Habarlar

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/6069/original-165119ab6bcde2.jpeg

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň

24-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň «Maslahat köşgünde» türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Halk maslahatynyň işine döwletiň we jemgyýetiň ähli durmuş düzümleriniň wekilleri bilen bir hatarda ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Taryhy mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna degişli möhüm meseleler, Watanymyzy has-da gülläp ösdürmegiň ygtybarly esasyny goýjak oňyn özgertmeleri we reformalary amala aşyrmagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatyna gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş edip, bu wekilçilikli mejlisiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmekde, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm soraglary maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, geljek ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçeris. Ykbalyny halkyň ykbaly bilen mäkäm baglan şahyryň bu gün arzuw eden zamany geldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bagtyýarlygyň we agzybirligiň, ösüşleriň ýurduna öwrüldi.

Şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändigi barada aýtmak bilen milli Liderimiz şu ýyl ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi depginli ösdürmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryş ulgamyny institusional we hukuk taýdan kämilleşdirmek babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň ösüşiň täze tapgyryna ynamly gadam basmaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Geçen 32 ýylda biz amala aşyran işlerimiz netijesinde halk bilen häkimiýetiň, döwlet bilen raýatyň arasynda örän mäkäm we synmaz gatnaşyklary — milli bähbitlerimiziň bitewüligini üpjün etdik. Bu bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş nusgasynyň düýpli aýratynlygydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda türkmen halkynyň terbiýe mekdebiniň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelendigine ünsi çekdi. Şonuň üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň ornuny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty barada durup geçmek bilen, onuň ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýandygyny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýetiň ösdürilmegine hem-de onuň geljegine uly ornuň berilýändigini belläp, Aşgabat şäherini, welaýatlarymyzy, etraplarymyzydyr obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygyny nygtady. Şonuň bilen baglylykda şu ýylyň 29-njy iýunynda gadymy Ahal topragynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanlylaryň abadan we bagtly durmuşy döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup galýar diýip Gahryman Arkadagymyz aýratyn belledi.

Soňra maslahata gatnaşyjylar forumyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşynda beýan edilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça aýdylan teklipleri doly goldadylar, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň çuň mazmunly, taryhy çykyşynyň halkymyzda bolşy ýaly, mejlise gatnajylylarda hem ata Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny artdyrandygyny bellediler.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş hünärmeni Allaýar Mämmedorazowyň çykyşynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynyň ýokary depginlerde ösdürilmegine uly üns berýändigi bellenildi. Bu ugurdaky işlere örän uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde, täze nebitgaz ýataklary özleşdirilýär, alynýan nebitiň we gazyň mukdary, olary gaýtadan işlemekden dünýä ülňülerine gabat gelýän ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň möçberi artdyrylýar. Türkmenistan dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar, pudagyň kärhanalary döwrebap enjamlar, öňdebaryjy sanly we ekologik taýdan arassa tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Nebitgaz toplumynyň işine ylmyň iň täze gazanylanlary ornaşdyrylýar. Ugurdaş düzümler giňeldilýär, täze iş orunlary döredilýär. Bularyň ählisi Türkmenistany kuwwatly ykdysadyýeti bolan, senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge ýardam berýär.

Şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň wekili Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Nebitgaz pudagynyň eksport kuwwaty ýokarlanýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar we giňeldilýär. Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň amala aşyrylan gurluşygy, gazhimiýa toplumlarynyň, geljegi uly täze düzümleýin taslamalaryň gurulmagy munuň aýdyň mysallarydyr.

A.Mämmedorazowyň nygtaýşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyndan ruhlanan nebitgaz toplumynyň işgärleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadançylygyna we röwşen geljegine gönükdirilen tekliplerini doly goldaýarlar.

Gysga wagtlyk arakesmeden soň Halk Maslahatynyň mejlisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz öz taryhy çykyşynda ata Watanymyzyň taryhy ýyl ýazgysyna täze sahypany ýazan 32 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemledi. Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň uly üstünlikleri gazanýandygyny belläp, Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň, düýpli özgertmeleri we reformalary amala aşyrmagyň esasy wezipeleri barada durup geçdi.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere göteren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ata Watanymyz ösüşiň we abadançylygyň aýdyň ýoly bilen täze belentliklere ýetdi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetiň ösüşiniň görkezijilerini beýan etdi. Maksatnamalaýyn alnyp barlan bu işleriň netijesinde, şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim möçberde durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň oýlanyşykly häsiýetini görkezýär.

Şu ýyl önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlary goýmak göz öňünde tutulýar. Bu serişdeleriň hasabyna täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar gurulýar hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Şäherlerimizi, obalarymyzy özgerdip, ýaşaýyş jaý toplumlaryny giň gerimde bina edýäris. Döwrebap kärhanalarda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümlerimiziň möçberi hem-de görnüşleri artýar.

