Makalalar

Zawodlar toplumyndaky buýsançly ösüşler

https://ussatnews.com/storage/posts/5809/original-164ca7722295d2.jpeg

Ýeriň jümmüşindäki nebit çig malynyň tassyklanan gorlarynyň on göterimine barabarynyň berkarar türkmen döwletiniň paýyna düşýändigi buýsançly hakykatdyr. Türkmen topragyna rowa görlen bu uly baýlygy halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika pudagynyň kerwenbaşysy bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda diňe soňky ýyllarda alnyp barylýan ägirt uly işler hem muny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.

Harytlyk görnüşindäki ilkinji önümlerini sarp edijilere ýetirip başlanyna Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 5-nji iýunynda 80 ýyl dolýan bu toplum mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde düýpli täzelenişi başdan geçirip, bu ugurda tutuş dünýäde giňden tanalýan kärhanalaryň hataryna ynamly goşuldy. Ýeterlik derejede döwlet maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi bilen bu ýerde çig nebitden dürli görnüşli harytlyk önümleri taýýarlaýan zawodlar, şeýle hem üpjünçilik gurluşlarynyň häzirki zaman desgalary işe girizildi.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň bu zawodlar toplumynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde täze gurlan önümçilik desgalarynyň, medeni-durmuş maksatly ymaratlaryň sanynyň ellä golaýlaýandygy hem türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygynyň subutnamasydyr. Olara Irlandiýanyň, Çehiýanyň, Ýaponiýanyň, Eýranyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Ysraýylyň, Şotlandiýanyň, Şweýsariýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Koreýanyň, ABŞ-nyň, Indoneziýanyň... dünýä belli kompaniýalarynyň potratçy bolup gatnaşandyklaryny hem aýratyn nygtamak gerek. Bu sanawda türkmen telekeçileriniň amala aşyran taslamalary hem özüne mynasyp orny eýeleýär.

Bu toplum etillenmedik awtomobil ýangyçlaryny, awiasiýa we tehniki kerosinleri, reaktiw we dizel ýangyjyny, mazuty, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, ýeňil gazoýly, nebit elektrod koksuny, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk we ýol bitumlaryny we ýene-de birnäçe nebit önümlerini taýýarlap, döwletimiziň eksport kuwwatynyň esasyny düzýändigi bilen tapawutlanýar. Toplumda täze, döwrebap desgalaryň gurluşyklary hem ygtybarly dowamat tapýar. Halkara hil ülňülerine aňrybaş derejede laýyk gurlan kuwwatly desgalar toplumda nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmagyň netijesinde goşmaça nebit önümleriniň taýýarlanylyşynyň möçberlerini düýpli artdyrmaga aýgytly täsirini ýetirýär.

Türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda möhüm orny eýeleýän bu kärhana hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze belentliklere ynamly gadam urýar. Toplum boýunça şu ýylyň geçen ýanwar-aprel aýlarynda gelip gowşan 1 million 554 müň tonna golaý nebit çig malynyň 1 million 526 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenilip, meýilnamalar, degişlilikde, 53,5 müň tonna we 48,7 müň tonna barabar artygy bilen berjaý edildi. Kärhana boýunça gürrüňi edilýän hasabat döwründe taýýarlanylan awtoulag benzinleriniň dürli görnüşleriniň umumy möçberi bolsa 512,5 müň tonnadan geçirilip, bu baradaky meýilnama 108 göterime golaý hötde gelindi. Bu döwürde kerosin öndürmegiň meýilnamasyna 110,1 göterim, dizel ýangyjy babatda 109,7 göterim, suwuklandyrylan gaz — 236,4 göterim, nebit bitumy boýunça 1,5 esseden hem köp amal edilendigi bolsa aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Zawodlar toplumynda «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi bilen taýýarlanylýan nebithimiýa önümleriniň ähli görnüşleriniň diňe bir içerki bazaryň däl, eýsem, daşarky bazarlaryň hem iň bir islegli önümlerine öwrülýändigi has-da buýsançlydyr.

Hojaberdi BAÝRAMOW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.