Habarlar

«Arkadagyň «Açyk gapylar» syýasaty rowaçlanýar»

https://ussatnews.com/storage/posts/678/original-1601e25f3231f3.jpeg

Şeýle at bilen «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň Tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň we Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahat juda işjeň häsiýete we ýokary ruhubelentlige eýe boldy.

Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegine bagyşlanan bu dabaraly maslahatda konserniň önümçilik düzümlerinde dürli kärde zähmet çekýän nebitçilerdir gazçylar çykyş etdiler. Olardan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Zenanlar guramasynyň başlygy Ogulbibi Şyhyýewa, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň başlygy Akmyrat Amanow, «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebitdag buraw işleri müdirliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Kadyrberdi Baýryýew, «Nebitgazçykaryş» trestiniň Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Tuwakgylyç Geldiýew, «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Azat Niýazmeňliýew we beýlekiler öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagyny dünýä nusgalyk derejede ösdürmekde edýän taýsyz tagallalarynyň, çäksiz hemaýat-goldawlarynyň bu gün öz oňyn netijelerini bolluk bilen eçilýändigini buýsanç bilen aýtdylar.

Dabaraly maslahatda aýratyn nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ýöredýän «Açyk gapylar» syýasaty bütin dünýäde giň goldawa eýe bolup, döwletleriň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary netijeli ýola goýmaklyga uly mümkinçilikleri açýar. Gürrüňi edilýän Ähtnama gol çekilmegi hem türkmen we azerbaýjan nebitçileriniň nebitgaz pudagyndaky başarnyklaryny bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezer. Bu taryhy waka «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň hem ruhuna doly laýyk gelýär.

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza döwletimiziň berkararlygyny pugtalandyrmakda, halkymyzyň bagtyýarlygyny has-da arşa götermekde alyp barýan beýik işlerinde baky rowaçlyk arzuw etdiler.

Ussat news

Başga habarlar
16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.


16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.

16a954aa3cc64b.jpeg
Aşgabatda «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly ekologiýa çäresi geçirildi

29-njy awgustda «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki «Bilelik Hub» döredijilik merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly ekologiýa çäresi geçirildi.


16a93fc64c95c9.jpeg
Zähmeti goramaklyga möhüm ähmiýet berilýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünlerini kämilleşdirmek bilen bagly «tegelek stolda» söhbetdeşlik geçirildi.