümleri, şol sanda ÝTÖB bilen gatnaşyklaryny ep-esli giňeldendigini bellediler. Bu bank bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar geljekki gatnaşyklaryň çäklerinde göz öňünde tutulan meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Daşary ýurt maýalaryny hem-de Diýarymyzyň telekeçilik ulgamynyň serişdelerini çekmek üçin ýurdumyzda döredilen amatly ýagdaýyň esasynda maýa goýum işini işjeňleşdirmek bu özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem türkmen ykdysadyýetiniň hususy ulgamyny ösdürmekde “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Duşuşyga gatnaşyöjylaryň meýilanamalary häzirki zaman işewürlik ugurlaryny hem-de bank ulgamynda dolandyryş işini goldamak boýunça çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýar.

Başga habarlar
16aa3eddae9693.jpeg
Berkarar döwletiň talyplarynyň köňül kelamy

Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna täze ylym-bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem täze ýokary okuw mekdepleri, umumybilim berýän orta okuw mekdepleri ulanylmaga berildi. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ilerleýändigini görkezýär. Şu ýyl hem arzuwlary myrat tapyp, ýokary okuwa giren ýaşlar örän köpdür. Olaryň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine täze okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlar hem az däl.


16aa2408e4abd2.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.

16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.


16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.