Türkmenistanyň halk artisti Suhan ORAZBERDIÝEWDIR

23:15 05.03.2021 252

https://ussatnews.com/storage/posts/851/original-16042753c232d2.jpeg

Biziň gürrüňini etjek bolýan aýdymçymyz özüniň zehini, başarnygy bilen sungat ýolunda abraý gazanmagy başaran aýdymçylaryň biri Türkmenistanyň halk artisti Suhan ORAZBERDIÝEWDIR. Ol owazlar dünýäsinde ýaşaýar, onuň «Arkadag», «Türkmenistan», «Ak şäherim Aşgabat», «Gumly gelin», «Ýüregimde adyň bar» ýaly aýdymlary diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy. Biz elektron gazetimiziň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, zehinli aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

— Suhan, sungat älemindäki başlangyç ädimleriňiz hakdaky gürrüň bilen söhbedimizi başlaýeli?!

— Men çagalykdan aýdym aýtmagy gowy görerdim. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Sakarçäge» daýhan birleşiginde eneden doglup, şol ýerdäki 5-nji orta mekdebi tamamladym. 4-nji synpda okaýan döwrüm sungat mekdebine gatnap, dutar çalmagyň inçe ýollaryny öwrenip başladym. Soňra 1995-nji ýylda häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamladym. Maşgalamyz sungata sarpa goýýar. Atam Orazberdi aga tüýdük çalardy. Kakam Nurberdi aga obada adygan lukmandy, ol aýdym-sazy üýtgeşik gowy görýärdi. Biz maşgalada alty dogan — iki gyz, dört oglan bolup ulaldyk.

— Suhan, siz teatr sahnasynda-da birnäçe keşpleri janlandyrdyňyz.

— Teatr sahnasynda «Saýatly-Hemra» atly spektaklda baş keşbi janlandyrdym. Bu oýun Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylan ilkinji eser bolup, oňa ençeme zehinli aýdymçylar çagyrylypdy. Dogrusy, artist hökmünde teatr sahnasyna çykmaga birbada ýaýdanypdymam, ýöne sungata bolan yhlasym meni bu keşbiň ynandyryjy bolup çykmagy üçin bar yhlasymy bagyşlamaga ruhlandyrdy.

— Aýdym-saz sungatynda halypalaryň hyzmatynyň döredijiligiňize eden täsiri dogrusynda gürrüň beräýseňiz?!

— Aýdym-saz sungatynyň ägirtleri Sahy Jepbar, Mylly Täçmyrat, Gurt Ýakup, Orazgeldi Ylýasow ýaly halypalaryň aýdymlaryny diňlänimde, her gezek üýtgeşik taraplary açylýar. Rejep Rejepow, Atageldi Garýagdyýew, Akmyrat Çaryýew dagynyň sungat ýoluna girişmegime uly täsiri bar. Halypamyz Gurban Gummanow bilen bile işleşmek nesip etdi.

— Daşary ýurtlara saparlaryňyzyň has ýatda galany haýsylar?!

— Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalary bilen daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. 2009-njy ýylda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde iş saparynda bolanymyzda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň halk artisti Babamyrat Hamdamow aýdymlarymy diňläp, ak pata beripdi. Bu meniň üçin has ýakymly boldy.

— Siz Özbegistanda «Mukam» bäsleşigi geçirilende hem çeküwli aýdymlary ýerine ýetirdiňiz...

— Hawa, goňşy döwletde geçen bu bäsleşige 70-den gowrak ýurtdan aýdymçylar gatnaşdy. «Mukam» bäsleşiginde aýdymlar çemenini ýerine ýetiripdim. «Balsaýat» çeküwli aýdymy hem iň soňunda ýerine ýetirip, diňleýjileriň söýgüsini gazanyp, ýeňiji bolmak bagty nesip etdi.

— Suhan, siz ýaş zehinlerimizi ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň emin agzalarynyň biri. Ýaş aýdymçylara maslahatlaryňyzam aýdaýsaňyz!

— Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda dürli bäsleşikler geçirilýär. Şol bäsleşiklerde ýurdumyzyň dürli künjeginden zehinli ýaşlarymyz ýüze çykarylýar. Olara hemişe halypa bagşylary diňlemegi maslahat berýärin. Meniň özümem 1998-nji ýylda bu bäsleşikde ýeňiji bolupdym.

