Habarlar

«Türkmengeologiýa» DK täze guýularda buraw işlerini alyp barýar

https://ussatnews.com/storage/posts/762/original-1602d58b3e65e1.jpeg

Türkmenistanyň ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän ýylynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda we desgalarynda işler giň gerimde alnyp barylýar. Şu günlerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri «Malaý» käninden uzakda bolmadyk «Agarguýy» meýdançasynda № 5 guýusyny burawlamaga girişdiler. Guýynyň taslama çuňlugy 3300 metre deňdir.

Şeýle hem Uzynada käninde iki sany guýyny burawlamak işleri alnyp barylýar. 2020-nji ýylda geologlar tarapyndan 7000 metr çuňlukdan «mawy ýangyjyň» senagat akymy alyndy. Meýilnama 120% ýerine ýetirildi. Tebigy gazyň alnan akymy Uzynada känini işläp taýýarlamaklyga täze kompýuter tehnologiýalaryny çekmek we ony öwrenmek boýunça saýlanyp alnan ugruň dogrudygyny tassyklaýar.

Häzirki zaman buraw desgalarynyň ornaşdyrylmagy diňe bir tebigy gazyň alynýan akymyny artdyrmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, uly göwrümli işleri ýerine ýetirmekde gymmatly tejribe boldy.

Ussat news

Başga habarlar
16ad1fcf5eaae6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.


16ad1ccf926c5d.jpeg
Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär

Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek OGT – 2026 Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) wekilleri tarapyndan aýratyn tegelek stol geçiriler diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.


16ad19ea015f2b.jpeg
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

16acf4529bfc40.jpeg
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär

10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.


16acf46ff783c1.jpeg
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.