Makalalar

Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

https://ussatnews.com/storage/posts/7635/original-16653439d8d69b.jpeg

Gaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň iň iri pudaklarynyň biri bolmak bilen, mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşini gazanmakda möhüm orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda kuwwatly pudagy mundan beýläk-de ösdürmäge, uglewodorod çig mallarynyň täze ýataklaryny açmaga, olary senagat taýdan özleşdirmäge, pudaga ekologiýa taýdan arassa, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Tebigy gazyň ummasyz gorlary hem-de nebitgaz senagatynyň köpýyllyk tejribesi öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmäge mümkinçilik berýär. Biz ýurdumyzyň gaz senagatynyň ýarym asyrdan gowrak döwri öz içine alýan ösüş ýoluna bagyşlanan makalalar toplumyny okyjylara hödürlemegi makul bildik. Olarda ýurdumyzyň gaz senagatynda uly işleri bitiren alymlaryň we hünärmenleriň, hususan-da, şu makalada Gurbanguly Ýazyýewiň maglumatlaryndan peýdalanyldy.

1966-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda (Aşgabat şäherinde) «Türkmengazsenagat» önümçilik birleşigi (ÖB) döredildi we «Soýuzburgaz» trestiniň Aralýaka ekspedisiýasy onuň garamagyna berildi. Soňra bu trestiň binýadynda «Türkmengazagtaryş» tresti döredildi.

Şu ýerde az-owlak yza çekilip, has irki döwürlerde alnyp barlan işlere nazar aýlanymyzda, şeýle iri önümçilik düzümini döretmek zerurlygynyň nämeden gelip çykýandygy öz-özünden düşnükli bolýar.

Gaz känlerini we ýataklaryny özünde saklap biljek geologik gurluşlaryň gözlegleri Türkmenistanda baryp uruşdan öňki döwürde başlandy. Gözleg işleriniň ilkinji tapgyrynda uly bolmadyk göwrümde geologik surata düşürme, esasan, Gündogar Türkmenistanda geçirildi we 12 ýylyň içinde (1929 — 1940 ýý.) bu ýerde 23 sany geologik gurluşlaryň üsti açyldy. Beýik Watançylyk uruşy ýyllarynda bolsa ýurduň gündogar sebitinde bary-ýogy 2 sany gurluş tapyldy.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşundan soňky ýyllarda tebigy gaz känleriniň gözleg işleri ep-esli derejede ösdürildi. Gözleg işleri Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy we açylan gurluşlaryň, nebitgaza geljegi bolan känleriň jemi 1000-den hem geçdi.

Nebit bilen ugurdaş gazy çykarmak işleri 1950-nji ýylyň ortalaryna çenli diňe Günorta-Günbatar Türkmenistanda Hazar deňziniň töwereginde alnyp baryldy. Bu ýerde nebitiň ep-esli gorlary tapylyp, ony gazyp almak we gaýtadan işlemek ýola goýuldy, ýöne çykarylýan ugurdaş gazyň möçberi ujypsyzlygyna galdy.

Türkmenistanda ilkinji tebigy gazyň çüwdürimi 1952-nji ýylda Gyzylgum gazkondensat käninde alyndy we bu kän 1962-nji ýylda ulanyşa goýberildi. Gyzylgum gazkondensat käninden çykarylyp alynýan tebigy gazyň göwrüminiň ujypsyzlygy sebäpli, bu ýerde özbaşdak gaz çykarmak boýunça önümçilik kärhanasy döredilmedi. Çykarylan gaz Nebitdagyň (Balkanabadyň) ilatynyň we önümçilik kärhanalarynyň zerurlyklaryna ulanyldy.

1966-njy ýyla çenli Türkmenistan Orta Aziýada esasy nebit çykarylyp alynýan ýer boldy. Günbatar Türkmenistanda işlenip geçilýän nebit känlerinden bolsa, nebit bilen ugurdaş uglewodorod gazlarynyň ujypsyz möçberleri çykarylyp alyndy. Gorlarynyň möçberi boýunça uly bolmadyk birnäçe tebigy gaz känleriniň açylyp, nebitiň düzümindäki ugurdaş gazlaryň bolsa ep-esli gorlarynyň barlygy tassyklanyp, onuň bilen birleşdirilip alnanda hem ýerli gaz sarp edijileriň we bar bolan senagat kuwwatlyklarynyň gaza bolan islegleriniň çäklidigi, galyberse-de, öňki Soýuzyň merkezinde ýerleşýän senagaty ösen şäherlerine gazy akdyrmak üçin magistral gaz geçirijileriň ýoklugy agzalan döwürde bu ýerde gaz çykaryp almaklygyň ösmegine uly päsgel beren ýagdaýdyr.