— Gowy görüp diňleýän aýdymçylaryňyz kimler?

— Halypalaryň aýdymlary bize durmuş mekdebi. Halypam Bally Hajyýewiň aýdan aýdymlaryny ýazgyda diňläp hezil edýärin.

— Okyjylarymyzy maşgala durmuşyňyz hem gyzyklandyrýan bolsa gerek?!

— Maşgalam sungat dünýäme üýtgeşik mähir çaýýar. Gelnim Dünýä bilen 4 perzendimize, 1 agtyjagymyza guwanyp, olary ilhalar adamlar edip ýetişdirmekde yhlas edýäris. Gyzym Nowça agtygym Halyly mähir-söýgüsi bilen gurşap otyr. üç oglum bar. Uly oglum Sanjar, ortanjy Derkar we körpäm Şükür.

— Üstünlige kim irginsiz yhlas-zähmet bilen, kim zehin bilen ýetmeli diýýär. Siziň pikiriňiz?!

— Berlen zehini taplamak üçin zähmetsöýerligem, yhlas hem zerur. Nesibäňde aýdymçy bolmak bar bolsa, tutanýerlilik bilen zähmet çekseň üstünlik hemraň bolar.

— Geljekdäki maksatlaryňyz...

— Aýdym aýtmakda-da, saz çalmakda-da Gahryman Arkadagymyzyň özi bize görelde mekdebi. Gün-günden gözelleşýän Watanymyza, bagtly durmuşymyza guwanyp ajaýyp aýdymlary döretmegi baş maksat edinýärin. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygymyza bagyşlap, halypamyz, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly aýdymy şekile geçirip, halkymyza ýetirdik. Geljekde-de Watanymyzyň ösüşlerini öz aýdym-sazlarymyz bilen wasp ederis. Bagtyýarlyk ýar bolan ilimizde bagşylaryň owazy belentden ýaňlanyp dursun! Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli ähli tutumlary rowaç alsyn!

— Suhan, size sungat äleminde mundan beýläk hem döredijilik üstünlikleri ýar bolsun, ajaýyp aýdymlaryňyzyň owazy has-da belentden ýaňlansyn!

Ýazgül ANNAÝEWA,

                 USSAT NEWS.

Başga makalalar
15fd25aeecb68f.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül APBASOWA

Türkmen teatr sungaty diýlende, ilki bilen kalbyňda hemişelik orun tutan halypa artistleriň keşpleri birin-birin göz öňüňden geçýär.


15fd9c5c407b85.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat SÖÝÜNOW

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde sungat ussatlarynyň ençemesi döredijilikli zähmet çekýär. Merkeziň halk saz gurallary ansamblynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat SÖÝÜNOW hem şolaryň biridir. Biz ýakynda bu halypa sazanda bilen duşuşyp, onuň bilen söhbetdeş bolduk.


15fd6342678cf6.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun HOJAKOWA

Mahmal owazly aýdymçyny diňläniňde, durna gözli çeşmeleriň şirinden-şirin şildireýşi ýadyňa düşýär. Çeşmeleriň her bir gaýany ýuwup-ýylmap, gatbar-gatbar daşlary yzarlap zemin sary atygsaýşy ýaly, aýdymçynyň jadylaýjy mukamy hem on iki süňňüňi elendirip, kalbyňy heýjana salýar.


15ff6f45616e92.jpeg
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Nurgözel GOZLYÝEWA

Çeper döredijilikde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan zehinli şahyrlarymyzyň biri Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, «Gaýrat» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi, ýazan goşgularynyň tas ählisi diýen ýaly aýdyma öwrülen, Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň ýanyndaky Teatr studiýasynyň režissýory bolup zähmet çekýän Nurgözel Gozlyýewadyr.


15fce3cc135d3a.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat ÇARYÝEW

Zehinini sungata siňdirip, diňleýjileriň söýgüsine mynasyp bolan halypa, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Akmyrat ÇARYÝEW bilen bolan söhbetdeşlikde onuň ýüreginden çykýan joşgunly sözleri köňlüňe mylaýymlyk bagyş edýär.