Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne
Merkezi Aziýada iň uly birönümli gatlakly Şatlyk (Gündogar we Günbatar) gazkondensat käni 1973-nji ýylda ulanyşa goýberildi.
Bu kände ulanyş guýularynyň gaz berijilik ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, işläp geçmek taslamasynda olaryň konstruksiýasyny üýtgetmek we şol döwürde düzgün edilip ulanylýan 148 ýa-da 168 mm ulanyş sütünleriniň ýerine 177 mm ulanyş sütünlerini goýbermek üçin 216 mm dolotolar bilen gazmak we ulanyş sütüniniň içine 127 mm nasos-kompressor turbalaryny goýberip, guýulardan gaz çykarmak göz öňünde tutuldy. Guýularyň taslamada görkezilen bu konstruksiýasy köp metal sarp ediji bolup, galyberse-de, olar ýaly uly diametrli turbalaryň şol döwürde SSSR-de öndürilmeýändigi sebäpli, bu taslama çözgüdi ulanylmady. Meseläniň oňyn çözgüdini tapmak maksady bilen gazkondensat gorlarynyň göwrümi uly bolmadyk birönümli gatlakly Tejen gazkondensat käninde synag üçin çuňlugy 5000 m bolan 1-nji guýy 177 mm ulanyş sütünini goýbermek üçin diametri 216 mm doloto bilen gazylýar we 177 mm ulanyş sütüniniň ýerine 168 mm ulanyş sütüni oturdylýar. Onuň içine bolsa gaz çykarmak üçin 114 mm nasos-kompressor turbalary goýberilen. Şeýlelik bilen, geçirilen synag işleri guýy gazylanda ulanylýan dolotonyň diametrini üýtgetmän, guýa 177 mm ulanyş sütüniniň ýerine
168 mm sütün oturdylany üçin guýynyň gaz berijilik ukybynyň üýtgemeýändigi nazary taýdan we geçirilen önümçilik-synag işleri bilen tassyk edilenden soň, Tejende synag üçin gazylan guýynyň konstruksiýasy Şatlyk käninde ulanyş guýularynyň ählisi gazylanda ulanyldy.
Mundan başga-da, Şatlyk gazkondensat käninde, öňki SSSR-de ilkinji bolup, gazy toplumlaýyn taýýarlaýan desgalar (GTTD) bölekleýin usulda gurlup başlandy. Bu ýerde her bir bölekde 5 sany tehnologik hatar bolup, olaryň her birine 5-6 sany ulanyş guýulary çatyldy. Her hatarda separator — ýylylyk alyşýan enjam oturdylyp, hatarlaryň her birinde ýylda 1,0 milliard kub metr, bölek boýunça bolsa jemi 5,0 milliard kub metr tebigy gaz taýýarlanyp, sarp edijilere iberildi. Şatlyk gazkondensat käninde şeýle bölekleýin usulda 8 sany GTTD-ler guruldy we olaryň bir ýyldaky gazy taýýarlamakdaky jemi kuwwatlyklary 40,0 milliard kub metre ýetirildi. Toplumlaýyn usulda gaz känlerini özleşdirmekligiň material-tehniki taýdan döwlete uly bähbit getirenligi üçin türkmen gazçylarynyň has tapawutlananlary ylym we tehnika babatynda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy.
Munuň ýene-de bir mysaly hökmünde Şatlyk täsin gaz känini açandygy, Garagum sährasynyň şertlerinde ýokary netijeli gözleg işleri we özleşdirmäge çaltlandyrylan taýýarlyk işleri üçin nebitçi, gazçy we geolog alymlaryň bir toparynyň — B.Atdaýewiň, M.Aşyrmämmedowyň, W.W.Denisewiçiň, W.Ý.Sokolowyň, A.P.Ýumaşewiň, A.Durdyýewiň, I.W.Wasilýewiň, G.N.Kalmykowyň, B.W.Semenowiçiň, D.N.Milşteýniň, G.N.Amurskiniň 1974-nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýragynyň laureaty diýen belent ada mynasyp bolandygyny görkezmek bolar.
1975-nji ýylda Şatlyk gazkondensat käniniň birinji nobatdakysynyň kuwwatlyklarynyň we Şatlyk — Hywa magistral gaz geçirijisiniň gurluşygynda we özleşdirilmeginde has tapawutlanan işçileriň, inžener-tehniki işgärleriň hem-de gullukçylaryň uly topary SSSR-iň ordenleri we medallary bilen sylaglanyldy.
Ulanyş işleri geçirilýän gaz we gazkondensat känlerinden çykarylýan gaz turbageçirijileriň üsti bilen sarp edijilere ýetirilmezinden öň çuňňur taýýarlaýyş işleri geçirilýär. Gaz ilkinji taýýarlyk işleri geçirilende, mehaniki garyndylardan we çyglylykdan arassalanylandan soň sarp edijilere ugradylýar, uglewodorod gazlarynyň agyr bölekleri suwuk çig mal görnüşinde (gaz kondensaty) nebiti gaýtadan işleýän zawodlara iberilýär. Sarp edijilere iberilýän tebigy gaz tehnikanyň iň soňky gazananlary ulanylyp taýýarlanylýar. Gaz känlerinde ulanyşyň başlangyç tapgyrynda gazy arassalamak we guratmak işleri, gazyň tebigy basyşyny ulanmak arkaly, pes temperaturaly separasiýa usulyny ulanmak bilen alnyp barylýar. Ulanyşyň ikinji tapgyrynda, haçan-da gazyň öz basyşynyň gazy sowatmak usulyny ulanmaklyga ýeterlik bolmadyk wagtynda, emeli ýol bilen sowuk döredýän sowadyjy enjamlaryň hasabyna tebigy gaz suwuklyklardan (çygdan we gaz kondensatyndan) arassalanylýar.
Şeýlelikde, «Türkmengazsenagat» önümçilik birleşiginiň döredilen ýyly bolan 1966-njy ýyldan 1976-njy ýyla çenli ýurdumyzda gaz çykarylyşynyň her ýylky ösüşini häsiýetlendirýän tablisa seredeliň (million kub metr hasabyndan): 1966-njy ýyl — 51; 1967-nji ýyl — 926; 1968-nji ýyl — 3536; 1969-njy ýyl — 6426; 1970-nji ýyl — 11234; 1971-nji ýyl — 15833; 1972-nji ýyl — 22712; 1973-nji ýyl — 27139; 1974-nji ýyl — 37169; 1975-nji ýyl — 46856; 1976-njy ýyl — 55507. (Bellik: görkezilen sanlar ýyllyk statistik hasabatda berilýän maglumatlardan alyndy).
Çaltlandyrylan usullary önümçilige ornaşdyrmagyň netijesinde gazçylar gaz çykarmagyň möçberini, takmynan, 109 esse artdyrmagy gazandylar. Munuň özi gysga wagtyň içinde, ýagny on ýylyň dowamynda gazanylan ösüşdir. Diýmek, bu üstünligiň gazanylmagy «Türkmengazsenagat» önümçilik birleşigi döredilende onuň esasynyň örän mäkäm tutulandygynyň netijesidir. Bu üstünlikleriň netijesinde Türkmenistan diňe bir bol pagtasy, nebiti, halysy ýa-da ahalteke atlary bilen dünýäde belli bolman, eýsem, gaz çykarmakda-da öňki SSSR-de RSFSR-den soňra ikinji ýeri eýeläp, baý gaz we kondensat ýatakly ýerleriniň bardygy bilen hem dünýä meşhur boldy.
Oraznazar HEŞDEKOW,
Ussatnews.com.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.