1959 — 1965-nji ýyllarda Günbatar Türkmenistanyň nebitli känlerinde uly gazkondensat ýataklarynyň açylandygyna garamazdan, Türkmenistanyň gaz senagatynyň ösüş taryhy ýurdumyzyň merkezi, demirgazyk-gündogar, gündogar we günorta-gündogar böleklerinde (etraplarynda) ýerleşýän tebigy gaz känleriniň işlenip geçilmeginiň başlanmagy bilen baglanyşyklydyr.

Merkezi-Türkmen nebitgaz sebitiniň çäklerinde çuň buraw işleri 1957-nji ýylda «Türkmenburnebit» tresti tarapyndan başlanyldy. Mundan başga-da, 1959-njy ýyldan başlap, bu ýerde gözleg-agtaryş buraw işleri Türkmenistan SSR-niň Ministrler Sowetiniň geologiýa uprawleniýesi (müdirligi) we 1962 — 1965-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzyň demirgazyk we demirgazyk-gündogarynda, ýagny Goýungyrylan, Sarygamyş, Gurganjyk, Nurumgyr, Çoksakyr, Ždanowskaýa, Tärimgaýa, Oktýabrskaýa, Şorköl, Amandag, Ojak meýdanlarynda bolsa «Soýuzburgaz» trestiniň Aralýaka ekspedisiýasy tarapyndan alnyp baryldy.

1959-njy ýylda Merkezi Garagumda birinji senagat akymly tebigy gazyň alynmagy we soň bolsa ýurdumyzyň gündogar etraplarynda 1962-nji ýylda Baýramaly gaz käniniň açylmagy Türkmenistanyň ähli platforma böleginde gözleg-agtaryş işlerini giňişleýin alyp barmaklyga getirdi. Tebigy gaz gözlegini geçirmek üçin geljegi uly gurluşlaryň sanynyň köpelmegi we gaz känleriniň açylmagy bu ýerde gaz pudagyny döretmeklige hem ösdürmeklige, halk hojalygynyň isleglerini kanagatlandyrmaklyga örän uly amatlyklar döretdi. Şeýlelikde, alnyp barylýan ähli işleri guramaçylykly ýola goýmak hem-de dolandyrmak üçin «Türkmengazsenagat» önümçilik birleşigi döredildi.

Ojak gazkondensat käni Orta Aziýada açylan iň uly känleriň biri bolup, ol Üňüz aňyrsy Garagumuň demirgazyk böleginiň çäklerinde ýerleşýär. Ol Demirgazyk-Gündogar Türkmenistanda birinji açylan uly göwrümli tebigy gaz känidir. Ojak käniniň gurluş, gözleg-agtaryş işlerine 1964-nji ýylda girişilip, 1966-njy ýylyň fewral aýynda 1-nji guýudan ilkinji senagat möçberli gaz çüwdürimi alyndy. Şol ýylyň özünde, ýagny 8 aýdan soň kän synag-senagat ulanyşyna goýberildi we ilkinji kub metr tebigy gaz 1966-njy ýylyň 23-nji noýabrynda käniň 13 kilometr demirgazygyndan geçýän Buhara — Ural gaz geçirijisine akdyrylyp başlandy. 1967-nji ýylyň noýabr aýyndan bolsa gaz Orta Aziýa — Merkez (OAM-I) magistral gaz geçiriji ulgamynyň birinji nobatyna çatyldy.

Köpgatlakly Ojak gazkondensat käninde buraw işleriniň netijesinde perm-trias, ýura, mel, paleogen we neogen-dördülenji döwürleriniň çökündileriniň üsti açyldy. Umumy açylan çuňluk bu ýerde 3 müň 700 metre deňdir. Ýura we mel döwürleriniň çökündilerine degişli bolan 16 sany (ýokardan aşak: I, IIa, IIa2, IIb, III-apt; IVa, IVb, IVç, V, Va-neokom; VI-titon; VII-kimerij; VIII, IX-oksford; X-kelloweý ýokarky-aşaky-ortaky ýuranyň gazkondensatly ýataklary) önümli gatlaklar bolup, olar uly bolmadyk toýun gatlamalary bar bolan çägedaşlary, alewrolit we seýrek hekdaşlary bilen dag jynslarynyň düzüminde ýerleşýärler. Gaz gatlaklary gümmez, doly gatlak we suwda ýüzýän gümmez görnüşli ýataklarda ýerleşýärler. Gazyň düzüminde metan (90 — 95%), 0,4-den 4,5%-e çenli azot we 0,2-den 0,4%-e çenli kömürturşy gazy bar. Kükürtwodorod gazy kände ýok. Önümli gatlaklaryň peýdaly galyňlyklary10 metrden 38 metr aralygynda üýtgeýär, peýdaly süzüjilik 21 — 22%-e we syzdyryjylyk 2 müň 006 md-a çenli ýetýär. Kän boýunça ähli üsti açylan gaz ýataklary işlenildi. Olaryň ýerleşýän çuňluklary 1 müň 490 — 2 müň 180 metr aralygyndadyr.

