Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 1180 raýatymyzyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň, her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen 1180 raýatymyzyň mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle-de belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmek tabşyryldy.
Welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis
23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.