Makalalar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň hünär-tehniki okuw mekdebiniň uçurumlary kämil hünärmenler bolup ýetişdiler

https://ussatnews.com/storage/posts/5950/original-164edee992f497.jpeg

Beýik döwrümize mynasyp, ile-güne peýdaly şahsyýetleri kemala getirmek işine Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň mugallym-hünärmenleri hem ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.

— Her ýylda hünärler ojagymyzy ýaşlaryň ýüzlerçesi üstünlikli tamamlap, uly durmuşa ýollanma alýar. Olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz alada edýäris — diýip, mekdebiň direktory Jahanguly Beşimow gürrüň berýär.

Söhbetdeşimiz soňra mekdepde ýakynda tolgundyryjy bir wakanyň bolup geçendigini hem sözüniň üstüne goşdy. Ol bolsa hünärler ojagyny tamamlan ýaşlaryň bir toparyna bir ýarym ýyl möhletli okuwy üstünlikli tamamlanlaryndan soňra diplomlaryň gowşurylyş dabarasy bilen baglanyşykly ekeni. Şanly waka mynasybetli guralan dabarada mugallymlar eziz uçurymlaryna durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklaryny, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere yhlas bilen gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdiler. Öz gezeginde, uçurymlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza baky wepaly bolup, özleriniň ukyp-başarnyklaryny peýdaly işlere bagyş etjekdiklerini ynam bilen aýtdylar we özlerine bilim-terbiýe beren, hünär öwreden halypalaryna hoşallyk bildirdiler.

Hawa, hünärler ojagynda şeýle ýatda galyjy wakalar ýygy-ýygydan bolup geçýär. Munuň özi ýaşlara hünär öwretmek işiniň üznüksiz ýagdaýda dowam edýändiginden habar berýär. Häzirki wagtda mekdepde talyplaryň 400-den gowragy dürli hünärleri höwes bilen öwrenýär. Olaryň aglabasy geljekde özleriniň ykballaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän nebitgaz toplumynyň kärhanalary bilen baglanyşdyrmak isleýär. Hut häzirki günlerde bolsa talyplaryň uly toparyň arasynda nebiti we gazy ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy operator, barlag-ölçeg enjamlaryny we awtomatikany sazlaýjy, nebit-himiýa önümçiliginiň operatory, nebiti gaýtadan işlemegiň operatory we beýleki hünärleriň talyplary bar. Talyplaryň uly böleginiň önümçilik tejribeligini Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda geçýändigi tebigydyr. Ýeri gelende bu iri önümçilik kärhanasynda zähmet çekýänleriň ençemesiniň gürrüňi edilýän okuw mekdebiniň ozalky uçurymlarydygyny bellemek ýakymlydyr. Olar özleriniň iş orunlarynda tutanýerli işläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Geljekki hünärmenler olardan çylşyrymly önümçiliklerde işleriň guralyş aýratynlyklaryny, hünärleriň inçe tilsimlerini yhlas bilen öwrenýärler. Bu möhüm işde olara mekdebiň önümçilik ussalary Emelaý Nurullaýewa, Leýla Kurbanowa we Gözel Jepbarowa uly ýardam berýärler.

Hünärler ojagynda talyplaryň çuňňur bilim almaklary, göwün söýen hünärlerini ýokary derejede ele almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Okuw otaglary, ussahanalar zerur okuw-görkezme esbaplary, enjamlar bilen doly üpjün edilendir. Bu ýerde talyplaryň okuwdan boş wagtyny manyly geçirmegi, sport bilen meşgullanmagy, medeniýetli dynç almagy üçin giň mümkinçilikler we amatly şertler bar. Şol sebäpli ýaşlar hünär öwrenmek üçin şu okuw mekdebini höwes bilen saýlap alýarlar.

Başga makalalar
167a0e0b8f26c1.jpeg
Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.


167743b6e67be4.jpeg
Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)

Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:


167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.

16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.