Ýokarda görkezilişi ýaly, Ojak käniniň golaýyndan Buhara — Ural we Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijileri geçýär. Galyberse-de, bu ýerde önümli gatlaklaryň uly bolmadyk çuňluklarda ýerleşýändigi, gaz gorlarynyň uludygy, guýulary gazmaklygyň ýönekeýdigi (adatydygy) hem-de gazyň düzüminde agyr uglewodorodlaryň we kömürturşy gazlarynyň az mukdarda bolmagy hem-de kükürtli wodorodyň ýoklugy tizden-tiz halk hojalygynyň hyzmatyna gönükdirmäge uly itergi berdi. Munuň özi käni çalt depgin bilen özleşdirmek zerurlygyny ýüze çykardy. Bu çalt depginde önümçilik desgalaryny gurmaga we bu işleri alyp barýan işgärlere ýaşamak we işlemek üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berjekdi. Öz wagtynda «Türkmengazsenagat» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň we Orta Aziýa ylmy-barlag institutynyň alymlarynyň tagallalary bilen Ojak gazkondensat känini tizden-tiz özleşdirip, giň möçberde birwagtda aýry-aýrylykda ulanyş (BAU) usulyny bir guýuda iki gatlakdan gaz almakda ulanmak bilen amala aşyrmak maksatly taslama düzüldi we ol taslama ilkinji bolup Ojak gazkondensat käninde durmuşa geçirildi.

Gaz känlerini tizleşdirilen usul bilen özleşdirmegiň barşynda, ýagny guýulary agtarmak bilen bir hatarda olary ulanyşa girizmek işine gaz känleri açylan wagtynda başlamak oňat netije berýär. Bu usuly ulanmak üçin, ilkinji nobatda, gazylan köp bolmadyk gözleg-agtaryş guýularynyň maglumatlarynyň netijesinde gorlaryň möçberi çykarylýar. Ojak gazkondensat käni tizleşdirme usuly bilen ulanyşa goýberilende, ulanyş gaznasyny gözleg guýularynyň hasabyna 18 birlik kemeltmäge, ýagny ulanyş guýularynyň burawlanyşyny 36 müň metr azaltmaga ýardam berdi. Düzgün boýunça ulanyşa goýberilmeli wagtyndan 5 ýyl öň goýberilmegi netijesinde diňe Ojak käni boýunça halk hojalygynda peýdalanmak üçin çykarylan gaz milliard kub metre barabar boldy. Bu usul köpgatlakly Naýyp, Demirgazyk Naýyp, Kükürtli we Günorta Naýyp gazkondensat känleri ulanyşa goýberilende hem ulanyldy we onuň netijesinde ulanyş guýularynyň müňlerçe metri tygşytlanyldy hem halk hojalygynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin goşmaça onlarça milliard kub metr gaz wagtyndan ir iberildi.

Giňişleýin, senagat möçberinde bir guýuda iki gatlagy birwagtda aýry-aýrylykda ulanyş (BAU) usuly bilen işe goýbermek agtaryş döwründe täze açylýan önümli gatlaklary (gorizontlary) ulanyşa girizmekligi tizleşdirmek mümkinçiligini döredýär, käniň gaz berijiligini ösdürýär we ulanyşa girizilen täze ýataklar boýunça goşmaça geologik-önümçilik maglumatlary almaklyga ýardam edýär. Ojak gazkondensat käninde BAU usuly 78 sany ulanyş guýularynyň 61-sinde ulanyldy, Demirgazyk-Gündogar Türkmenistanyň köpgatlakly gazkondensat känlerinde (Ojak, Naýyp, Demirgazyk Naýyp we Kükürtli) bolsa 212 guýynyň 112-sinde girizildi we goşmaça ulanyşa girizilen gatlaklar boýunça 51,2 milliard kub metr tebigy gaz alyndy (bu san 1980-nji ýylyň başyna getirilen). Ol bolsa ähli çykarylan gazyň 25,3%-ine deň gelýär. Mundan başga-da, BAU usuly bilen gaz almaklyk, ýokary önümli gatlaklar bilen bir hatarda, pes önüm berýän gatlagy hem ulanyşa girizmäge mümkinçilik döredýär we olar boýunça hem gazkondensat känleriniň işlenip geçiliş döwürlerinde zerur maglumatlary almak bolýar. Bu meseleleri öz wagtynda «Türkmengazsenagat» önümçilik birleşigi üstünlikli ýerine ýetirdi.

Oraznazar HEŞDEKOW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.


166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.

1667939b220dcd.jpeg
Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Merkezi Aziýada iň uly birönümli gatlakly Şatlyk (Gündogar we Günbatar) gazkondensat käni 1973-nji ýylda ulanyşa goýberildi.


16671c2f3577bf.jpeg
Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, Ojak gaz käniniň höwri köp boldy. Amyderýanyň hekdaş gatlaklaryny düýe boýnuny döredip kesip geçýän ýerinde, Şyharyk obasynyň ýanynda 1966-njy ýylda türkmen gazçylarynyň merkezi Gazojak şäheriniň düýbi tutuldy.