Arkadagly Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksadynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Häzirki döwürde ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ählisi diýen ýaly üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz geçen ýyl halkara ölçeglerine laýyklykda ýurdumyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň geçirilendigini ýatladyp, bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilermenleriniň ýokary baha berendigini aýtdy. Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň ilaty 7 million 57 müň 841 adam boldy. Şunuň bilen baglylykda Ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalara degişli seljermeler geçirilip, takyklamalar girizilse, maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, döwlet hyzmatlaryna, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 56 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 44 göterimi goýberildi. Şu ýyl göz öňünde tutulan 2688 iş ornunyň ýerine 7607 täze iş ýeri döredildi.

Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylar.

Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Häzirki döwürde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti galyndysyz düýpli gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän täze desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylmagy muňa mysal hökmünde görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamagy; daşary ýurt maýa goýumlaryny Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly bolan toplumlaryny özleşdirmäge we önüm çykarmak boýunça iri taslamalara çekmegi, gaz boýunça ylmy we tejribäni, täze tehnologiýalary ösdürmegi hem-de burawlamagyň tehniki mümkinçiliklerini kämilleşdirmegi, uglewodorod serişdelerini has ýokary derejede düýpli gaýtadan işlemegiň çygryny giňeltmegi; sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de seýsmiki gözleg we geologiýa-gözleg işlerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen tejribe alyşmagy nebitgaz pudagyny ösdürmekde esasy ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr diýip döwlet Baştutanymyz Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda Arkadagly Serdarymyz Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýän nusgalyk işler barada aýratyn durup geçdi.

Sanlyja ýyllarda biz döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş-medeni binalary, ösen innowasion tehnologiýaly pudaklary öz içine alýan «Aşgabat-sitini» we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny hem gurarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bitarap döwletimiz möhüm halkara meseleleriň, aýratyn-da, energetika howpsuzlygynyň, ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşýar. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpugurly hem-de görnüşli turba geçirijiler ulgamyny döretmegiň ähmiýetini belledi, ol energiýa serişdeleriniň halkara bazarlara iberilmegi üçin täze ugurlary açýar. Öňdebaryjy ýurtlar, ýöriteleşdirilen halkara guramalar, şol sanda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik, Halkara energetika agentligi we Halkara energetika hartiýasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär.

Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, onuň esasy maksatlarynyň döwletimizi we jemgyýetimizi parahatçylykly hem-de durnukly ösdürmek üçin amatly daşarky şertleri döretmekden; Bitarap ýurdumyzyň ornuny dünýäde has-da berkitmekden; halkara gatnaşyklar ulgamynda milli bähbitlerimizi yzygiderli goramakdan ybaratdygyna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, şu maksatlardan ugur alyp, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek, daşary ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek, halkara gatnaşyklara ynsanperwerligi, ýokary ahlak we adalat standartlaryny ornaşdyrmaga hemaýat etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Meniň maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny has-da kämilleşdirip, ýurdumyzy ynamly öňe alyp gitmekden ybaratdyr diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Baýrammyrat Allanazarowa söz berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän özgertmeler deňsiz-taýsyzdyr diýip, pensioner B.Allanazarow aýtdy we ýaşuly nesliň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleri doly goldaýandygyny nygtady.

Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan we häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek babatda giň gerimli işleri amala aşyrýan gujur-gaýratly, zehinli, maksada okgunly döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly hyzmatlaryny belläp, foruma gatnaşyjy ýaşulularyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy baradaky teklip bilen çykyş etdi.

Bu teklip Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Senem Möwliýewanyň çykyşynda hem goldaw tapdy. Ol ýurdumyzyň eneleriniň we zenanlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak baradaky teklip bilen çykyş etdi.

Arakesme wagtynda Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi. Onda Halk Maslahatynyň işiniň geçişi barada durlup geçilip, oňa gatnaşyjy wekilleriň çykyş etmeginde aýdylan teklipler hem-de döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak hakyndaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen bilelikde umumymilli foruma gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyza minnetdarlyk sözleri bilen ýüzlenip, bu ýokary sylagyň mähriban halkymyzyň bähbitleri üçin mundan beýläk-de yhlas bilen, gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekmäge borçly edýändigini nygtady.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, Russiýa Federasiýasynyň «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkonyň häzirki wagtda älem giňişliginde öz uçuşyny ýerine ýetirýändigini belläp, onuň türkmen halkyna gutlagynyň göni ýaýlymda beýan ediljekdigi baradaky habary ruhubelntlik bilen kabul etdiler. Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri umumymilli forumyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Halk maslahatynyň mejlisi döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy bilen dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan ildeşlerimize sylaglary gowşurdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň jemini jemläp, mundan beýläk hem her bir raýatymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly sepgitlere ýetmek üçin bilelikdäki tagallalar bilen bu möhüm wezipeleriň üstünlikli çözüljekdigine ynam bildirdi.

Başga habarlar
1676944216f03e.jpeg
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi

21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.


16761b11353604.jpeg
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.


1676148551ec42.jpeg
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.

1675ce1bb84609.png
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.


1675a7ad43e8f6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.