Makalalar

Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)

https://ussatnews.com/storage/posts/9329/original-167743b6e67be4.jpeg

Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:

— Ene, ene — diýip gygyrdy.

Öýde özünden başga adam bolmansoň, oňa jogap beren bolmady. Onsoň ol beýleki otaglara aýlanyp çykdy. Soňra penjireden seretdi. Enesiniň howluda ysmanak ýuwup oturanyny görüp daş çykdy. Sona daýza agtygyny görenden:

— Oglum, aman-sag ördüňmi? — diýip, habar gatdy.

— Hawa — diýip, agtygy nägilelik bilen jogap berdi.

Enesi:

— Näme keýpiň ýok, oglum?

— Ene, men howlymyzyň derwezesini gulplaman goýaý diýdim-ä. Aýazbaba öýümize girip bilmän, ýazan hatymy okamandyr-a — diýip, elindäki haty Sona ejä uzatdy. Sona eje:

— Hany, okap göreýin, balam — diýip, elindäki tabagyny ýerde goýup, haty okady. Soňra-da ol: «Entek Täze ýyl baýramçylygy iki hepdeläp dowam edýär. Aýlanmaly ýerleri kän bolup eli degen däldir. Aýazbaba hökman geler, oglum. Bar, sen öýe gir-de, ertirligiňi edin! — diýip, agtygyny öýe ugratdy. Özi bolsa egnindäki ýeňsiziniň jübüsinden el telefonyny çykaryp, agtygyndan ogrynça ogluna jaň etdi: «Meret jan, oglum! Işläp otyrmyň sag-aman. Begenç jan:

«Aýazbaba gelmedi öýümize. Ýazan hatymam okamandyr» diýip, nägile bolup otyr. Hatynda ýazanam dürli galam, reňkli kagyz hemem plastilin. Indi özüň bir alajyny tap-da, begendir ogluňy — diýip, jaňyny goýdy.

Soňra ol öýe girip, sagada seretdi-de:

— Begenç jan, derrew kömekleş, guzym. Ejeň-kakaň geler wagty golaýlady — diýip, saçak ýazmaga başlady. Biraz wagtdan howluda hümür-hümür ses eşidildi. Begenç ylgap, äpişgeden seretdi. Ol:

— Ene-e, kakam dagy bilen öýümize Aýazbaba gelýä, oňa seret.

— Hä, şeýlemi? Men aýtdym-a Aýazbaba hökman geler — diýip. Bolaýypdyr, oglum.

Şol wagt gapy açylýar. Oglanjygyň kakasy gapydan girişine:

— Oglum, görmändirisem, yzymyzdan Aýazbaba gelýän eken-ä — diýenden Aýazbaba:

— Begenç jany gutlamasak bolmaz-a. Düýn agşam geljekdim, ýöne uly arçalaryň ýanyndaky çagalaryň goşgularyny diňläp gijä galdym. Ondan soňam Begenç jany ukudan oýarmaýyn diýip şu güne galdym. Oglum, hatyňda dürli galam, reňkli kagyz, plastilin sargapsyň, alyp geldim — diýenden Begenç:

— Aýazbaba ýazan hatym açylmandyr-a. Nädip okap ýetişdiňiz? — diýip, bilesigelijilik bilen sowal berdi.

— Wiý, oglum, aýdýanyň näme? Jadyly taýagymy tyrkyldatdygym derrew okap bilýän. Ýogsa men seniň ýaly munça köp çagalaryň ählisiniň ýazan hatyny okap ýetişmen-ä. Maňa jadyly taýagym kömek edýär — diýip düşündirdi. Bezelen arçanyň ýanynda durup Begenjiň aýdyp beren goşgusyny, aýdymyny diňledi. Sowgadyny berdi.

— Sag bol, Aýazbaba! diýip, Begenç şeýle bir begendi.

Akgül SAPAROWA,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.


16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.

169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.