Habarlar

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna baýramçylyk dabaralary geçiriler

https://ussatnews.com/storage/posts/831/original-1603e4ddbd0676.jpeg

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny baýram etmegiň çäklerinde baýramçylyk dabaralary geçiriler. Şanly senä gabatlanylyp ýörite wideoşekilleri, dokumental we çeper filmleri döretmek hem-de teleradioýaýlymlarda gepleşikler tapgyryny guramak, dürli maksatly täze desgalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga bermek, “Ak şäherim - Aşgabat” atly ХХ köpugurly halkara sergisi, sungat ussatlarynyň çykyşlary, sergiler, döredijilik bäsleşikleri, forumlar, sport ýaryşlary, at çapyşyklary we beýleki çäreler guramak göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli welaýatlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň guralmagy bu senäniň ähmiýetini artdyrar. 

Şanly senäniň öň ýanynda, paýtagtymyzy ösdürmäge köp ýyllaryň dowamynda halal zähmeti bilen uly goşant goşan işgärlere, hünärmenlere döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy ýokary derejede geçiriler.

Soňky ýyllarda ak mermerli Aşgabadyň iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertleri özünde jemleýän şäher hökmünde belent abraýa eýe bolandygy nazara alnyp, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli giňden guraljak dabaralar her birimiziň ýatda galyjy pursatlara beslener.

Ussat news

Başga habarlar
16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.

16adf6771e1c13.jpeg
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.


16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.