Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir. Şonuň üçin hem ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek, wagyz etmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Her paslyň özüne mahsus aýratynlygynyň bolşy, olaryň ynsan saglygyna täsir edijiligi hem tapawutlanýar. Güýzüň ahyrlamagy we gyş paslynyň bolsa barha golaýlamagy lukmançylykda wajyp döwür hasaplanýar. Bu döwürde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin lukmanlaryň berýän maslahatlaryny berk berjaý etmelidir.
Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmek saglygyňy goramagyň iň täsirli ýollarydyr. Şeýle-de bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän bejerijilik häsiýetli ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmek maslahat berilýär.
Ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremek, kadaly iýmitlenmek, esasan D, С we beýleki witaminlere baý önümleri iýmek, ir bilen bir bulgur gaýnadylan arassa suw içmek, öý we iş otaglarynda wagtal-wagtal penjiräni ýa-da gapyny açyp, howany täzelemek, zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmak, arassalaýyş işlerini geçirmek biziň we çagalarymyzyň saglygyny goramakda möhümdir.
Mälim bolşy ýaly, ýaşaýyş ― hereket. Hereket ýetmezçiligi, günüň köp mukdaryny oturyp geçirmek saglygyňa zeper ýetirip bilýär. Sport bilen işjeň meşgullanmaga mümkinçiligiňiz bolmadyk ýagdaýynda diňe ýöremek hem beden üçin ajaýyp maşklaryň biridir. Günüň dowamynda azyndan 5 müň ädim ýöremek maslahat berilýär. Elbetde, ilkinji günlerde ondan azrak ýörelse hem bolýar. Ýöremek sagdyn bolmagyň ýeňil we amatly usulydyr. Yzygiderli ýöremegiň netijesinde immunitet ýokarlanýar, süňkler we bogunlar berkeýär, bedendäki artykmaç ýaglar dargaýar, holesteriniň mukdary azalýar. Ylmy barlaglardan belli bolşy ýaly, ýöremek ynsan bedeniniň ähli agzalaryna oňaýly täsir edýär.
Ynsan saglygy hakyndaky alada ömrüň baş baýlygy baradaky aladadyr.
Muhammetdurdy KASYMOW,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň bölüm müdiri.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.