Gözel Şagulyýewa Ata Watana beýik söýgi bilen
Meniň oçerkimiň gahrymany - Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewa ýurdumyzda giňden tanalýan we uly hormata eýe bolan şahyr. Bu ajaýyp zenan döredijilik ylhamyna eýe bolup, ata Watanymyzda bolup geçýän ähli wakalara ganatly setirleri arkaly gyzgyny bilen seslenýär. Onuň goşgularynyň her bir setirinde ene topraga, mähriban halkymyza wepaly bolan şahyryň we ynsanyň joşgunly ýüreginiň gürsüldisi duýulýar.
Gözel Şagulyýewanyň döredijiligi türkmen halkynyň agzybirliginde we jebisliginde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm orun eýeleýär. Onuň ähli goşularydyr, şygyrlary eziz Watanymyza bolan gyzgyn söýgä beslenip, okyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy, tanymal estrada bagşylarynyň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň esasyny düzýär.
Gözel Şagulyýewa 1940-njy ýylyň 11-nji awgustynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň “Miras” geňeşliginde uly we agzybir maşgalada doguldy. Ol alty çaganyň ulusy bolýar. Kakasy Baýmuhammet aga Mary welaýatynyň oturymly ýaşaýjysy bolup, dutar çalmagy, goşgy okamagy halapdyr, halk döredijiliginiň muşdagy bolupdyr hem-de çagalarda ene diline we edebiýatyna bolan söýgini döretmäge çalşypdyr. Şahyryň ejesi Annabibi daýzanyň asly Ahal welaýatyndan bolup, ol hem çagalara halkyň däp-dessurlary baradaky bilimlerini beripdir. Bularyň hemmesi çagalary watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam edip, olaryň gözýetimini giňeldipdir. Ýaş şahyr bolsa, eýýäm on bir ýaşynda mekdep gazeti üçin ilkinji goşgusyny ýazýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň dil we edebiýat bölüminde okan ýyllarynda ol ilkinji şygryýet üstünligini gazanýar. Institutda Gözel döredijiligiň esaslaryny özleşdirýär, ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan (1973) soň bolsa, žurnalistika bilen işjeň meşgullanyp başlaýar.
1972-1982-nji ýyllarda şahyr Mary welaýat gazetinde habarçy, uly habarçy, bölüm müdiri bolup işleýär. 1982-nji ýylda bolsa, onuň “Edebiýat we sungat” gazetinde dowamly döredijilik ýoly başlanýar.
Gözel Şagulyýewany häzirkizaman türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry diýip atlandyrmak bolar. Ol ömrüniň 70 ýyldan gowragyny şygryýete bagyşlady. Onuň ilkinji goşgy setirleri belli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň ak pata bermegi bilen ilkinji gezek zenanlar žurnalynda çap edilipdi. Soňra beýleki neşirler onuň goşgularyny çap edip başlaýarlar, tele we radioýaýlymlara çagyrýarlar. Şeýlelikde, şygryýet onuň ykbalyna, ömrüniň manysyna öwrülýär.
Gözel Şagulyýewanyň zehini edebiýata täze bir öwüsginiň gelendigini äşgär etdi, şeýdibem türkmen edebiýatynda täze at— şahyr Gözel Şagulyýewa peýda boldy.
Ol ýyllar onuň ýaşlygynyň ajap döwrüdi. Gözel Şagulyýewa Magtymgulynyň goşgularyny, Lew Tolstoýyň, Fedor Dostoýewskiniň, Anna Ahmatowanyň, Mariýa Swetaýewanyň, Lesya Ukrainkanyň we beýlekileriň eserlerini okap, ukyp-başarnygyny irginsiz yhlas bilen kämilleşdirdi. Şahyr bu awtorlary özüniň edebi halypalary hasaplaýar. Şahyryň ilkinji terjimeleri hem şol döwre degişlidir.
1971-nji ýylda bolsa şahyr Gözel Şagulyýewanyň “Elbukjam” atly ilkinji goşgular ýygyndysy çap edildi. Soňra birnäçe rus şahyrlarynyň terjime etmeginde “Men-Garagumly” atly rus dilinde goşgular ýygyndysy neşir edildi. Edil şol mahallar Ýaşlar guramasynyň baýragynyň eýesi bolmak miýesser edýär. Yzysüre Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär.
