Habarlar

Türkmen telekeçileri TEIF 2024-e gatnaşmaga taýýarlyk görýärler

https://ussatnews.com/storage/posts/7191/original-1661bca6310ebb.jpeg

2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar.

Forumyň maksatnamasy, çykyş etjekler we sessiýa alypbaryjylary, şeýle hem bu giň gerimli çärä gatnaşjaklaryň çen edilen sanawy kesgitlendi. Bu forumda nebitiň we gazyň öndürilmegi, daşalmagy we gaýtadan işlenmegi, gaýtadan dikeldip bolýan energetikany ösdürmek we energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek barada halkara gepleşikleri ýaýbaňlandyrmak bilen baglanyşykly özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Forumyň işine Türkmenistanyň milli guramalary we ministrlikleri gatnaşar. Olar geljekki maýadarlara täze maýa goýum taslamalary barada ygtybarly we giňişleýin maglumat bererler. Bu guramalara şular girýär: «Türkmengaz» döwlet konserni, «Türkmennebit» döwlet konserni, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, NAPECO, TAPI «Pipeline Company Limited», «Türkmengaz» DK-niň ýanyndaky «Tebigy gaz ylmy gözleg instituty».

TEIF 2024-e gatnaşýanlaryň beýleki kategoriýalary: Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalar we halkara guramalar; halkara we milli kompaniýalar; maliýe edaralary we banklar; uniwersitetler hem ylmy-derňew merkezleri we metbugat.

Başga habarlar
16aeb29d2189d4.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.


16ae9b3c005644.jpeg
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar

Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.


16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.

16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.