«Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşigi badalga aldy
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň deslapky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan bäsleşik ýylyň-ýylyna guralýar.
Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny berjaý edişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýär.
Uly şatlyk-şowhun bilen, aýdym-saza beslenen bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryň üsti bilen beýan edip, ussatlyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň ikinji şertine görä, talyp gyzlar türkmen milli tagamy bolan unaşy kesmekde özara bäsleşdiler. Unaşy kesmek ezberligi talap edýär. Gadym döwürlerde gyz maşgala belli bir ýaşa ýetende oňa, ilki bilen, unaş kesmegi öwredipdirler. Unaşy ezberlik bilen kesmegi başaran gyzyň, başga ähli tagamlary taýýarlap biljekdigine göz ýetiripdirler. Şol sebäpli hem gyzlaryň arasynda guralýan bäsleşikleriň şertleriniň biri-de unaş kesmekdir. Munuň özi ýaş gyzlaryň ezberligini ýüze çykarmakda, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesillerde milli tagamlary taýýarlamaga höwes döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.
«Hünärim bar — hormatym bar» atly üçünji şerte görä, talyp gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan keşde çekmek boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Ene-mamalarymyzyň paýhas eleginde elenip, sünnälenen her bir milli mirasymyz nepisligi, gözelligi bilen göreni özüne bendi edýär. Çünki türkmen zenanynyň el işleri ene-mamalarymyzyň yhlasy netijesinde asyrlaryň jümmüşinden sünnälenip gelip, biziň günlerimizde sungat derejesine ýetirildi.
Bäsleşikde baş baýraga himiýa tehnologiýasy we ekologiýasy fakultetiniň talyby Ogulnäzik Myşşyýewa mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşan talyp gyzlara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Gara altyn» çeper höwesjeňler toparynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlary gözellik bäsleşiginiň şowhunyny has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.