Gözel Şagulyýewa liriki şahyr bolup, hemişe söýgi hakynda ýazmagy halaýar. Watan hakynda garaşsyzlyk ýyllarynda, gadymy we juwan türkmen topragyny uly özgerişlikler gurşap alanda ýazyp ugraýar.
Häzir şahyryň ata Watanymyzy wasp edýän, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän taryhy işlere bagyşlanan ençeme ajaýyp şygyrlary bar.
Halypa şahyryň gürrüň berşi ýaly, “Bu gün ata Watanymyzyň ähli künjeklerini gurşap alan ajaýyp ösüşleriň, Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň, başlangyçlaryň ýurdumyzyň dünýä ýüzünde eýe bolan abraýynyň şaýady bolmak, ählisine çäksiz guwanmak, buýsanmak bagtyna eýe men. Bu belentlikler kalpda ruhubelentlik duýgusyny döredýär. Ine, onsoň, şahyr hökmünde men öz setirlerimde ýüregimiň töründen çykýan ylham-joşgunymy beýan edýärin...Döreden poemalarymyň, goşgularymyň çuňňur watançylyk duýgusyna ýugrulyp, okyjylara uly täsir ýetirýänligini aňanymda galkynýan. Haçanda eziz Watanymyz, hormatly Prezidentimiz hakynda goşgulary okanymda, diňleýjileriň aglabasyny begenje buýsanja atarýandygymy görýärin. Bu bolsa, meniň ylhamymy öňküden-de joşdurýar, çünki meniň öňde goýýan baş maksadym – türkmenistanlylaryň has-da jebisleşmegine ýardam etmek, olaryň Watana, Prezidentimize bolan söýgüsini pugtalandyrmak bolup durýar”.
Gözel Şagulyýewanyň döredijiligine dünýäniň dürli ýurtlarynda – Bolgariýada, Rumyniýada, Eýranda, Hindistanda, Pakistanda, Owganystanda, Russiýada, Amerikada, Türkiýede, Ýaponiýada, Italiýada, Täjigistanda, Hytaýda we beýleki ýurtlarda el çarpdylar.
Şahyryň uly agzybir maşgalasy - iki gyzy, alty agtygy, sekiz çowlugy bar. Olar ýygy-ýygydan myhmançylyga gelýärler, halypa şahyr olary güler ýüz bilen garşylaýar. Öz taýýarlaýan dürli tagamlary bilen hezzetlemegi halaýar. Gözel Şagulyýewa özüni örän bagtly ynsan hasaplaýar.
Gözel Şagulyýewa her gününi maşklardan başlaýar. Ol çagalykdan sporty gowy görüp, köp ýyllar ýeňil atletika bilen meşgullanypdyr. Belki şonuň üçindir, segsen ýaşdan geçsede, ol özüni beden we ruhy taýdan sagdyn duýýar, tebigy gözelligi bilen hemişe mähir-mylakatly we şadyýan görünýär. Boş wagty Arkadagymyzyň, Magtymgulynyň kitaplaryny, daşary ýurt edebiýatyny okamagy, çeper filmlere tomaşa etmegi halaýar. Olar şahyry döredijilige, täze goşgulary ýazmaga ruhlandyrýar.
Durmuşda her bir adamyň, aýratyn-da döredijilik işgäriniň arzyly arzuwy bolýar. “Adam arzuwsyz, guş ganatsyz bolmaz” diýilýär. Gözel Şagulyýewanyň arzuwy – okyjylaryň onuň şygyrlaryndan lezzet alyp, olaryň has-da ruhlanyp, ajaýyp we bagtly durmuşda ýaşamagy bolup durýar.
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewa milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda ýygy-ýygydan myhmançylykda bolýar. Ol ajaýyp goşgulary bilen çykyş edip, durmuş we döredijilik barada oýlanmalaryny paýlaşýar, şahyr gazçylary, nebitçileri, geologlary ata Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Ussa Ussaýew,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.