Makalalar

Azat DÖNMEZOW jigisi Kuwwat bilen täze aýdymlaryň üstünde işleýärler

https://ussatnews.com/storage/posts/897/original-160539c025ab95.jpeg

2019-njy ýylda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde her ýyl ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda yglan edýän «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» bäsleşiginiň eminleriniň gelen netijesinde, şeýle-de ildeşlerimiziň ýollan SMS-habarnamalarynyň esasynda Azat DÖNMEZOW «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» diýen adyň eýesi bolmagy başardy. Biz hem Azat bilen söhbetdeşligimizi şol gazanan üstünliginen başlamagy makul bildik.

— Azat, saňa «Ýylyň parlak ýyldyzy— 2019» bäsleşiginde ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi.

— Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürjek ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde ýeňiji bolmak — ýaş aýdymçylaryň baş arzuwy. Bu bäsleşigiň baş baýragyna, ýagny göçme Kubogyna mynasyp bolmak bagty maňada 2019 ýylda miýesser etdi. Ýaşlar üçin sungat äleminde giň ýoly açýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn.

— Çagalyk ýyllary, mekdep döwrüň, ilkinji gezek sahna çykmagyň seniň häzirki gazanan üstünligiň sakasynda duran başlangyçlar bolsa gerek.

— 2009-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 16-njy orta mekdebini tamamladym. Aýdym aýtmak höwesim çagalykda döredi, dokuz ýaşymda çagalaryň arasynda geçirilýän sungat bäsleşiklere gatnaşyp başladym. Ilkinji gezek «Watanym» diýen aýdymy ýerine ýetirdim. Bu aýdymym maňa «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşikde uly üstünlik getirdi. 2005-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragy bilen sylaglandym.

Arkadagly ýurdumyzda ýyllar biri-birinden zyýada gelýär. 2015-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bagtyýar talyby boldum. Şol ýyl hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.

— Saňa üstünlik getiren aýdymlaryň barada hem belläp geçäýseň.

— «Elimden tut», «Saňa, söýgülim», «Ezizim» «Göresim gelýär», «Dag göwher», «Söýgi», «Zyýada», «Asman saňa», «Arkadagly Watan», «Söýeliň», «Aýlanaly Aşgabada» ýaly dürli ýyllarda döreden aýdymlarym diňleýjileriň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Elbetde, bu meniň üçin uly mertebe.

— Aýdymyň şowly çykmagynda sözleriniň, sazynyň hem-de owazynyň jüpüne düşmegi gerek diýýärler. Bu babatda pikiriň nähili?

— Aýdym döretmekde köplenç halypa bagşylarymyz bilen maslahatlaşýaryn. Döredijilik dünýäsine içgin aralaşdygyňça, kalbyňda täze eserler döreýär. Ýerine ýetirýän aýdymlarymyň aglabasynyň sözlerini hem-de sazyny özüm döretdim. «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» bäsleşiginde «Diňle, Aýym» atly aýdymy ýerine ýetirdim. Bu aýdymyň sözleri şahyr Annameret Gurbanowyňky, sazyny bolsa özüm ýazdym.

— Sen daşary ýurt dillerinde hem aýdym aýdýarsyň. Gaýry dillerde aýdym aýtmak kyn düşmeýärmi?!

— Gahryman Arkadagymyz ýaş nesillerimiziň daşary ýurt dillerini içgin öwrenmeklerini sargyt edýär. Men hem şu günki güne çenli türk, arap, rus dillerinde birnäçe aýdymlary diňleýjilerime ýetirdim. Nesip bolsa, geljekde has-da kämilleşip, daşary ýurt dillerindäki täze aýdymlaryň üstünde işläp halk köpçüligine ýetireris diýip ynandyrýaryn.

— Syn edýäs welin, soňky wagtlarda halk aýdymlaryny aýtmaga hem ýykgyn edýärsiň...

— Özüm halk aýdymlaryny diňlemegi gowy görýärin. Halypa bagşylarymyz Sahy Jepbarowyň, Orazgeldi Ylýasowyň, Ödenýaz Nobatowyň, Atabaý Çarygulyýewiň ýerine ýetirmeginde miras galan aýdymlary ýaşulularymyzyň ýanynda ýerine ýetirenimde, halypalar öz maslahatlaryny berýärler. Bu bolsa, kämilleşmäge ýardam edýär. Golaýda «Leýla», «Leýli geregim», «Bolmasa», «Dogrusy», «Aýrylsa», «Ýazgül», «Aýbibi» ýaly halk aýdymlaryndan ybarat ýazgymy diňleýjilere ýetirdim.

— Boş wagtlaryňy nähili geçirýärsiň?

— Boş wagtlarym, esasan, jigim Kuwwat bilen täze sazlaryň, goşgularyň üstünde işleýäris. Maşgalamyzda jigim Kuwwat hem aýdym-saza ýykgyn edýär.

Gözel paýtagtymyza gezelenç etmegi, Köpetdagyň eteginde welosipedli gezim etmegi, sport toplumlarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegi halaýaryn.

Sungat işgärleriniň döredijilikli zähmetine ýokary baha berýän, ýaşlary goldaýan we olara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Geljekde-de mähriban Watanymyzy, eziz Arkadagymyzyň asylly işlerini wasp edýän aýdymlary döredip, has-da döredijilikli işlejekdigime ynandyrasym gelýär.

— Azat, saňa sungat äleminde hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!

Söhbetdeş bolan

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,

                                                     žurnalist.

Başga makalalar
16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.


16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.

16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.


169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.