Makalalar

Türkiýeli professor Ahmet Buranyň «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly täze kitaby çapdan çykdy

https://ussatnews.com/storage/posts/5634/original-16496e6205a00e.jpeg

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellemäge döwletimiz tarapyndan uly taýýarlyk görülýär. Bu toý türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent hormat-sarpasynyň, dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň näderejede belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler.» – diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar şahyrymyzyň şahyrana döredijiligi dürli dillerde älem-jahana ýaň salyp, bütindünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň iri halkara başlangyjy bilen, mertebesi belent Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» maksatnamasyna 80-den gowrak golýazma diwany goşulan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy bütindünýä ylmy jemgyýetçiligi bilen bir hatarda, türk alymlarynda hem uly gyzyklanma döredýär.

Ýaňy-ýakynda türkiýeli professor, filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Buranyň «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly täze kitaby çapdan çykdy. Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ylmy terjimehalyndan we çeper döredijiliginden söz açýan bu täze kitap Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldaw bermegi esasynda Türk medeniýetine hyzmat gaznasy tarapyndan türk dilinde çap edildi. Türk alymy Ahmet Buran özüniň 300 sahypadan ybarat bolan «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly täze kitabynyň, aslynda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna niýetlenilip ýazylandygyny, ýöne beýik türkmen akyldarynyň döredijiliginde halk agzybirligi, erkinligi we jebisligi, ýurt asudalygy, abadançylygy we parahatçylygy hem-de garaşsyz döwlet gurmak, berkarar diýar bolmak ýaly umumadamzat ähmiýetli düşünjeleriň eriç-argaç bolup geçýändigi sebäpli, Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanylyp neşir edilendigini dile getirýär.

Türkiýeli professor, filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Buran özüniň III bölümden ybarat bolan «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly täze kitabynda şahyryň ylmy terjimehaly – durmuş ýoly, baý döredijilik mirasy dogrusynda düýpli ylmy gözlegleriniň netijesine esaslanýan ylmy pikir-garaýyşlaryny türk okyjylary üçin düşnükli bolar ýaly örän sada ylmy dilde, diýseň çeper beýan edýär we Magtymgulynyň döredijiliginiň edebi-taryhy kökleri, gaýtalanmaz we özboluşly taraplary, şahyrana dil babatdaky aýratynlyklary baradaky ylmy-nazary pikirlerini öňe sürýär.

Türkiýede türk dilinde neşir edilen täze kitapda Magtymguly atamyzyň edebi mirasy bitewi derňelip, Gündogar edebiýatynyň edebi däpleriniň şahyryň döredijiligine eden täsiri yzarlanýar we dana Pyragynyň şahyrana dünýägaraýşy, özboluşly döredijilik usuly, çeper pikirlenmä ussatlygy hem täzeçillik gözlegleri kesgitlenýär. Türk alymy Ahmet Buran öz kitabynda Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiliginiň özboluşly aýratynlyklaryny ýüze çykarmaklyga şowly synanyşyk edýär we beýik akyldar şahyrymyzyň şahyrana edebi mirasynyň milli çeperçilik däbine ylmy seljerme berýär. «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly täze kitapda dana şahyrymyzyň ömri-döredijiligi, şygyrlaryndaky millilik, taryhylyk, watana, durmuşa bolan söýgi, ynsany we ylahy söýgi, romantizm – joşgunly hyýalbentlik babatdaky şahyrana çeper pikirlenmeleri düýpli yzarlanyp, ylmy-derňew edilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, türk dilinde çap edilen täze neşir Magtymguly atamyzyň edebi mirasyna dahyllylykda, örän möhüm hem-de derwaýys temalara bagyşlanypdyr. Bu barada türk alymy Ahmet Buran öz kitabynyň bölümçelerinde gysgajyk hem bolsa, ýerlikli esaslandyrmalar beripdir. Umuman alanyňda, III bölümden ybarat bolan «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly täze kitabyň ylmy-nazary esaslandyrylmasynyň berkidigini aýtmak gerek. Hususan-da «Magtymgulynyň durmuş ýoly – ylmy terjimehaly», «Magtymgulynyň düşünje dünýäsi», «Magtymguly we türk aýdyňlanmasy», «Magtymguly we türkmen aýdyňlanmasy», «Magtymgulynyň edebi kişiligi we şygyrlary», «Magtymgulynyň diwany we nusgalary», «Magtymgulynyň şygyrlarynda dil we uslyp» ýaly bölümçeler awtoryň bu kitabynda ylmy işiň tehniki talaplaryny ýokary derejede berjaý edendigini görkezýär. Degişli bölümçeler «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly täze ylmy işiň amalyýet bilen baglanyşygyny, awtoryň bu kitapda getiren pikir täzeliklerini oňat häsiýetlendirýär. Diýmek, «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly täze kitabyň awtory Ahmet Buran Magtymguly Pyragynyň tutuş edebi mirasyny-da, bu edebi mirasyň öz ylmy işi bilen baglanyşykly taraplaryny-da oňat bilýär. Türk alymy beýik türkmen akyldarynyň şygyrlary barada ýerlikli we esasly pikir ýöredýär hem-de bu işde ol dana şahyryň şahyrana çeper pikirlenmesiniň içki logikasyny bozmazdan, onuň eserlerini örän dogry seljerýär.

Türkiýeli professor, filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Buran ylmy jemgyýetçilikde giňden tanalýan, görnükli türkmen, türk magtymgulyşynaslarynyň ählisiniň işlerini anyk we içgin bilýär we özüniň «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly ylmy-derňew işinde olaryň hersiniň ähmiýetini hem-de ornuny göz öňünde tutup pikir ýöredýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, türk alymy Ahmet Buranyň «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly täze kitabyny magtymşynaslyk ylmynda mälim bolan, iň naýbaşy we gymmatly ylmy neşirleriň hatarynda görkezmeklik bolar.

Toýly JÄNÄDOW,

ýörite ussatnews.com elektron gazeti üçin.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.