Türkmenistanyň halk artisti Halbike DOWYÝEWA
«Her gülüň öz ysy bar» diýlişi ýaly, sungat äleminde-de her kimiň öz ýoly, öz dünýäsi bar. Sungat diýlen ajaýyp mukaddeslige her kimiň öz garaýşy, öz çemeleşişi bolýar. Hormatly Prezidentimiziň medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine uly üns bermegi netijesinde aýdymçylarymyzyň, sazandalarymyzyň, sahna ussatlarynyň öz hünärine bolan söýgüsi has-da artdy. Mylaýym sesi bilen diňleýjileri özüne maýyl edýän hoş owazly bagşy zenan Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň ýokary derejeli aýdymçy artisti, sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Halbike Dowyýewadyr. Onuň «Sen Türkmen düzüm», «Aşgabat», «Zülpüň», «Çagyr, bu çaglar», «Daglara bar», «Seni göresim gelýär», «Gördüňmi», «Bibijan», «Durasyň geler» we başga-da birnäçe ajap aýdymlary il içinde uly höwes bilen diňlenilýär. Onuň bilen bolan söhbetdeşligiň özümde galdyran täsirini okyjylarymyz bilen paýlaşasym gelýär.
– Halbike, söhbetdeşligimiziň başyny önüp-ösen ýerleriňiz, çagalyk döwrüňiz baradaky gürrüňlerden başlaýaly.
– Men Balkan welaýatynyň Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabynda dünýä indim. Meniň çagalyk döwrüm baradaky ýatlamalar hemişe-de kalbyma ýylylyk berýär. Ejem bilen kakam ençe ýyllap mehanizator bolup işlediler. Olar uzynly gün meýdanda ýer sürüp, surnugyp öýe gelerdiler. Ejem-ä işden gelensoňam, öýüň otur-tur işi bilen ýöne oturmazdy. Ol biş-düş işlerinde-de, öýe serenjam bermekde-de şeýle bir çalasyn hereket ederdi. Şol aralykda mal-gara üçin ep-esli ot ýygybam gelerdi. Kakam bilen ejem jan ýedi gyz, bir ogly terbiýeläp ýetişdiren, her bir işde bize gowy görelde bolmagy başaran sadaja oba adamlary. Olar biziň işeňňir, dogumly, arassaçyl bolmagymyza uly üns bererdiler. Başlan işiňe yhlas bilen ýapyşmagy ündärdiler. Kakam ýarawsyzlyk tapynyp, ir aradan çykdy. Maşgalanyň ýüki otuz sekiz ýaşly ejem janyň başyna düşdi. Ýagdaý kyndy. Men öýe kömek-goldaw bolsun diýip, haly fabrigine işe girdim. Soňra çagalar bagynda eneke bolup işledim. Ondan soňra Abadan şäheriniň medeniýet öýünde işledim. Ejem maňa aýdym aýtma diýmedi. Gaýtam tersine, çagalarynyň göwni hoş bolsa begenerdi.
Ejemjan hüwdini şeýlebir labyzly aýdardy welin, oňa maýyl bolup özümem hiňlenerdim. Men etrabymyzdaky 2-nji orta mekdebi tamamladym. Mekdebe gidenimde-de aýdyma hiňlenip giderdim. Ir bilen aýdym-sazyň owazyna oýanyp, birsalym aýdym diňlärdim. Mekdepde okaýan döwürlerim aýdym-saz gurnaklaryna gatnap, okuwçylaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşiklerde hem baýrakly orunlara mynasyp bolardym.
– Sungat älemine gelşiňiz, ilkinji janlandyran keşbiňiz, soňky synanyşyklaryňyz barada aýdaýsaňyz!
– Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň açylmagy bilen men ol ýere artist hökmünde işe çagyryldym. Sahnada meniň ilkinji janlandyran keşbim «Saýatly-Hemra» oýnundaky Banunyň keşbidir. Soňra «Şasenem-Garypda» satyjy aýalyň, «Garajaoglanda» baý gyzy Münçäniň, «Baý gelinde» söwdagär aýal Erikgülüň, «Gel, kenara söwer ýar» oýnunda Annagülüň keşbini janlandyrdym. Ýöne nirede bolsamam, aýdymam meniň ömürlik hemram boldy.
