Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda täze AÝGB-ler işe girizildi
Mary welaýatynyň Mary etrabynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary böleginiň 309,7-nji kilometrinde iki sany täze Awtoulaglara ýangyç guýujy beket işe girizildi. Olar “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynyň sargydy boýunça guruldy.
“Marygazgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 7-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary baş potratçylyk esasynda AÝGB-ni ýokary hil derejesinde gurdular we desgalary bellenilen möhletlerde ulanyşa berdiler.
Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli ýoly boýunça hereket edýän awtoulag serişdelerini bökdençsiz üpjün etmek üçin beketleriň her birinde ýangyç saklamak üçin bäş sany 60 kubluk metal konteýnerler oturdyldy. Beketlerde sürüjiler üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutuldy. Beketler dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýangyç gaplary we beýleki ýokary tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyryldy.
Taslama kuwwatyna laýyklykda, ýangyç beketleriniň her biri günde 750 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen. Bu AÝGB-lerde awtoulaglaryny А-95, А-92, А-80, EKO-93 benzinleri bilen, şeýle hem dizel ýangyjy bilen dolduryp bilerler.
Beketlerde operatorlar üçin hem iş üçin oňaýly şertler döredildi.
— Ýurtda ulag-logistika infrastrukturalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy Beýij Ýüpek ýoluny täzeçe görnüşde dikeltmekde möhüm rol oýnaýar. Şundan ugur alyp, häzirki wagtda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli ýoly tiz depginde gurulýar. Täze AÝGB-leriň işgärleri ýurdumyzyň sebitlerinden, dostlukly döwletlere ýükleri ugradýan, şeýle hem üstaşyr geçýän awtoulag sürüjilerine ýokary hilli hyzmat etmekde mynasyp goşandyny goşarlar – diýip, Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynyň direktory Toýly Durdymuhammedow aýtdy.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY.
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar
Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.