Habarlar

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi

https://ussatnews.com/storage/posts/820/original-1603b213b7d58e.jpeg

  “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2021-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.

Başga habarlar
16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.

16adf6771e1c13.jpeg
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.


16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.