Türkmenistanyň halk artisti Almagül NAZAROWA
20:34 04.03.2021

Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan aýdymçy zenan, dessançy bagşy Almagül Nazarowa bilen söhbetdeş bolup, onuň sungat ýoly barada beren täsirli gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.
— Almagül bagşy, geçen ýyl hünär baýramçylygyňyzyň toýlanýan günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna — «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolgyňyz.
— Sag boluň. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda, Medeniýet hepdeliginiň gadymy Daşoguz topragynda uly dabara bilen geçirilen günlerinde, medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmagyň ykbal paýyma düşenligi üçin özümi dünýäde iň bagtly zenanlaryň biri hasaplaýaryn. Hormatly Prezidentimize Şa serpaýy üçin ähli maşgala agzalarymyzyň hoşallygynyň çägi ýok. Mähriban Arkadagymyzyň hut özi bize her bir işde, aýdym-saz, şygryýet hem-de döredijilik bilen meşgullanmakda görelde mekdebi, nusgalyk halypa.
— Almagül, ynsan durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlar bolýar. Şa serpaýyny alan pursadyňyz sizem buýsançly duýgulary başdan geçiren bolsaňyz gerek?
— Otuz sekiz ýaşda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada eýe bolmagy özüm üçin uly mertebe, Gahryman Arkadagymyzyň bize bildiren ynamyny ödemekde uly borç hasaplaýaryn.
Şeýle bagtyýar duýgulary 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolanymda, şeýle hem 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ada eýe bolan günüm başymdan geçiripdim.
— Siz ata kesbiniň halaldygyny subut eden sungat ussatlarynyň biri. Aýdymly dünýä ilkinji gadam goýşuňyz barada bilmek okyjylarymyz üçin gyzykly bolsa gerek.
— Çagalykda öýümizde hemişe şirin owazly aýdym-sazyň, dutar-gyjagyň sesi ýaňlanar durardy. Görogly etrabynda ýerleşýän obamyzdaky 37-nji orta mekdepde okan döwrümde aýdym-saza höwes edip başladym. Kakam — Türkmenistanyň halk bagşysy Kakabaý Nazarow aýdym aýtmagyň we saz çalmagyň inçe tilsimlerini öwredip başlady. Şeýlelikde, meniň ilkinji çykyşlarym mekdep sahnasyndan ýola düşdi. Ilki-ilkiler bagtyýar çagalyk we ýaşlyk ýyllaryny wasp edýän aýdymlary aýdan bolsam, soň «Bagty han», «Çagdyr bu çaglar» ýaly halk aýdymlaryny aýtmagy öwrendim.
Kakam maňa: «Aýal maşgala üçin orta çykyp, aýdym aýtmak ýeňil-ýelpaý iş däldir. Sen artist hem ussat bagşy bolup, diňleýjini özüňe çekmeli bolarsyň, şonda aljyramagyn! Daşoguz topragynda toýda orta çykyp, märeke sowmak üçin hökmany ýagdaýda dessan aýtmaly bolarsyň. Dessan bilmeseň, tirme aýdymlar bilen halkyň göwnüni awlamak başartmaz. Şonuň üçin hem men saňa dessan öwretjek, gyzym!» diýip, maňa «Nejep oglan», «Ýusup-Ahmet», «Hüýrlukga-Hemra», «Saýatly-Hemra» dessanlaryny we «Görogly» şadessanynyň birnäçe şahalaryny öwretdi. Häzirki döwürde bolsa bu dessanlary üstüni döwrümizi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýaň salýan işleriniň waspyny ýetirýän bagtyýarlyk dessany bilen baýlaşdyryp, baýramçylyklarda ýerine ýetirip gelýän.
Bagtyýarlyk eýýamynda ata Watanymyzyň ösüşleriniň waspyna döreden «Watanym», «Alkyş size, şöhrat size, Arkadag» hem-de «Toýly döwran gelipdir» aýdymlarym baýramçylyklarda belentden-belent ýaňlanyp dur.
— Almagül, maşgalada zenanlarymyzyň aladasy özüne ýetik. Siziň bagşy bolup, sungat ýoluny saýlap almagyňyza ýanýoldaşyňyzyň garaýşyny biläýsek!
— Bu meselede özümi bagtly zenanlaryň biri hasap edip bilerin. Çünki ýanýoldaşym Arslan Kakabaýew sungat işgäri bolup, her pursatda ýakyn maslahatçym. Ol Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebini tamamlanyndan bäri Görogly etrabyndaky çagalar sungat mekdebinde mugallym bolup işläp gelýär. Biz bir-biregi goldap we düşünişip, bagtyýar durmuşda ýaşaýarys. Maşgalamyzda iki oglumyz, bir gyzymyz bar. Olar hem ýaşlygyna garamazdan, aýdym-saza höwesek.
— Sungat adamy hemişe gözlegde bolmaly. Geljekki döredijilik meýilleriňizi paýlaşaýsaňyz?
— Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýyny täze aýdymlardyr bagtyýarlyk dessanyndan parçalary ýerine ýetirmek bilen garşy almak — biziň baş maksadymyz. Nesip bolsa, bu baýramçylyga taýýarlaýan toý sowgatlarymyz mähriban Arkadagymyzyň hem-de halkymyzyň göwnünden turar diýip, biz — welaýatyň ähli bagşy-sazandalary uly umyt edýäris.
— Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli rowaç işleriniň waspyny ýetirmekde owazyňyz mundan beýläk hem belentden-belent ýaňlanyp dursun.
— Sag boluň!
Söhbetdeş bolan Dädebaý NARTYÝEW,
USSAT NEWS.