— Aýdym-saz äleminde halypa-şägirtlik ýoly baradaky pikiriňiz?!
— Halypa bagşylarymyzdan Sahy Jepbarowyň, Döwletgeldi Ökdirowyň, Gülşirin Alyjanowanyň aýdymlaryny diňlänimde lezzet alýaryn. Elmydama halypalary diňläp, olardan näme-de bolsa bir zatlar öwrenmäge çalyşýaryn.
— Ynsanyň köňül arzuwlarynyň biri bagt. Siziň bagt hakyndaky pikiriňiz?!
— Bagtyýar ýurdumyzda zenan bolup ýaşamagyň özem uly bagt. Watanymyzyň ösüşlerini aýdymlaryňda wasp edip, joşup aýdym aýtmak hem bagtlylykdan nyşandyr.
Maňa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi, şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly hem-de Magtymguly Pyragy medaly bilen sylaglanmagym we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi bolmagym meniň üçin uly bagt hem jogapkärçilikdir.
— Halbike, sizi tomaşaçylar artist, wäşi keşpleriň ussady hem aýdymçy hökmünde tanaýarlar. Sungatyň dürli ugurlaryndan çykyş etmek size kyn düşenokmy?
— Ýok, gaýtam maňa sungatyň şu ugurlaryny deň alyp gitmek has-da kämilleşmegime itergi berýär. Tomaşaçy artistden köp zada garaşýar. Sahnada ilkinji janlandyran keşbim «Saýatly-Hemra» oýnundaky Banunyň keşbidir. Halypam, Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowowyň maňa bildiren ynamy bilen bu keşbi ýerine ýetirdim. Şeýdibem sahnada birnäçe keşpler döretdim. Baýramçylyklarda, döredijilik duşuşyklarynda aýdymy ýerine ýetirip bolamsoň, diňleýjiler gülküli degişme sahnasyna-da garaşýarlar. Menem tomaşaçylaryň islegini nazarda tutup, her bir duşuşykda aýdymdan daşgary, gülküli sahna eserinem ýerine ýetirýän. Zähmet çekýän teatrymyzda halypa Baýramguly Hojamgulyýew bilen aýdym-sazyň inçe ýollary barada maslahatlaşýaryn.
— Halbike, boş wagtyňyz näme bilen meşgullanýaňyz?
— Boş wagtlarym milli naharlarymyzy, içdäaçarlary taýýarlap, gyzlarym hem agtyjaklarym bilen bir supranyň başyna jemlenýäris. Şeýle-de, çeper eserleri, dessanlary okamagy gowy görýän. Agtyjaklarym bilen ak şäherimiz Aşgabadyň gözelliklerini synlap, gezim etmekden lezzet alýan. Esasan-da, boş wagtlarym täze keşpleriň gözleginde bolup, aýdym-saz döredýärin.
— Okyjylarymyza maşgala durmuşyňyz barada gürrüň beräýseňiz!
— Bagtly maşgalamyzda üç gyzym bar. Maral, Mähri, Merjen dagynyň hem göwün syrdaşy aýdym. Mährijan bank ulgamynda zähmet çekýär. Körpäm Merjenjan skripkada saz çalýar. Nowbahar gyzym Maraldan iki sany agtyjagym bar. Nowbahar gyzym Maral jan meniň göwnüme görä deprenýän, her bir işimde maňa goltgy berýän iň ýakyn hossarym. Kişi maşgalasy bolsa-da, häli-şindi halymdan habar alyp dur. Agtyklarym Aýgül hem Abat aýdym-sazyň owazyna goşulyp hiňlenýärler. Nesip bolsa, olaram sungat adamsy bolar diýen tamam bar.
— Geljekde öňüňizde goýýan maksatlaryňyz barada-da aýdaýsaňyz!
— Geljekde-de ajaýyp aýdymlary, keşpleri döredip, halkymyza ýetirmek baş maksadym. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe işlemäge, döretmäge giň ýol açýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri hemişe rowaç bolsun!
— Halbike, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň.
— Sag boluň!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew
Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA
Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow
Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.