Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar
Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.
Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmak işiniň ýaýbaňlanýan şertlerinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatyny şöhlelendirmekde, ýurtda parahatçylygy we ylalaşygy saklamakda, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, umuman, hökümet düzümleriniň we jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklary goldamakda tele we radioýaýlymlaryň, döwürleýin metbugat neşirleriniň, saýtlaryň orny we jogapkärçiligi ýokarlanýar.
KHBS-niň sanlylaşdyrmagy jemgyýetiň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmakda uly mümkinçilikleri döredýär. Mysal üçin, eger ozal gazetiň okyjysy okan materialy boýunça pikirini paýlaşmak üçin redaksiýa hat ýazyp, hatyny poçta arkaly ibermek gerekdi. Indi internetden peýdalanýan teswirlemesini gös-göni çap edilen makalanyň aşagynda hiç bir kynçylyksyz ýerleşdirip, özüni gyzyklandyrýan maglumatlary anyklap, awtor bilen söhbetdeş bolup bilýär. Şonuň üçin hem bu ýagdaýy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň jemgyýet hem-de degişli döwlet düzümleri bilen özara gatnaşyklarynyň görnüşini kesgitlemekde nazara almak gerek, sebäbi olar sanly HBS arkaly jemgyýetiň ýagdaýy, onuň islegi, meseleleri barada maglumat alýarlar.
Žurnalistikanyň durmuş wezipesinden, onuň jemgyýetde eýeleýän ornundan we ähmiýetinden ugur alanyňda, edil häzirki wagtda okyjylar bilen aragatnaşygyň, habarlary köpçülige dessin ýaýratmagyň, şol sanda sosial ulgamlar arkaly ýaýratmagyň zerurlygy aýdyň duýulýar.
Häzir Türkmenistanda jemgyýeti has-da jebisleşdirmäge, giň gerimli döwlet maksatnamalaryny we taslamalary amala aşyrmaga, halkyň abadançylygyna we ýurduň rowaçlygyna ýardam edýän maglumatlar syýasatyny kemala getirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Işjeň maglumatlar syýasatynyň ösüşini nazara almak bilen, döwletiň, jemgyýetiň we elektron habar beriş serişdeleriniň özara gatnaşyklaryna täze çemeleşmeleriň belli bir ýörelgelerini işläp taýýarlamak zerurlygynyň wagty gelip ýetdi. Şunda habar beriş serişdelerine jemgyýetçilik pikiriniň moderatorynyň aýratyn ornunyň degişli edilmegi aýdyň bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, žurnalistleriň şahsy jogapkärçiligi hem ýokarlanýar, netijede, jemgyýetçilik bähbitlerine kybap gelýän maglumatlaryň toplanylmagyny, işlenilmegini we dessin ýaýradylmagyny üpjün edýän türkmen žurnalistikasy ösüşiň täze tapgyryna çykýar.
KHBS-ni sanlylaşdyrmak hem-de ýurduň alys künjeklerini internet bilen gurşap almak işleri ilatyň islendik wagtda, islendik ýerde maglumatlara elýeterliligini üpjün etmäge, netijede, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylar bilen yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edip, döwletiň we jemgyýetiň özara hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Galyberse-de, Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy olaryň mümkinçiliklerini diňe ýurduň ilatyny giňden habarly etmek üçin däl-de, eýsem, onuň aň-bilimini, intellektual derejesini we raýat işjeňligini artdyrmak maksady bilen ulanmaga mümkinçilik döredýär.
KHBS-niň sanlylaşdyrylmagy netijesinde, internetden peýdalanýanlaryň global auditoriýasyna dürli türkmen metbugat neşirleriniň, şeýle hem tele we radioýaýlymlaryň gepleşikleriniň, saýtlaryň elýeterli bolmagyny ep-esli ýeňilleşdirendigini bellemek gerek, munuň özi dünýä bileleşiginiň Türkmenistan barada düşünjesini kemala getirýär hem-de ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň üstüne aýratyn jogapkärçilik ýükleýär.
Ussa Ussaýew,
«NEBIT-GAZ» gazetiniň baş redaktory.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.