Aýdym-sazy bilen ynsan kalbyna şatlyk paýlaýan Mekan NARGULYÝEW
Halkymyz «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýip, aýdym-saz, sungat ussatlaryna uly hormat goýýar. Garaşsyz Watanymyzda bagşy-sazandalar ajaýyp aýdymlarynda eziz Diýarymyzy, Gahryman Arkadagly bagtyýar döwrümizi wasp edýärler. Şeýle aýdymçylaryň biri hem Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Mekan Nargulyýewdir. Onuň «Arkadag», «Nurana aý», «Ene ýüregi», «Ilsoltan» ýaly aýdymlary il içinde uly höwes bilen diňlenilýär. Biz hem zehinli aýdymçy bilen ussatnews.com elektron gazetiniň okyjylary üçin söhbetdeşlik guradyk.
— Mekan söhbedimiziň başyny aýdym-saz sungatyna gelşiňiz baradaky gürrüň bilen başlaýalyň!
— Baş üstüne! Men Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda doglup, Ak bugdaý etrabynyň Parahat daýhan birleşigindäki 12-nji orta mekdebi tamamladym. Çagalykdan halypalaryň aýdymlaryny diňlemegi halardym. Ejemiň daýysy Girman bagşynyň aýdymlaryny gulaga öwrülip diňleýärdim. Kakamyň dogany, sazanda Geldi Ataýewiň sazlarynyň aşygydym. Aýdym-saz dünýäsine imrinmegime deň-duşlarym Guwanç Baýramowdyr Röwşen Berdiýewiň hem uly yhlasy bar. Olar meniň aýdymçy bolup ýetişmegime ynam bildirdiler. Şeýdibem bu sungatyň syrly dünýäsine imrinip gitdim.
— Aýdym-saz sungatynda halypalaryň ýoly ýaşlara uly mekdep bolup durýar.
— Hawa, dogry bellediňiz. Halypam Kakadurdy aga şeýle diýipdi: «Halypamyz Öwezgeldi Tekäýewiň aýdymlaryny ýerine ýetirenimde özüm bolmaga — Kakadurdy bolmaga çalyşdym. Inim, sen şu wagt «Ilsoltan» aýdymyny ýerine ýetirdiň. Bu aýdym meniň ýerine ýetiren aýdymym bolsa-da, sen ony Kakadurdy bolup däl-de, Mekan bolup aýtdyň. Şeýdilende täze şaha ösüp, boý alýar».
— Ine, şol şahadanam halypa-şägirtlik ýoly dowam edýär-dä.
— Hawa, şägirt halypasynyň iň kiçijik hereketinem, aýdym aýdyş tilsiminem ünsden düşürmeli däl. Halypalarymyzyň bize bildirýän ynamyny ödemekde öz başarnygymy gaýgyrmaryn.
— Her bir aýdymçynyň öz ýoly, äheňi bolýar.
— Dogry bellediňiz. Türkmenistanyň halk artisti, halypam Kakadurdy Täjimowyň, Jumamyrat Gylyjowyň aýdym aýdyş äheňinde aýtmaga çalyşýan. Halypalarymyň döreden aýdymlarynyň owadan dünýäsine özümi atýaryn-da, şirin owazlara maýyl bolýan. Olaryň öwüt-ündewlerini diňläp has-da kämilleşýän.
— Mekan, gowy görüp diňleýän aýdymçylaryňyz kimler?
— Halypa bagşylarymyzdan Öwezgeldi Tekäýewiň, Atabaý Çarygulyýewiň aýdymlaryny lezzet alyp diňleýän.
— Medeni-işewürlik merkezindäki işleriňiz dogrusyndaky söhbet bilen gürrüňimizi dowam edäýeliň!
— Watanymyzyň toý-baýramlar bilen joşýan günlerinde il-günümiziň köňlüne şatlyk paýlamak üçin biz hem sungat işgärleri bolup, öz goşandymyzy goşýarys. Ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda döredijilik saparynda bolup, nebitgaz ulgamynda zähmet çekýän nebitçilerimiziň we gazçylarymyzyň armasyny ýetirip, Watanymyzy wasp edýän aýdymdyr sazlarymyz bilen çykyş edýäris.
— Diňleýjileriň ynamyny gazanmak üçin näme etmeli?
— Halkyň içinde bolmaly, aýdymlaryň, owazyň bilen olaryň ýüreginden, kalbyndan ýer almaly. Ony gazanmak üçin hem irginsiz işlemeli bolýar.
— Üstünlige nähili garaýarsyňyz?
— Hemişe öwrenip gezmek üstünlige eltýän ýoldur. Şonuň üçinem elmydama halypalary diňläp, olardan näme-de bolsa bir zat öwrenmegi maksat edinýän. Men ozal belli halypalardan: «Üstünlik togsan dokuz göterim zähmetden, bir göterim hem zehinden durýar» diýip eşidipdim. Şu aýtgyny özüme ýol-ýörelge edinýän.
— Boş wagtyňyz näme bilen meşgullanýaňyz?
— Ir säherde açyk howada gezim etmegi halaýan. Şeýle-de welosiped sürmekden lezzet alýan. Tarda, gitarada saz çalyp, aýdyma hiňlenmek ylhamyma ylham goşýar.
— Mekan, sungat adamsyna kämilleşmek üçin maşgalanyň goldawy zerur bolsa gerek?!
— Elbetde. Her bir gazanýan üstünligimde ejemdir kakamyň mynasyp paýy bar. Bagtly, döwletli, agzybir maşgalamyzda 5 dogan — 2 oglan, 3 gyz bolup ulaldyk. Meniň aýdymlarymyň ilkinji diňleýjileri maşgala agzalarym.
— Geljekde öňde goýýan maksadyň barada aýdaýsaň!
— Aýdym-saz ynsan kalbyna şatlyk paýlaýar. Bagtyýar ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini ajaýyp aýdymlarym bilen wasp etmek baş maksadym. Biz — bagtyýar ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ähli arzuwlaryň hasyl bolýan bagtly döwründe ýaşaýarys. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň toýlary toýa ulaşýar. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli ähli tutumlary rowaç bolsun!
— Söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň! Maksatlaryňyz myrat tapsyn! Abadan, asuda Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň, eziz Watanymyzyň waspyny ýetirýän aýdymlaryňyz hemişe ýaňlansyn dursun!
— Sag boluň.
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.