Parahatçylyk we asudalyk dünýä ýüzünde dabaralanýar
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2021-nji ýyl “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edildi. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen ykrar edilen bu şygar halkymyzdan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de döwlet edaralaryndan gelen köp sanly teklipleri esasynda öňe sürüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde “2021-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip Kararnama kabul edildi. Bu bolsa ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belentdediginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
2021-nji ýylyň şygarynda Türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň, asyllylyk ýörelgeleriniň hem-de ýurdumyzyň oňyn ösüşlere we ählumumy parahatçylyga milli taryhy-medeni gymmatlyklara ygrarlydygynyň öz beýanyny tapýandygyny belläp geçmek zerur. 2021-nji ýylyň şygaryny alamatlandyrýan şekilde bolsa belentliklere tarap ynamly gadam basýan ýurdumyzyň abadançylygynyň parahatsöýüjiligiň özboluşly nyşany bolan parahatçylygy aňladýan ak kepderi, hemişe gök öwüsýän Türkmen arçasy we bugdaý sünbüli bezeýär hem-de ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli ugurlary we halkara hyzmatdaşlygynda wajyp meselelerini çözmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik ornuny aýratyn görkezýär.
Parahatçylyk hoşniýetlilik, dostluk gatnaşyklary halkymyzyň öňden gelýän asylly ýörelgeleridir. Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklarynyň çuňňur taryhy kökleri bardyr. Ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasaty hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynda 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda eden çykyşynda şeýle belläp geçýär: “Türkmenistan döwleti öz içerki durmuşynda parahatçylyk söýüjülik, jemgyýetde agzybirlik, sabyrly garaýyşlara eýermek we ynsanperwerlik kadalaryny yglan edýär we durmuşa geçirýär. Şol düşünjeleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarynda hem netijeli ulanýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Bitaraplygy içerki döwlet gurluşynyň berk ruhy binýadyna esaslanýar. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygy türkmen halkynyň iň oňat däpleriniň özboluşly dowamydyr we aýdyň ýüze çykmasydyr”.
Hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege ýardam bermek, parahatçylygy saklamak Türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän milli ýörelgeleriniň we däpleriniň naýbaşysydyr. 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derjesinde şanly 25 ýyllygy hem uly üstünliklere beslenilip bellenilip geçildi. Aziýanyň hem-de Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan sebitde, halkara derejesinde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek bilen halkara abraýly guramalar hem-de dünýä döwletleri bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak arkaly häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynda özüniň aýratyn ornuny tutýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz maksada okgunly hem-de netijeli hoşniýetli gatnaşyklara eýerip ählumumy ähmiýetdäki möhüm meseleleri çözmäge we möhüm çözgütleri taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.
Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň öňdengörijilikli syýasaty netijesinde ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýär hem-de Türkmenistanyň alyp barýan parahat söýüjilikli we dostlukly syýasaty dünýä ýüzüne ýaň salýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da yokary galmagynda özüniň saldamly goşandyny goşýar. Ýurdumyzyň ileri tutýan daşary syýasatynyň özeni hem parahatçylyk, hoşniýetlilik we dostluk gatnaşyklarydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar hem-de 50-ä golaý halkara guramalaryň agzasy bolup durýar. Türkmenistanda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 46-sy öz işlerini alyp barýar Türkmenistanyň bolsa daşary ýurtlarda diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň 40-sy hereket edýär. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilip geçilýär. Şanly senäniň bellenilýän ýylynda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläkde pugtalandyrmak, ylym, bilim, saglygy goraýyş hem-de beýleki ugurlary ösdürmek boýunça giň möçberli meýilnamalar tassyklanyldy.
Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
Hukugy fakultetiniň talyby.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.