Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda su ýylyň dokuz aýynyň jemine garaldy
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda wideo görnüşinde hasabat ýygnagy geçirildi. Onda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada, birleşiklerde we müdirliklerde hem-de edara-kärhanalarda üstümizdäki «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň dokuz aýynda alnyp barlan işlere baha berildi hem-de öňde goýlan wezipelere ýetmegiň ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hasabat ýygnagyny açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy oktýabrda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika pudagyndaky işleriň ýagdaýyny seljermek hem-de bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin degişli çäreleri görmek babatda toplumyň öňünde uly wezipeleri goýandygyny belledi.
Soňra wideomaslahat görnüşindäki hasabat ýygnagynda Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň giňişleýin mejlisde belleýşi ýaly, çig nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny doly güýjünde peýdalanmak babatda bar bolan kemçilikleri düzetmegiň ýollary, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny ilerletmek barada durup geçdiler hem-de degişli çäreleri bellediler.
Wideomaslahat görnüşindäki hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer M.Meredow ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyna, her bir zähmet köpçüliginiň has-da tijenip işlemelidigine ünsi çekmek bilen, her bir gazanylan üstünligiň, her bir ýetilen sepgidiň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň uly baýramçylygyna — hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna mynasyp toý sowgady boljakdygyny belledi.
Ussat news
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Aşgabatda OGT 2026 forumynyň myhmanlaryny ALI atly adam şekilli robot garşylar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» XXXI halkara maslahaty we sergisi açylar. Forumyň guramaçylarynyň bellemegine görä, sergi meýdançasynyň esasy tehnologik täzeligi emeli aň tehnologiýalarynyň esasynda işleýän adam şekilli ALI atly robot bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.