Türkmenistanyň halk artisti Atageldi GARÝAGDYÝEW
Hemmemiziň ýadymyzda Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde “ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY” atly döwletara baýragyna mynasyp bolan adamlary sylaglamak dabarasy. Bu ýokary sylaga ilkinji gezek ýurdumyzyň wekili — Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory Atageldi GARÝAGDYÝEW mynasyp boldy.

Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA
Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA bilen bolan söhbetdeşligimiz uzaga çekdi. Çünki sungata ýüregi bilen berlen adamda saýlap alan käri barada aýdara zat köp bolýar, sungat bolsa uç-gyraksyz täsirli dünýä. Şol täsirler seni özüne bendi edip, duýguly dünýä sary alyp gidýär.

Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi ÇARYÝEW
Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly Pyragy ýubileý medalynyň eýesi Kakageldi ÇARYÝEWIŇ ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda, şanly toý-baýramlarda mylaýymdan ýakymly ses bilen ýerine ýetirýän aýdymlary kalplara aralaşyp, her bir adama ruhy lezzet berýär.

Türkmenistanyň halk artisti Suhan ORAZBERDIÝEW
Biziň gürrüňini etjek bolýan aýdymçymyz özüniň zehini, başarnygy bilen sungat ýolunda abraý gazanmagy başaran aýdymçylaryň biri Türkmenistanyň halk artisti Suhan ORAZBERDIÝEWDIR. Ol owazlar dünýäsinde ýaşaýar, onuň «Arkadag», «Türkmenistan», «Ak şäherim Aşgabat», «Gumly gelin», «Ýüregimde adyň bar» ýaly aýdymlary diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy. Biz elektron gazetimiziň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, zehinli aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenko (Arhiwden alynan söhbetdeşligimiz)
Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde guralan belli «Sýabry» belarus toparynyň konserti uly üstünlige beslendi. Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenkonyň ýolbaşçylygyndaky belli döredijilik topary iki sagadyň dowamynda dünýäde diňleýjileriň millionlarçasynyň kalbyna siňen heňleri we öz täze aýdymlary ýerine ýetirdi.